Zebur 10:1—18
ל [Lam]
10 Eý Ýehowa, menden näme üçin uzakda durýarsyň?
Aladaly günümde näme üçin gizlenýärsiň?+
2 Erbet we tekepbir adam ejizi yzarlaýar+,Emma öz pälinden tapýar+.
3 Erbet adam erbet işlerine buýsanýar+,Açgöz adama alkyş aýdýar*,נ [Nun]Ýehowa hormat goýmaýar.
4 Tekepbir, erbet adam Allany gözlemeýär.Ol içinden: «Hudaý ýok»+ diýýär.
5 Eden işi ugruna bolýar+,Duşmanlarynyň üstünden gülýär.Emma seniň hökümleriňe akyl ýetirip bilmeýär+.
6 Ol içinden: «Men ýykylmaryn.Bir nesil öter, başga nesil geler,Emma men betbagtçylyk görmerin»+ diýýär.
פ [Pe]
7 Agzyndan gargyş, haýbatly, ýalan sözler çykýar+,Dili bilen bitmejek ýara salýar+.
8 Obanyň çetinde bukuda ýatýar,Bigünä adamyň janyny alýar+,
ע [Aýn]
Awundan gözüni sowmaýar+.
9 Arslan kimin peýläp ýatýar+.
Ejizi tutmak üçin garaşýar,
Ony tora salýar+.
10 Tutan awuny tüýt-müýt edýär,Ejizi penjesinde gysýar.
11 Ol içinden: «Hudaý görmeýär+,
Gözüni sowýar,
Erbet işlere ünsem bermeýär» diýýär+.
ק [Kap]
12 Eý Ýehowa, aýaga gal!+Eý Hudaý jan, kömek et!+
Ejizleri unutma+.
13 Erbet adam näme üçin Hudaýy äsgermeýär?
Ol içinden: «Allanyň öňünde jogap bermerin» diýýär.
ר [Reş]
14 Emma sen ejir çekýänleri görýärsiň.
Halas etmek üçin nazar salýarsyň+.
Ezilenler saňa umyt baglaýar+,Ýetimlere kömek edýärsiň+.
ש [Şin]
15 Erbediň, zalymyň elini döw+.Şonda näçe agtarsaň-da,Erbetligini tapmarsyň.
16 Ýehowa ebedi Patyşadyr+,
Zalym milletler ýer ýüzünden ýok bolar+.
ת [Taw]
17 Eý Ýehowa, ýumşaklaryň dilegine jogap ber+.
Olara güýç-kuwwat ber*+, nazar sal+.
18 Ýetimleriň, ezilenleriň hakyny alyp ber+.Goý, başy ölümli ynsan olary gorkuzmasyn+.