Esasy materiala geçiň

Hellowin baýramçylygy nädip döredi?

Hellowin baýramçylygy nädip döredi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Hellowin (Keramatlar güni) baýramçylygy her ýyl oktýabr aýynyň 31-ne bellenilýär. Bu baýramçylyk barada Mukaddes Kitapda hiç zat aýdylmaýar. Hellowin baýramçylygynda edilýän däp-dessurlar Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna garşy gelýär.

Makalada şulara serederis:

 Hellowin baýramçylygynyň taryhy we däp-dessurlary

  •   Samaýn. Bir ensiklopediýa görä, Hellowin baýramy «2 000 ýyldan gowrak mundan öň keltleriň belleýän baýramçylygy hasaplanýardy («The World Book Encyclopedia»). Keltler Samaýn döwründe ölüleriň diri adamlaryň arasynda gezýändiklerine ynanypdyrlar. Şeýle wagt diri adamlar ölüler bilen gepleşip bilýärdiler» («Näme üçin Hellowin diýilýär?» atly çarçuwa serediň).

  •   Egin-eşik we süýji dilemek. Bir kitapda aýdylmagyna görä, käbir keltler özlerine zyýan ýetmez ýaly, ruhlara meňzemek üçin arwah-jynlaryň eşigini geýipdirler. Käbiri bolsa ruhlary razy etmek üçin olara süýji beripdirler.

     Orta asyrda Ýewropada katolik buthanasy ýerli butparaz däp-dessurlaryna eýerip, buthana gelýänleri Keramatlar gününde öýme-öýme aýlanyp, adamlardan sowgat dilemäge höweslendiripdir.

  •   Ruhlar, jadygöýler. Bir kitapda aýdylyşy ýaly, ruhlar we jadygöýler ýyllar boýy zalym ruhlaryň dünýäsi bilen baglanyşykly hasaplanypdyr. Olara «gorkunç arwahlar» diýlip, ölüm we ölüler bilen baglanyşykly ulanylypdyr (Halloween Trivia).

  •   Hellowin kädisi. Hellowiniň taryhy hakdaky kitapda orta asyrlarda Beýik Britaniýada «adamlaryň öýme-öý aýlanyp, ölülere doga edendigi üçin iýmit diländigi» aýdylýar. Olar ýanlarynda «içi arassalanan we şem salnan şalgamy göteripdirler. Şalgamyň içi ruhlaryň saklanýan ýerini aňladýardy» («Halloween—From Pagan Ritual to Party Night»). Ýakylýan şemleriň bolsa zalym ruhlary kowýandygyna ynanypdyrlar. 1800-nji ýyllarda Demirgazyk Amerikada şalgama derek kädi ulanylyp başlanypdyr. Sebäbi ony arassalamak we oňa şekil bermek aňsat bolupdyr.

 Hellowin baýramçylygynyň döreýşini bilmek wajypmy?

 Hawa, köp adamlar Hellowini şatlyk-gülküli, zyýansyz baýramçylyk hasaplaýar. Emma Hellowini bellemek Mukaddes Kitabyň taglymatyna garşy gelýär. Sebäbi bu baýramçylyk ölüler, ruhlar we jyn-arwahlar bilen bagly zatlardan gelip çykypdyr.

 Şu aýatlardan Hudaýyň Hellowin baýramçylygyna nähili garaýandygyny bilse bolýar.

  •   «Arwah-jynlar ýa-da ruhlar bilen maslahatlaşmaň, ýa-da çözgüdiň jogabyny ölülerden gözlemäň» (5 Musa 18:10—12, «Mukaddes Kitap Terjime Instituty. 2015»).

     Manysy: Allatagala merhumlar bilen gürleşmegi we ölenler bilen aragatnaşyk saklamagy ýazgarýar.

  •   «Ölüler bolsa hiç zat bilmeýär» (Nesihat 9:5).

     Manysy: Ölen adam hiç zat bilmeýändigi üçin diriler bilen gürleşip bilmeýär.

  •   «Men siziň jynlar bilen şärikçilik etmegiňizi islämok. Siz hem Rebbiň käsesinden, hem jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz» (1 Korinfliler 10:20, 21, «Mukaddes Kitap Terjime Instituty. 2015»).

     Manysy: Hudaýy razy etmek isleýän adamlar jynlar bilen hiç hili gatnaşyk etmeli däl.

  •   «Iblisiň hilelerine garşy duruň... Sebäbi biziň söweşimiz... gökdäki zalym ruhlara... garşydyr» (Efesliler 6:11, 12).

     Manysy: Mesihçiler zalym ruhlardan gaça durmaly we olar bilen bagly baýramçylyklara gatnaşmaly däl.