Zebur 81:1—16
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Gitit*. Asafyň aýdymy+.
81 Güýç-kuwwat berýän Hudaýa+ joşup aýdym aýdyň,
Ýakubyň Hudaýyna ýeňiş aýdymyny aýdyň.
2 Saz çalyň, deprek kakyň,Şirin owazly arfa çalyň, çeň* çalyň.
3 Täze Aý doganda+, Aý dolanda,Baýramçylyk güni surnaý çalyň+.
4 Ysraýyla berlen kanun,Ýakubyň Hudaýynyň permany şeýledir+.
5 Hudaý Müsüriň içinden geçende+,Ýusuba muny görkezme* beripdi+.
Men nätanyş sesiň* şeýle diýenini eşitdim:
6 «Onuň egninden agyr ýüküni aldym+,Sebet götermekden dyndardym.
7 Dertli günüňde meni çagyrdyň, seni halas etdim+,Gök gürrüldisi bilen* saňa jogap berdim+.
Meriba* suwlarynda seni synadym+. (Sela)
8 Eşit, eý halkym, saňa öwüt-nesihat bereýin.
Eý Ysraýyl, käşgä meni diňlesediň!+
9 Araňyzda keseki taňry bolmasyn,Başga taňra sežde etmäň+.
10 Men siziň Hudaýyňyz Ýehowadyryn,Sizi Müsürden çykaran mendirin+.
Agzyňyzy giňden açyň, men sizi doýraýyn+.
11 Emma halkym sesimi diňlemedi,Ysraýyl maňa tabyn bolmady+.
12 Men olary öz ugruna goýberdim*.Olar hem öz bilenini etdiler+.
13 Käşgä halkym meni diňlän bolsady!+Käşgä Ysraýyl ýolumdan ýörän bolsady!+
14 Şonda duşmanlaryny derrew boýun egdirerdim,Ýagylaryna garşy söweşerdim+.
15 Ýehowany ýigrenýän adamlar öňünde dyza çökerler,Olar ebedilik heläk bolarlar.
16 Ol saňa* iň gowy bugdaý iýdirer+,Gaýadan akýan bal bilen doýrar»+.
Çykgytlar
^ Arfanyň bir görnüşi.
^ Ýa-da: ýatlatma.
^ Başga manysy: diliň.
^ Manysy: Dawa.
^ Ýa-da: Gara bulut içinden. Sözme-söz: Gök gürrüldisiniň gizlenen ýerinden.
^ Ýa-da: kesir ýüregine tabşyrdym.
^ Sözme-söz: oňa. Ýagny Hudaýyň halkyna.