Ýahýa gelen Ylham 5:1—14
5 Men tagtda oturan Hudaýyň+ sag elinde ýedi möhürli golýazmany gördüm. Golýazmanyň iki tarapyna-da hat ýazylandy, düýrlenendi.
2 Soňra güýçli perişdäni hem gördüm. Ol batly ses bilen: «Möhürleri aýryp, golýazmany açmaga kim mynasypka?» diýdi.
3 Emma golýazmany açyp okamaga gökde-de, ýerde-de, ýeriň astynda-da mynasyp tapylmady.
4 Men golýazmany açyp okamaga mynasyp hiç kimiň tapylmandygyny görenimde, möňňürip aglap başladym.
5 Şonda ýaşulularyň biri: «Goý, aglama! Ine, ýahuda taýpasynyň+ Ýolbarsy, Dawudyň+ neslinden*+ we söweşde ýeňen+ biri bar. Ol ýedi möhüri aýryp, golýazmany açmaga mynasypdyr» diýdi.
6 Men ortada duran tagtyň we dört perişdäniň ýanynda damagy çalnan+ ýaly görünýän guzyny+ gördüm. Ol ýaşulularyň ortasynda durdy+. Guzynyň ýedi şahy we ýedi gözi bardy. Gözler Hudaýyň bütin ýer ýüzüne iberen ýedi ruhuny+ aňladýar.
7 Guzy dessine öňe çykyp, tagtda Oturanyň+ sag elindäki golýazmany aldy.
8 Ol golýazmany alanda, dört perişde bilen 24 ýaşuly+ Guzynyň öňünde dyza çökdüler. Ýaşulularyň hersiniň elinde arfa we içi tütetgiden doly altyn gap bardy. Tütetgi mukaddesleriň doga-dilegini aňladýar+.
9 Olar täze aýdym aýdýardylar+: «Sen golýazmany alyp, möhürlerini açmaga mynasypsyň. Sebäbi sen her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden adamlaryň Hudaýa gulluk etmekleri üçin janyňy gurban edip+, ganyň bilen satyn aldyň+.
10 Sen olary Hudaýymyz üçin patyşalar+ we ruhanylar+ etdiň. Olar patyşalar we ruhanylar bolup, ýeriň üstünden höküm sürerler»+.
11 Men tagtyň, dört perişdäniň we ýaşulularyň töwereginde duran ençeme perişdeleri gördüm, seslerini eşitdim. Olaryň sany on müňlerçe on müňler we müňlerçe müňlerdi+.
12 Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy+ häkimiýete, baýlyga, akyldarlyga, güýç-kuwwata, hormata, şan-şöhrata we bereket almaga mynasypdyr»+ diýýärdiler.
13 Men gökdäki, ýerdäki, ýeriň astyndaky+, deňizdäki we olardaky ähli zatlaryň: «Tagtda oturan Hudaýa+ we Guza+ baky hem ebedi şöhrat, hormat+, alkyş bolsun!»+ diýýändiklerini eşitdim.
14 Dört perişde: «Omyn!» diýýärdi, ýaşulular hem dyza çöküp, Hudaýa sežde etdiler.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: kökünden.