Mukaddes Kitapda pornografiýa barada näme diýilýär? Internet arkaly edilýän ahlaksyzlyk günämi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda pornografiýa we Internetde arkaly edilýän ahlaksyzlyk ýaly zatlar barada anyk agzalmaýar. Ýöne onda jynsy gatnaşyga bolan nädogry garaýşy we är-aýal bolmadyk adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygy Hudaýyň ýazgarýandygy aýdylýar. Geliň, bu babatda Mukaddes Kitapdan birnäçe aýatlara seredeliň:
«Beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri... öldüriň» (Koloslylar 3:5). Pornografiýa nädogry islegleri öldürmän, gaýtam, olary oýarýar. Şeýle işler Hudaýyň gözünde hapa hasaplanýar.
«Bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam ýüreginde onuň bilen eýýäm zyna edendir» (Matta 5:28). Ahlaksyz suratlar adamda nädogry pikirleri oýaryp, ony ýaramaz işlere iterýär.
«Araňyzda ahlaksyzlygyň, her hili hapalygyň ýa-da açgözlügiň ady-da agzalmasyn» (Efesliler 5:3). Biz hatda oýun edip hem aramyzda jynsy ahlaksyzlyk barada agzamaly däl. Şeýle zatlary görmek ýa-da okamak has-da ýaramaz hasaplanýar.
«Ten işleri aýdyňdyr: olar ahlaksyzlyk, azgynlyk... we şuňa meňzeş zatlardyr. Şeýle zatlar bilen meşgullanýan adamlar Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny size öň duýduryşym ýaly, ýene-de duýdurýaryn» (Galatýalylar 5:19—21). Pornografiýa görýän, Internet we telefon arkaly ahlaksyzlyk bilen meşgullanýan adamlary Hudaý ahlak taýdan pese düşen hasaplaýar. Eger biz şeýle işleri etmegi endik edinsek, Hudaýyň razylygyndan doly mahrum bolarys.