Esasy materiala geçiň

Pasha näme?

Pasha näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Pasha (Pesah) — ýehudylaryň baýramy bolup, ol b. e. öň 1513-nji ýylda Hudaýyň ysraýyllylary Müsür gulçulygyndan azat edendigi mynasybetli bellenilýär. Bu wajyp wakany Hudaý ysraýyllylara ýewreý kalendary boýunça abyp (soňra nisan diýip atlandyrylan) aýynyň 14-ne bellemegi tabşyrdy (2 Musa 12:42; 3 Musa 23:5).

«Pasha» diýmek nämäni aňladýar?

 «Pasha» sözi «pesah» diýen ýewreý sözünden alnyp, «sowlup geçmek» diýmegi aňladýar. Ol müsürlileriň ähli nowbahar ogullary öldürilende, ysraýyllylaryň nowbahar ogullarynyň halas edilendigini görkezýär (2 Musa 12:27; 13:15). Hudaý bu betbagtçylygy indirmezden öň, ysraýyllylara guzynyň ýa-da owlagyň ganyny gapynyň ikiýan we üstki söýelerine çalmagy tabşyrdy (2 Musa 12:21, 22). Hudaý gany görende, olaryň üstlerinden «sowlup geçip», öýlerine hem-de nowbahar ogullaryna betbagtçylyk indirmejekdigini aýdýar (2 Musa 12:7, 13).

Gadymy döwürde pashany nädip belleýärdiler?

 Hudaý ysraýyllylara ilkinji Pashany nädip bellemelidigini aýtdy a. Aşakda Mukaddes Kitapdan alnan onuň birnäçe aýratynlyklary getirilýär.

  •   Gurbanlyk janlysy: Abyp (nisan) aýynyň 10-na her maşgala bir ýaşar guzyny (ýa-da owlagy) saýlap, ony 14-i güni öldürmelidi. Ilkinji Pashany bellänlerinde, ysraýyllylar janlynyň ganyny gapynyň ikiýan we üstki söýelerine çalyp, özüni bolsa tutuşlygyna otda bişirip iýmelidiler (2 Musa 12:3—9).

  •   Pasha nahary: Pashany bellänlerinde, ysraýyllylar guzynyň (ýa-da owlagyň) etini hamyrmaýasyz çörek we ajy gök otlar bilen iýýärdiler (2 Musa 12:8).

  •   Bellenilişi: Pashadan soň ysraýyllylar ýedi günüň dowamynda hamyrmaýasyz çörek iýip, Petir baýramyny belleýärdiler (2 Musa 12:17—20; 2 Taryh 30:21).

  •   Tälim: Pasha döwri ene-atalar çagalaryna Ýehowa Hudaý barada gürrüň berýärdiler (2 Musa 12:25—27).

  •   Syýahat: Wagtyň geçmegi bilen, ysraýyllylar Pashany bellemek üçin Iýerusalime gidip başladylar (5 Musa 16:5—7; Luka 2:41).

  •   Başga däpler: Isa pygamberiň döwründe Pasha baýramçylygynda şerap içýärdiler we Hudaýa öwgüli aýdymlary aýdýardylar (Matta 26:19, 30; Luka 22:15—18).

Pasha baýramy baradaky ýalan düşünjeler

 Ýalan düşünje: Ysraýyllylar Pasha naharyny 15-nji nisanda iýýärdiler.

 Delil: Hudaý öz halkyna guzyny gün ýaşandan soň, ýagny 14-nji nisan güni öldürmegi we ony şol agşam iýmegi tabşyrdy (2 Musa 12:6, 8). Ysraýylda gün ýaşandan soň, täze gün başlanýardy we ol ertesi agşama çenli dowam edýärdi (3 Musa 23:32). Görşümiz ýaly, ysraýyllylar guzyny nisan aýynyň 14-i güni öldürip, şol bada hem iýýärdiler.

 Ýalan düşünje: Mesihçiler Pashany bellemeli.

 Delil: Isa pygamber b. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisanynda Pashany belläninden soňra, täze baýram, ýagny Halypamyzyň agşam naharyny girizdi (Luka 22:19, 20; 1 Korinfliler 11:20). Indi Pashanyň ýerine şu baýramçylyk bellenilmelidi, sebäbi ol «Pashalyk guzymyz bolan Mesihiň» gurban hökmünde getiren janyny ýatladýardy (1 Korinfliler 5:7). Mesihiň töleg gurbany Pasha baýramynda getirilýän gurbanlyk janlysyndan has beýik, sebäbi ol ähli adamlary günäniň we ölümiň gulçulygyndan azat edýär (Matta 20:28; Ýewreýler 9:15).

a Wagtyň geçmegi bilen, biraz üýtgeşiklik girizilmeli boldy. Meselem, ysraýyllylar ilkinji Pashany «çaltlyk bilen» bellemelidi, sebäbi olar Müsürden derrew çykmalydylar (2 Musa 12:11). Emma Wada edilen diýara girenlerinden soň, Pashany howlukmaç bellemegiň hajaty ýokdy.