Zebur 139:1—24
Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy.
139 Eý Ýehowa, meni doly barladyň, tanadyň+.
2 Meniň haçan oturyp, haçan turanymy görýärsiň+,
Pikirlerimi uzakdan bilýärsiň+.
3 Ýöränimde, ýatanymda meni synlaýarsyň,Ähli ýollarymy bilýärsiň+.
4 Eý Ýehowa, agzymdan söz çykmanka,Näme diýjegimi bilýärsiň+.
5 Sen meniň çar tarapymy goraýarsyň,Eliňi başyma goýýarsyň.
6 Sen meni şeýle gowy tanaýarsyň welin,
Men haýran galyp, akylyma sygdyryp bilemok+.
7 Seniň ruhuňdan nirä gaçyp gideýin?Seniň nazaryňdan gaçyp nirede gizleneýin?+
8 Göge galsam, sen ol ýerdesiň,Mazara* insem, meni şonda-da taparsyň+.
9 Säheriň ganatlarynda uçup,Uzak adalarda mesgen tutsam-da,
10 Şol ýerde-de eliň bilen ýol görkezersiň,Sag eliň bilen ýardam berersiň+.
11 Men: «Tümlükde gizlensedim!» diýenimde,
Garaňkylyk ýagtylyga öwrülýär.
12 Tümlük seniň üçin garaňky bolmaz,Gije-de gündiziň güni ýaly ýagty bolar+.Tümlük seniň üçin ýagtylyk kimindir+.
13 Sen böwreklerimi ýaratdyň,Ejemiň garnynda daşyma perde örtdüň*+.
14 Men şeýle täsin ýaradylypdyryn welin+,
Muňa haýran galyp, saňa alkyş aýdýaryn.Seniň işleriň ajaýypdyr+,Janym muny gowy bilýär.
15 Gizlin ýerde emele gelenimde,Ejemiň garnynda şekil bereniňde*,Süňklerim senden gizlin däldi+.
16 Ejemiň içinde düwünçekkäm, meni görüpdiň.Beden agzalarym peýda bolmanka,Olaryň ählisi hakda,Emele geljek günleri barada seniň kitabyňda ýazylandyr.
17 Seniň pikirleriňi gowy görýärin.
Eý Alla, olaryň san-sajagy ýokdur+.
18 Olary sanasam, deňiz çägesinden hem köpdür+.
Men ukudan oýanyp, ýene-de sen hakda oýlanaryn*+.
19 Eý Hudaý, zalymlary ýok etsediň!+
Şonda olar maňa zyýan ýetirip bilmezdi,
20 Päliýaman saňa dil ýetirmezdi,Duşmanlaryň seniň adyňy biderek ýere çagyrmazdy+.
21 Eý Ýehowa, seni ýigrenýänleri menem ýigrenýärin+,Saňa baş galdyranlar ýigrenjidir+.
22 Olary ganym duşmanym hasaplaýaryn,Men olary ýigrenýärin+.
23 Eý Hudaý, meni barla-da, ýüregimi gör+.
Meni syna-da, gaýgy-aladamy bil+.
24 Meni barla, pikirlerim erbet bolaýmasyn+,Meni ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöret+.
Çykgytlar
^ Başga manysy: Ejemiň garnynda meni dokadyň.
^ Sözme-söz: Ýeriň çuň ýerlerinde dokalanymda.
^ Başga manysy: ýene-de sanamagymy dowam edýärin.