Isa haçan doguldy?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Mukaddes Kitapda Isanyň haçan doglandygy barada anyk aýdylmaýar. Muny aşakdaky deliller görkezýär:
«Isanyň haçan doglandygy näbelli» («New Catholic Encyclopedia»).
«Isanyň anyk haçan doglandygy barada hiç ýerde aýdylmaýar» («Encyclopedia of Early Christianity»).
«Isa haçan doguldy?» diýen soraga Mukaddes Kitapda anyk jogap berilmeýär. Ýöne onda Isanyň 25-nji dekabrda dogulmandygyny görkezýän iki sany subutnama bar.
Gyşda dogulmady
Ilat ýazuwy. Isanyň dogulmazyndan birnäçe wagt öň «Sezar Awgust bütin imperiýada ilat ýazuwyny geçirmelidigi hakynda karar çykardy». Her bir adam «öz doglan şäherine» gidip, ilat ýazuwyndan geçmelidi. Bu bolsa bir hepdelik ýa-da birnäçe günlük ýoluňy alýardy (Luka 2:1—3). Salgytlaryň azaldylmagy we harby gulluga çagyrmak meselesi babatda ýylyň islendik wagty karar çykarylmagy halkda närazylyk döredip bilerdi. Ýöne Awgust özüne garşy gozgalaň turuzjak bolup duran adamlardan gara gyşyň içinde ilat ýazuwyndan geçmekleri üçin ýola düşmeklerini talap etmezdi.
Goýun sürüsi. Çopanlar gijelerine meýdanda galyp sürülerini bakardylar (Luka 2:8). Bir kitapda «Pasha baýramynyň (mart aýynyň ahyry) bir hepde öňünden tä noýabryň ortalaryna çenli» çopanlaryň sürülerini meýdanda bakýandygy bellenilýär. Şeýle-de onda: «Sürüler gyşyny bassyrmada geçirýärler; hoş habarçy bolsa çopanlaryň açyk meýdandygyny aýtdy. Bu bolsa Isanyň gyşda dogulmandygyny görkezýär» diýilýär («Daily Life in the Time of Jesus»)
Güýzüň başynda
B. e 33-nji ýylynyň Nisan aýynyň 14-ine Pasha baýramynda Isa öldürilýär. Onuň ölen gününden, ýagny ýaz paslyndan hasaplasak, biz Isanyň haçan doglandygyny anyklap bileris (Ýahýa 19:14—16). Isa ýerdäki gullugyna başlanda 30 ýaşlaryndady we onuň gullugy üç ýarym ýyl dowam etdi. Diýmek, Isa b. e. öň 2-nji ýylyň güýz paslynyň başynda doglan bolmaly (Luka 3:23).
Näme üçin roždestwony 25-nji dekabrda belleýärler?
Eger Isa Mesihiň 25-nji dekabrda doglandygyny görkezýän hiç hili subutnama ýok bolsa, onda näme üçin roždestwony şol gün belleýärler? Britan ensiklopediýasynda aýdylmagyna görä, belki-de buthana ýolbaşçylary «şol güni rim butparaz baýramçylygy, ýagny „ýeňip bolmaýan Gün-taňrysynyň doglan güni“ bilen bilelikde» gyşda güni saklamak üçin belleýän baýramçylygy bilen baglanyşdyrandyr. «Amerikan ensiklopediýasyna» görä bolsa, alymlaryň köpüsi munuň «butparazlygy kabul eden adamlara hristian dinini hasam ähmiýetli edip görkezmek üçin» edilendigini aýdýar.