Mukaddes Kitapda garry ene-ataň aladasyny etmek barada näme diýilýär?
Mukaddes Kitabyň jogaby
Garry ene-atasynyň aladasyny etmek çagalaryň borjy. Mukaddes Kitapda çagalar ene-atasynyň aladasyny etse, Hudaýyň hem halaýandygy aýdylýar (1 Timoteos 5:4). Garry ene-atasyna kömek edýän çagalar Hudaýyň: «Ene-ataňyza hormat goýuň» diýen tabşyrygyna gulak asýar (Efesliler 6:2, 3).
Mukaddes Kitapda garry ene-ataň aladasyny nädip etmelidigi hakda jikme-jik aýdylmaýar. Ýöne onda gowy görelde galdyran erkekdir-aýallar bar. Olaryň wakasy garry ene-atasynyň aladasyny edýänlere gowy kömek edýär.
Gadymy döwürde käbir adamlar garry ene-atasynyň nädip aladasyny edipdir?
Mukaddes Kitapda agzalýan adamlaryň hersi ýagdaýyna görä ene-atasynyň aladasyny edipdir.
Ýusup kakasy Ýakupdan uzakda ýaşaýardy. Ýakubyň ýaşy bir çene ýetipdi. Ýusup mümkinçilik dörän badyna kakasyny öz ýanyna göçürýär, ýaşar ýaly jaý, iýer-içer ýaly zat berip, aladasyny edýär (1 Musa 45:9—11; 47:11, 12).
Rut gaýynenesiniň ýurduna göçüp barýar we onuň aladasyny etmek üçin agyr zähmet çekýär (Rut 1:16; 2:2, 17, 18, 23).
Isa ölmezinden öň şägirtleriniň birine dul galan ejesi Merýemiň aladasyny etmegi haýyş etdi (Ýahýa 19:26, 27) a.
Mukaddes Kitapdaky haýsy maslahatlar ene-atasyna seredýänlere kömek eder?
Garry adamlara seredýänler köplenç ýadaýar, güýçden gaçýar. Mukaddes Kitapda olara kömek edýän prinsipler bar.
Ene-ataňyza hormat goýuň.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ene-ataňyza hormat goýuň» (2 Musa 20:12).
Şu prinsipe nädip eýermeli? Ene-ataňa seretmek olaryň erkinligini elinden almagy aňlatmaýar. Belki, olaryň käbir zatlary özleri etmek gelýändir, käbir ýagdaýlarda özleri karara gelmek isleýändir. Şonda olara päsgel bermäň, gaýtam paýhasly bolup olara kömek ediň.
Ýagdaýyna düşünjek boluň we geçirimli boluň.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Düşünjeli ynsanyň gahary köşeşýär, günäni geçmek onuň şöhratydyr» (Nakyllar 19:11).
Şu prinsipe nädip eýermeli? Ejeňiz ýa kakaňyz käte siz bilen gödek gürleşse ýa-da edýän işiňiziň gadyryny bilmeýän ýaly görünse, ýagdaýyna düşünjek boluň. Özüňizden: «Ejemiň ýa kakamyň ýerine bolan bolsam, men näme ederdim?» diýip soraň. Göwnüňize alman, olaryň ýagdaýyna düşünmäge jan etseňiz, aladasyny etmek aňsat bolar.
Maslahatlaşyň.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir, maslahatçy köp bolsa, maksada ýetilýär» (Nakyllar 15:22).
Şu prinsipe nädip eýermeli? Ene-ataňyz ýarawsyz bolsa, nädip has gowy kömek edip biljekdigiňiz barada gözleg geçiriň. Hökümet tarapyndan nähili kömek berilýändigini bilip, şondan peýdalanyň. Garry ene-atasyna seredýän adamlardan maslahat soraň. Jigi-doganlaryňyz bar bolsa, ene-ataňyza gerek-ýarak zatlar, oňa nädip seretmelidigi barada gürleşiň.
Pespäl boluň.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Akyldarlyk bolsa pespäller bilendir» (Nakyllar 11:2).
Şu prinsipe nädip eýermeli? Hemme zada bir özüňiz ýetişmersiňiz, sebäbi siziň başga-da etmeli işleriňiz bardyr, ýadaýansyňyz. Siz näçe jan etseňizem, güýjüňizden artyk zady edip bilmersiňiz. Eger ýadaýan bolsaňyz, maşgala agzalaryňyzdan ýa-da başga birinden kömek soraň.
Özüňize serediň.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hiç bir adam bedenini ýigrenýän däldir, gaýtam naharlanyp, bedeniniň aladasyny edýändir» (Efesliler 5:29).
Şu prinsipe nädip eýermeli? Garry ene-ataňyza seretseňizem, özüňiziňem, maşgalaňyzyňam aladasyny etmegi ýatdan çykarmaň. Wagtynda iýip-içiň, gezelenç ediň, ukyňyzy alyň (Nesihat 4:6). Mümkin boldugyndan köpräk dynç alyň. Şeýle etseňiz, ýadawlygyňyz çykar, güýç toplarsyňyz, ene-ataňyzyň aladasyny has gowy edersiňiz.
Mukaddes Kitapda ene-ataňa nirede seretmelidigi aýdylýarmy?
Mukaddes Kitapda ene-ataňa öýde ýa-da başga ýerde seretmelidigi hakda anyk görkezme ýok. Käbir çagalar ene-atasyna öýde seretmegi amatly görýär. Käbirleri bolsa ene-atasy garrylar öýünde ýaşasa, aladasy has gowy ediler öýdýär. Ene-atasy üçin nämäniň gowy boljakdygyny her maşgalanyň özi maslahatlaşyp, çözüp bilýär (Galatýalylar 6:4, 5).
a Mukaddes Kitabyň bir düşündirilişinde şeýle diýilýär: «Şol wagt Merýemiň äri Ýusubyň aradan çykanyna köp wagt bolan bolmaly. Ýusup aradan çykansoň, maşgalasynyň aladasyny Isa edýärdi. Şonuň üçin Isa ölmezinden öň, ejesini şägirdine tabşyryp, garry ene-ataň aladasyny etmekde gowy görelde galdyrdy» («The NIV Matthew Henry Commentary» I tom, sahypalar 428, 429).