Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitapdaky kitaplar bilen tanyş bolmak

Şu gysgajyk wideolarda Mukaddes Kitapdaky kitaplar barada wajyp maglumatlar gürrüň berilýär. Olar siziň Mukaddes Kitaby okamaga we öwrenmäge bolan islegiňizi has-da artdyrar.

1 Musa kitaby bilen tanyş bolmak

Biz 1 Musa kitabyndan adamlaryň, horluklaryň hem-de ölümiň döreýşi baradaky gyzykly maglumatlary tapyp bileris.

2 Musa kitaby bilen tanyş bolmak

Hudaý ysraýyllary Müsürdäki gulçulykdan halas edip, olary özüne bagyş edilen halk etdi.

3 Musa kitaby bilen tanyş bolmak

3 Musa kitaby Hudaýyň mukaddesdigine we biziň näme üçin mukaddes bolmalydygymyza düşünmäge kömek edýär.

4 Musa kitaby bilen tanyş bolmak

Ýehowa gulak asmagyň we bellän ýolbaşçylaryna hormat goýmagyň wajypdygyny biliň.

5 Musa kitaby bilen tanyş bolmak

Ýehowanyň Kanunyndan halkyny ýürekden söýýändigini biliň.

Ýuşa kitaby bilen tanyş bolmak

Ysraýyllaryň Wada edilen ýurdy basyp alşy we ýurduň taýpalara paýlanyp berilişi hakda biliň.

Serdarlar kitaby bilen tanyş bolmak

Serdarlar kitabynda ysraýyl halkyny duşmanlaryň golastyndan azat eden Hudaýa wepaly serdarlaryň edermenligi hakda gürrüň berilýär.

Rut kitaby bilen tanyş bolmak

Rut gaýyn enesine wepaly boldy. Şeýdip, olaryň ikisem Ýehowadan bereket aldy.

1 Şamuwel kitaby bilen tanyş bolmak

Ýehowanyň Ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk etmek üçin serdarlardan soň patyşalary belländigini biliň.

2 Şamuwel kitaby bilen tanyş bolmak

Ýehowa Dawuda pesgöwünli hem imany berk bolandygy üçin dostum diýdi.

1 Patyşalar kitaby bilen tanyş bolmak

Süleýman patyşanyň döwründe Ysraýyl ýurdunyň gülläp ösendigini, ol Ýehowadan ýüz öwrensoň bolsa patyşalygyň ikä bölünendigini biliň.

2 Patyşalar kitaby bilen tanyş bolmak

Demirgazyk Ysraýyl patyşalygynyň butlara çokunan döwri Ýehowanyň diňe wepaly adamlara kömek edendigini we bereket berendigini biliň.

1 Taryh kitaby bilen tanyş bolmak

Dawut patyşanyň nesil daragtyny we tagta geçen gününden başlap, tä ömrüniň ahyryna çenli eden işlerini biliň.

2 Taryh kitaby bilen tanyş bolmak

Ýahuda patyşalarynyň taryhyndan Hudaýa wepaly bolmagyň wajypdygyny biliň.

Hydyr kitaby bilen tanyş bolmak

Ýehowa halkyny Wawilon ýesirliginden azat edip, Iýerusalimde hakyky seždäni dikeltmek bilen wadasyny berjaý etdi.

Nehemýa kitaby bilen tanyş bolmak

Nehemýa kitabynda Hudaýyň häzirki gullukçylary üçin peýdaly sapaklar bar.

Ester kitaby bilen tanyş bolmak

Esteriň günlerindäki tolgundyryjy wakalar şu günler biziň synaglarda Ýehowanyň halkyny goramagy başarýandygyna imanymyzy berkidýär.

Eýýup kitaby bilen tanyş bolmak

Ýehowany söýýän adamlaryň ählisiniň imany synalar. Eýýup bilen bolan waka bize Ýehowa wepaly galyp, onuň hökümdarlygyny goldap bilýändigimize ynamymyzy artdyrýar.

Zebur kitaby bilen tanyş bolmak

Zebur kitabynda Ýehowanyň hökümdarlygy goldanylýar we onda Hudaýyň öz gullukçylaryna kömek edip, teselli berýändigi hem-de Patyşalyk arkaly bütin dünýäniň nädip özgerjekdigi görkezilýär.

Nakyllar kitaby bilen tanyş bolmak

Söwda işleri we maşgala meselesi ýaly durmuşyň ähli ýagdaýynda Hudaýyň görkezmesini alyň.

Nesihat kitaby bilen tanyş bolmak

Süleýman patyşa durmuş meselesi barada aýdyp, Hudaýyň akyldarlygyna garşy gelýän zatlaryň gapma-garşylygyny düşündirýär.

Süleýmanyň aýdymy kitaby bilen tanyş bolmak

Şulamly gyzyň çopan oglana bolan baky söýgüsi näme üçin «Ýehowanyň ýalny» bilen deňeşdirilýär?

Işaýa kitaby bilen tanyş bolmak

Işaýa kitabyndaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegi Ýehowanyň wadalaryny berjaý edýändigine we onuň Halasgärdigine imanymyzy berkidýär.

Ýermeýa kitaby bilen tanyş bolmak

Kynçylyklara garamazdan, Ýermeýa pygamber ýumşuny doly berjaý etdi. Onuň göreldesine şu günki mesihçileriň nädip eýerip biljekdigi barada oýlanyň.

Ýermeýanyň agysy kitaby bilen tanyş bolmak

Ýermeýa pygamber Ýermeýanyň agysy kitabynda Iýerusalimiň weýran edilendigine gynanandygy we toba edip Hudaýyň rehimini gazanyp bolýandygy barada ýazdy.

Hyzkyl kitaby bilen tanyş bolmak

Hyzkyl pygamber kyn bolsa-da, Hudaýyň beren ýumşuny pesgöwünlilik we batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirdi. Onuň göreldesi biziň üçin örän wajyp.

Danyýar kitaby bilen tanyş bolmak

Danyýar we onuň dostlary her bir ýagdaýda Hudaýa wepaly boldular. Olaryň göreldesi we ýerine ýeten pygamberliklere düşünmeklik şu soňky günlerde biziň üçin örän peýdaly.

Hoşeýa kitaby bilen tanyş bolmak

Hoşeýanyň pygamberliginde toba edýän adamlara Ýehowanyň rehimdarlyk edýändigi we oňa nädip sežde etmelidigi barada käbir wajyp sapaklar bar.

Ýowel kitaby bilen tanyş bolmak

Ýowel Ýehowanyň «gününiň ýakyndygy» hakda pygamberlik edýär we halas bolmak üçin nämäniň wajypdygyny düşündirýär. Onuň pygamberligi biziň günlerimizde hasam ähmiýetli.

Amos kitaby bilen tanyş bolmak

Ýehowa pesgöwünli adamlary wajyp iş üçin ulanýar. Amosyň göreldesinden nähili wajyp sapak edinip bileris?

Abdyýar kitaby bilen tanyş bolmak

Pygamberler kitabynda iň gysga kitap bolup, ondaky pygamberlik umyt berýär we Ýehowanyň Patyşalygynyň ebedi durjakdygyny wada berýär.

Ýunus kitaby bilen tanyş bolmak

Ýunus pygamber düzedişi kabul etdi, tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdi we Hudaýyň wepaly söýgüsinden hem-de rehimdarlygyndan görelde aldy. Onuň başdan geçirenleri ýüregiňize täsir eder.

Mikaý kitaby bilen tanyş bolmak

Mikaýyň pygamberligi Ýehowanyň talaplarynyň hemişe peýdalydygyna we paýhaslydygyna ynamymyzy berkidýär.

Nahum kitaby bilen tanyş bolmak

Şu pygamberlik Ýehowanyň sözüni hemişe ýerine ýetirýändigine we parahatlygy hem-de gutulyşy Patyşalygyndan gözleýän adamlara teselli berýändigine ynamymyzy berkidýär.

Habakuk kitaby bilen tanyş bolmak

Biz Ýehowanyň halkyny öz wagtynda nädip halas etmelidigini bilýändigine hemişe ynamly bolup bileris.

Sepanýa kitaby bilen tanyş bolmak

Biz näme üçin Ýehowanyň höküm güni gelmez diýip pikir etmeli däl?

Hagaý kitaby bilen tanyş bolmak

Hagaýyň pygamberliginde Hudaýa edýän seždämizi öz bähbidimizden ileri tutmagyň wajypdygy aýdylýar.

Zekerýa kitaby bilen tanyş bolmak

Kitapdaky ençeme görnüşler we pygamberlikler geçmişde Hudaýyň halkynyň imanyny berkidýärdi. Şol pygamberlikler arkaly Ýehowanyň bizi hem goldaýandygyna şübhelenmän bileris.

Melek kitaby bilen tanyş bolmak

Bu kitapda Ýehowanyň üýtgemeýän prinsipleri, rehimdarlygy we söýgüsi hakda pygamberlik edilýär. Şeýle-de bu pygamberlikden biz hem wajyp zatlary öwrenip bilýäris.

Matta kitaby bilen tanyş bolmak

Mukaddes Kitapdaky dört hoş habaryň ilkinjisi bolan Matta kitabynyň esasy aýratynlyklaryny öwreniň.

Markus kitaby bilen tanyş bolmak

Hoş habarlaryň iň kiçisi bolan Markus kitabynda Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy hökmünde Isanyň gelejekde nämeleri etjekdigi gürrüň berilýär.

Luka kitaby bilen tanyş bolmak

Lukanyň hoş habary haýsy maglumatlary bilen tapawutlanýar?

Ýahýa kitaby bilen tanyş bolmak

Ýahýanyň hoş habarynda Isanyň adamlara bolan söýgüsi, kiçigöwünli bolmakda galdyran göreldesi we Mesih, ýagny Hudaýyň Patyşalygynyň patyşasy hökmünde tutýan orny hakda gürrüň berilýär.

Resullar kitaby bilen tanyş bolmak

I asyrdaky mesihçiler ähli milletden şägirt taýýarlamak üçin jan aýaman wagyz etdiler. Resullar kitaby yhlasly we hyjuwly wagyz etmäge kömek eder.

Rimliler kitaby bilen tanyş bolmak

Rimliler kitabynda Ýehowanyň ala tutmaýandygy we Isa Mesihe iman etmegiň wajypdygy nygtalýar.

1 Korinfliler kitaby bilen tanyş bolmak

Pawlusyň hatynda agzybirlik, ahlak taýdan arassa bolmak, söýgi we direlişe ynanmak barada maslahatlar berilýär.

2 Korinfliler kitaby bilen tanyş bolmak

«Her dürli ýagdaýda göwünlik berýän» Ýehowa gullukçylaryny berkidýär we goldaýar.

Galatýalylar kitaby bilen tanyş bolmak

Pawlusyň galatýalylara ýazan hatynyň şu günlerem köp peýdasy bar. Bu hat mesihçilere imanda berk durmaga kömek edýär.

Efesliler kitaby bilen tanyş bolmak

Efesliler kitabynda Hudaýyň Isa Mesih arkaly adamlary parahat hem agzybir ýaşatjakdygy nygtalýar.

Filipililer kitaby bilen tanyş bolmak

Synaglarda berk durup, başgalara çydamly bolmaga kömek edip bilýäris.

Koloslylar kitaby bilen tanyş bolmak

Öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulansak, bir-birimizi ýürekden bagyşlasak we Isanyň ornuna hem ygtyýaryna düşünsek, Ýehowanyň göwnünden turarys.

1 Selanikliler kitaby bilen tanyş bolmak

Ruhy taýdan oýa bolmak üçin, biz «her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlamaly», «hemişe doga-dileg etmeli» we biri-birimizi ruhlandyrmaly.

2 Selanikliler kitaby bilen tanyş bolmak

Pawlus resul imandaşlarynyň Ýehowanyň gününiň gelmegi bilen bagly nädogry garaýşyny düzedip, doganlaryna imanda berk durmagy ündeýär.

1 Timoteos kitaby bilen tanyş bolmak

Pawlus Timoteosa ýygnagyň guramaçylykly meseleleri babatda görkezme berýär hem-de ýalan taglymatlardan we pul söýgüsinden gaça durmagy ündeýär.

2 Timoteos kitaby bilen tanyş bolmak

Pawlus Timoteosy gullugyny birkemsiz ýerine ýetirmäge höweslendirýär.

Titus kitaby bilen tanyş bolmak

Pawlus Titusa ýazan hatynda Krit adasyndaky ýygnakda bolýan kynçylyklar we ýaşulular üçin gerekli häsiýetler hakda ýazýar.

Filimun kitaby bilen tanyş bolmak

Bu gysgajyk, ýöne täsirli hatda pesgöwünli, mähirli we geçirimli bolmak hakda peýdaly maslahatlar bar.

Ýewreýler kitaby bilen tanyş bolmak

Mesihçiniň edýän seždesi çadyrdan hem-de gurbanlyklardan has beýik zada esaslanýar.

Ýakup kitaby bilen tanyş bolmak

Ýakup prinsipleri düşündirmek üçin adamlara tanyş mysallary ulanýar.

1 Petrus kitaby bilen tanyş bolmak

Petrus birinji hatynda dogumly bolmagy we ähli gaýgy-aladamyzy Hudaýa aýtmagy ündeýär.

2 Petrus kitaby bilen tanyş bolmak

Petrusyň ikinji haty bizi täze göklere we täze ýere wepalylyk bilen garaşmaga höweslendirýär.

1 Ýahýa kitaby bilen tanyş bolmak

Ýahýanyň hatynda Mesihiň duşmanlaryndan seresap bolmak hakda duýdurylýar we biziň nämäni söýmelidigimiz we söýmeli däldigimiz düşündirilýär.

2 Ýahýa kitaby bilen tanyş bolmak

Ýahýa ikinji hatynda bize hakykat ýolunda ýöremegi we aldawçy adamlardan seresap bolmagy ýatladýar.

3 Ýahýa kitaby bilen tanyş bolmak

Ýahýanyň üçünji hatynda imandaşlarymyza myhmansöýer bolmalydygymyz nygtalýar.

Ýahuda kitaby bilen tanyş bolmak

Ýahuda mesihçiler ýygnagyny aldap, azdyrjak bolýan adamlaryň mekir hilelerini paş edýär.

Ylham kitaby bilen tanyş bolmak

Ylham kitabyndaky täsin görnüşler Hudaýyň Patyşalygynyň adamzat we ýer babatdaky niýetini nädip ýerine ýetirjekdigini görkezýär.

Mukaddes Kitap bilen tanyş bolmak

Mukaddes Kitabyň ähli kitaplarynda aýdylýan esasy tema, ýagny Isa Mesihiň Patyşalyk arkaly Ýehowanyň adyny aklajakdygy hakda biliň.

You May Also Like

KITAPLAR WE BROŞÝURALAR

Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?

Mukaddes Ýazgylarda esasy näme habar berilýär?