Zebur 3:1—8
Ogly Abselimden gaçyp ýören mahaly+ Dawudyň ýazan aýdymy.
3 Eý Ýehowa, duşmanlarym näme üçin köpeldi?+
Maňa garşy çykýanlar sanardan köp+.
2 Adamlar men hakda:
«Hudaý ony halas etmez»+ diýýärler. (Sela*)
3 Emma sen galkanymsyň, eý Ýehowa!+Şan-şöhrat berip+, gaýratymy artdyrýarsyň!+
4 Men Ýehowany çagyraryn,Ol mukaddes dagyndan+ jogap berer. (Sela)
5 Başymy ýassyga goýup, süýji uka giderin,Sag-aman ukudan oýanaryn.Sebäbi Ýehowa meniň daýanjym+.
6 On müňlerçe adam gabasa-da,Men olardan gorkmaryn+.
7 Aýaga gal, eý Ýehowa! Dadyma ýetiş+, eý Allam!
Duşmanlarymyň äňine ur,Erbetleriň dişini döw+.
8 Eý Ýehowa, sen halas edýärsiň!+
Halkyňa bereket berýärsiň. (Sela)