Mukaddes Kitapda 1914-nji ýyl barada näme diýilýär?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapdaky wakalaryň yzygiderligi 1914-nji ýylda Hudaýyň Patyşalygynyň gökde berkarar edilendigini görkezýär. Bu barada Danyýar kitabynyň 4-nji babyndaky pygamberlikden bilse bolýar.
Pygamberlikdäki görnüş. Hudaý Wawilonyň patyşasy Nebukadnesara düýşünde depesi göge ýetip duran agaç barada görnüş berýär. Şol agaç çapylyp, ösmez ýaly «ýedi pasyl» baglanylýar. Soňra ol ýene-de täzeden ösýär (Danyýar 4:1, 10—16).
Pygamberligiň ilkinji gezek ýerine ýetişi. Bu uly agaç Nebukadnesar patyşany aňladýar (Danyýar 4:20—22). Ol göçme manyda «çapylýar», ýagny akylyndan azaşýar we ýedi ýyllap patyşalyk etmeýär (Danyýar 4:25). Ondan soň akylyna aýlanýar we Hudaý oňa patyşalygyny gaýtaryp berýär. Şeýdip, ol Hudaýyň ýeke-täk hökümdardygyny boýun alýar (Danyýar 4:34—36).
Pygamberligiň uly möçberde ýerine ýetjekdiginiň subutnamasy. Bu pygamberlik «ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünsin» diýip berlipdi (Danyýar 4:17—22). Hudaý Patyşalygyny tekepbir Nebukadnesar patyşa bermek isleýärdimi? Ýok, sebäbi Hudaý mundan öňki görnüşde ne onuň özüniň, ne-de syýasy guramalaryň şeýle hormata eýe boljakdygyny görkezipdi. Gaýtam, Hudaý «hiç wagt dargadylmajak... bir patyşalyk gurar» (Danyýar 2:31—44).
Birnäçe wagt mundan öň Hudaý öz hökümdarlygyny suratlandyrýan patyşalygy berkarar etdi. Bu gadymy Ysraýyldy. Onuň hökümdarlarynyň biwepalygy üçin, Hudaý şol patyşalygyň «weýran edilmegine» ýol berdi. Ýöne ol patyşalygyň «Höküm çykarýana» beriljekdigini aýtdy (Hyzkyl 21:25—27). Mukaddes Kitapda ebedi höküm sürjek patyşalygyň hak eýesiniň Isa Mesihdigi aýdylýar (Luka 1:30—33). Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Isa Nebukadnesar patyşadan tapawutlylykda «pesgöwünli» (Matta 11:29).
Danyýar kitabynyň 4-nji babyndaky agaç nämäni aňladýar? Mukaddes Kitapda «agaçlar» käte patyşalygy aňladýar (Hyzkyl 17:22—24; 31:2—5). Danyýar kitabynyň 4-nji babyndaky agaç baradaky pygamberligiň uly möçberde ýerine ýetmegi, Hudaýyň hökümdarlygyny suratlandyrýar.
Agajyň çapylmagy nämäni aňladýar? Agajyň çapylmagy Nebukadnesaryň patyşalygynyň we Hudaýyň patyşalygyny suratlandyrýan hökümdarlygyň togtadyljakdygyny görkezýär. Bu «Rebbiň beren tagtynda oturan» Ysraýyl patyşalarynyň we Hudaýyň wekilleriniň şäheri bolan Iýerusalimi Nebukadnesar derbi-dagyn edende ýerine ýetipdi (1 Taryh 29:23).
«Ýedi pasyl» nämäni aňladýar? Bu Hudaýyň berkarar eden Patyşalygy gelýänçä beýleki hökümdarlyklaryň ýerde hiç hili päsgelçiliksiz höküm sürmegine ýol berendigini görkezýär. Mukaddes Kitapdaky wakalara görä, «ýedi pasyl» b. e. öň 607-nji ýylyň oktýabr aýynda Iýerusalimi wawilonlylar weýran edende başlanýar a (2 Patyşalar 25:1, 8—10).
«Ýedi pasyl» näçe wagty öz içine alýar? Bu Nebukadnesar patyşa bilen bolşy ýaly, göni manyda ýedi ýyly aňlatmaýar. Isa: «Milletlere berlen wagt dolýança, başga halklar Iýerusalimi (Hudaýyň hökümdarlygyny aňladýar) depelärler» diýip, muňa jogap berdi (Luka 21:24). «Milletlere berlen wagt» ýa-da Hudaýyň halklara patyşalygyny «depelemäge» ýol beren döwri Danyýar kitabynyň 4-nji babyndaky «ýedi pasla» deňdir. Bu bolsa Isa entek ýerdekä «ýedi paslyň» dowam edendigini görkezýär.
Mukaddes Kitap «ýedi pasyl» baradaky pygamberligiň näçe wagt dowam edýändigine düşünmäge kömek edýär. Ylham kitabynda üç ýarym «döwrüň», ýagny paslyň 1 müň 260 güne deňdigi aýdylýar. Diýmek, «ýedi pasyl» 2 müň 520 güne deňdir (Ylham 12:6, 14). «Her gün üçin bir ýyl» diýen pygamberlige laýyklykda, 2 müň 520 gün 2 müň 520 ýyla deň bolýar. Netijede, «ýedi pasyl», ýagny 2 müň 520 ýyl 1914-nji ýylyň oktýabr aýynda tamamlanýar (4 Musa 14:34; Hyzkyl 4:6).
a «Ýedi paslyň» b. e. öň. 607-nji ýylda başlanandygy barada «Garawul diňi» žurnalynyň 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky «Gadymy Iýerusalim haçan weýran edildi? I bölüm» (sah. 26—31) we şol žurnalyň 1-nji noýabryndaky «Gadymy Iýerusalim haçan weýran edildi? II bölüm» (sah. 22—28) atly makalalardan jikme-jik biliň.