Mukaddes Kitap aýrylyşmagy gadagan edýärmi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Hawa, Mukaddes Kitap aýrylyşmagy gadagan edýär. Isa pygamber hem: «Biri zyna etmedik aýaly bilen aýrylyşyp, başga birine öýlense, zyna edýändir» diýip, är-aýalyň diňe bir sebäbe görä aýrylyşyp bilýändigini görkezdi (Matta 19:9).
Hudaý biwepalyk, dönüklik edip aýrylyşmaklygy ýigrenýär. Ol ýanýoldaşyny biderek ýere, esasanam, başga biri bilen maşgala gurmak üçin taşlaýan adamlardan hasabat sorar (Melek 2:13—16; Markus 10:9).