Zebur 83:1—18

  • Duşmanlaryň arasynda edilen doga

    • «Eý Hudaý, sesiňi çykarman durma!» (1)

    • Duşmanlar şemala tozaýan saman kimindir (13)

    • Hudaýyň ady — Ýehowa (18)

Asafyň aýdymy+. 83  Eý Hudaý, sesiňi çykarman durma!+Eý Mukaddes Alla, dymyp durma, bir zatlar et!   Seret, duşmanlaryň gygyryşýar+,Seni ýigrenýänler baş galdyrýar.   Mekirlik bilen halkyňa garşy dil düwüşýärler,Seniň eziz halkyňa garşy hile gurýarlar.   Olar: «Ýörüň, ol halky gyryp taşlalyň+,Ysraýylyň ady ýitip gider ýaly edeliň» diýýär.   Olar jem bolup, hile gurýarlar,Halklar saňa garşy äht baglaşýarlar+.   Edom çadyry, ysmaýyllar, mowaplar+, hagarlar+,   Geballylar, ammonlar+, amalekler,Pilişt+ we Tir+ halky äht baglaşýarlar.   Assiriýa+ hem olara goşulýar.Olaryň ählisi Lutuň ogullaryny+ goldaýar. (Sela)   Olary midýanlaryň gününe sal+,Kişon jülgesinde Siserany we Ýabini edişiň ýaly et+. 10  Olar Endorda+ derbi⁠-⁠dagyn edildiler,Toprak üçin ders boldular. 11  Goý, olaryň begleri Orebiň we Zeýebiň+ gününe,Hanlary Zebanyň we Zalmunyň gününe düşsünler+. 12  Sebäbi olar: «Hudaýyň mekanyny basyp alalyň» diýdiler. 13  Eý Hudaý, olar guran ýandak deý+,Şemala tozaýan saman deý bolsunlar. 14  Tokaýy ýakyp kül eden ýalyn kimin,Daglary gara kömür eden alaw kimin+, 15  Olaryň yzyndan tüweleý bilen ýet+,Harasat turzup, olary gorkuz+. 16  Eý Ýehowa, olary masgara et,Şonda seniň adyňy çagyrarlar. 17  Olar masgara bolsunlar, ebedilik gorkup ýaşasynlar,Utanja galsynlar, ýer ýüzünden ýok bolsunlar. 18  Goý, älem⁠-⁠jahan seniň adyň Ýehowadygyny bilsin+,Diňe seniň Allatagaladygyňa* düşünsin+.

Çykgytlar

Ýa-da: Hemmelerden Beýik Hudaýdygyňa. Sözlüge serediň: Allatagala.