Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Men betbagtçylyga nädip döz gelip bilerin?

Men betbagtçylyga nädip döz gelip bilerin?

 Betbagtçylyga her bir adam uçrap biler. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlileriňki... Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr» diýilýär (Wagyz kitaby 9:11). Bu ýaşlaryň hem betbagtçylyga uçraýandygyny görkezýär. Olar nädip betbagtçylyklara döz gelip bildiler? Geliň, iki mysala seredeliň.

 REBEKA

 14 ýaşymdakam ejem bilen kakam aýrylyşdy.

 Men öz-özüme: «Olar aýrylşanok, kakam biraz ýeke bolasy gelýändir» diýdim. Ol ejemi gowy görýär ahyryn. Ony näme üçin taşlasyn? Ol menem taşlamaz-a?

 Men bu barada hiç kim bilen gepleşesim gelmeýärdi. Asla pikirinem edesim gelmeýärdi. Men gaharlanýardym, ýöne muňa özüm hem düşünemokdym. Gaýgy-aladalarymdan ýaňa hatda ýatyp hem bilemeýärdim.

 19 ýaşymda bolsa ejem rak keselinden aradan çykdy. Ol meniň iň gowy joramdy.

 Ejem bilen kakamyň aýrylyşmagy maňa gaty agyr degdi, emma ejem ýogalanda, derdim öňküdenem agyrlaşdy. Şondan bäri özümi ele alyp bilemok. Men henizem biynjalyk bolýandygym üçin hasam ukymy ýitirdim.

 Ýöne maňa käbir zatlar kömek etdi. Meselem, Süleýmanyň tymsallary 18:1-de «özüňi çetde tutmazlyk» maslahat berilýär. Men oňa eýermäge jan edýärin.

 Şeýle-de men Ýehowanyň Şaýady bolandygym üçin Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlarymyzdan ruhlandyryjy makalalary okamaga çalyşýaryn. Ejem bilen kakam aýrylyşanda maňa «Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar» atly kitabyň II tomunyň, esasan-da, «Çagasyny ýeke terbiýeleýän ene-ataly maşgalada bagtly bolup bilerinmi?» diýen makalasy kömek etdi.

 Maňa aladalaryma döz gelmäge Matta 6:25—34-nji aýatlar kömek etdi. 27-nji aýatda Isa şeýle sorag berýär: «Siziň haýsyňyz alada edip, ömrüňizi azajyk a bolsa-da uzaldyp bilýärsiňiz?»

 Her birimiz betbagtçylyga uçrap bilýäris. Ýöne men ejemiň göreldesinden şeýle synaglara döz gelmegiň wajypdygyny öwrendim. Ejem köp kynçylyklary başdan geçirdi. Kakam aýrylyşdy, soňra ol ölüme eltýän kesele uçrady. Ýöne şonda-da ejem dogry garaýyşda bolup, imanyny berk saklap, ömrüniň soňuna çenli çydady. Men ejemden Ýehowa barada öwrenen ähli zatlarymy hiç haçan ýatdan çykarmaryn.

 Oýlanyp gör: Saňa Mukaddes Ýazgylar we oňa esaslanan edebiýatlar betbagtçylyga döz gelmäge nädip kömek edýär? (Zebur 94:19)

 KORDEL

 Men 17 ýaşymdakam, kakamy ýitirdim. Bu meniň üçin iň agyr ýitgileriň biri boldy.

 Men kakamyň ölendigine ynanyp bilmedim. Göwnüme üsti ýapylgy jeset kakam däl-de, başga biri ýalydy. Men özüme: «Ertir ol oýanar» diýýärdim. Özümi taşlanan we içki dünýäm boşap galan ýaly duýdum.

 Men maşgalam bilen Ýehowanyň Şaýady. Kakam aýrylansoň, ýygnagymyzdaky dogan-uýalar gaty köp kömek etdiler. Olar aladamyzy edip, iýmit getirdiler we köp wagtlap ýanymyzda galyp, bizi goldadylar. Olaryň ýürekden aladamyzy edendigi üçin, Ýehowanyň Şaýatlarynyň hakyky mesihçidigine doly göz ýetirdim (Ýahýa 13:35).

 2 Korinfliler 4:17, 18-nji aýatlardaky şu sözler meni gaty ruhlandyrdy: «Wagtlaýyn we ýeňil kynçylyklar bize has gymmatly hem-de ebedi şöhrat getirer. Biz görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara seredýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr».

 18-nji aýat maňa has hem täsir etdi. Kakamyň çekýän jebri wagtlaýyndy, ýöne Hudaýyň gelejek baradaky wadasy bolsa ebedidir. Onuň ölümi maňa durmuşymda nämäniň wajypdygy hakda oýlanmaga we maksatlarymy üýtgetmäge kömek etdi.

 Oýlanyp gör: Betbagtçylyga uçramak maksatlaryňa nädip täzeden seretmäge kömek edip biler? (1 Ýahýa 2:17).

a Göni manyda: «bir gez». Sözlüge serediň.