Mukaddes Kitapda ýagşylyk etmek barada näme diýilýär?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda adamlara ak ýürekden ýagşylyk etmek, jomart bolmak maslahat berilýär. Şonda adamlaram, özümizem begenýäris (Nakyllar 11:25; Luka 6:38). Isa pygamber: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýdi (Resullar 20:35).
Nähili niýet bilen ýagşylyk etsek dogry?
Adamlara höwes bilen ýagşylyk etseň, Hudaý begenýär. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Goý, her kim göwünli-göwünsiz ýa-da mejburlyk bilen däl-de, göwnünden çykaran zadyny bersin, sebäbi Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir» (2 Korinfliler 9:7).
Adamlara ak ýürekden ýagşylyk etsek, Hudaýa-da arassa sežde edip, ony razy edýäris (Ýakup 1:27). Mätäçlere kömek edýän adam Hudaýy begendirýär. Şeýle adamy Hudaý özüne karz berýän ýaly hasaplaýar (Nakyllar 19:17). Mukaddes Kitapda: «Hudaý onuň eden ýagşylygyny gaýtarar» diýilýär (Luka 14:12—14).
Nähili niýet bilen ýagşylyk etsek nädogry?
Öz peýdaňy gözläp ýagşylyk etmeli däl. Meselem:
Göz üçin (Matta 6:2).
Yzyna bir zat almak üçin (Luka 14:12—14).
Halas bolmak üçin (Zebur 49:6, 7).
Hudaýyň ýigrenýän işlerini edýän adamlara jomart bolmaly däl. Meselem, pully kart oýnaýanlara, neşekeşlere ýa-da arakhorlara kömek etmek üçin pul bermeli däl (1 Korinfliler 6:9, 10; 2 Korinfliler 7:1). Şeýle-de ýagdaýy bolubam, işlemeýän adamlara pul berip ýagşylyk etmek nädogry (2 Selanikliler 3:10).
Maşgalaň agzyndan kesip, başgalara ýagşylyk etmeli däl. Mukaddes Kitapda ärlere, ilki bilen, maşgalasynyň aladasyny etmek maslahat berilýär (1 Timoteos 5:8). Olar maşgalasynyň aladasyny etmän başgalara ýagşylyk edip ýörse, Hudaý halamaýar. Isa-da «bar zadymy Hudaýa gurban etdim» diýip, garry ene-atasynyň aladasyny etmeýän adamlary ýazgardy (Markus 7:9—13).