Humarly oýunlary oýnamak günämi?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Bu barada Mukaddes Kitapda anyk aýdylmasa-da, biz ondaky prinsipler arkaly Hudaýyň garaýşynda humarly oýunlary oýnamagyň günädigine düşünip bileris (Efesliler 5:17) a.
Humarly oýunlar açgözlük döredýär. Hudaý bolsa açgözlügi ýigrenýär (1 Korinfliler 6:9, 10; Efesliler 5:3, 5). Humarly oýunlary oýnaýan adamlar başgalaryň utdurýan pullaryna eýe bolmaga umyt edýärler. Emma Mukaddes Kitapda başgalaryň emlägine göz gyzdyrmak ýazgarylýar (2 Musa 20:17; Rimliler 7:7; 13:9, 10).
Humarly oýunlaryň hatda iň ýönekeýjesi hem, pula bolan söýgi döredip bilýär. Bu bolsa ahyrsoňy adamy heläkçilige eltýär (1 Timoteos 6:9, 10).
Humarly oýunlary oýnaýan adamlar köplenç yrymlara ýa-da şowlulyk getirýän zatlara ynanýarlar. Emma Hudaýyň nazarynda şeýle zatlara ynanmaklyk butparazlyk hasaplanýar (Işaýa 65:11).
Mukaddes Kitapda ýeňil gazanç barada arzuw etmegiň deregine, öz eliň bilen zähmet çekmelidigi aýdylýar (Nesihat 2:24; Efesliler 4:28). Mukaddes Kitabyň şol maslahatyna eýerýän adamlar «öz gazanan çöregini iýýär» (2 Selanikliler 3:10, 12).
Humarly oýunlar Mukaddes Kitapda ýazgarylýan bäsdeşlik ruhuny döredýär (Galatýalylar 5:26).
a Mukaddes Kitapda Rim esgerleriniň öz peýdasyny gözläp, Isa pygamberiň eşikleri üçin «bije atandyklary» aýdylýar. Aslynda, bu ýerde humarly oýunlar göz öňünde tutulýar (Matta 27:35; Ýahýa 19:23, 24).