Ýahýa gelen Ylham 21:1—27
21 Soňra men täze gögi we täze ýeri gördüm+. Öňki gök bilen öňki ýer geçip gitdi+, deňiz+ hem ýok boldy.
2 Şeýle-de men gökden, ýagny Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýän mukaddes şäheri, ýagny Täze Iýerusalimi gördüm+. Ol ärini garşylamak üçin bezenip-beslenip çykan gelne meňzeýärdi+.
3 Şonda men tagtdan batly sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Ine, Hudaýyň çadyry adamlaryň arasynda. Hudaý olaryň arasynda ýaşar, olar hem onuň halky bolar. Hudaý hem olar bilen bolar+.
4 Hudaý olaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürer+. Indi ne ölüm+, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar+, sebäbi öňki zatlar geçip gitdi».
5 Şonda tagtda oturan Hudaý+: «Ine, men ähli zady täzeleýärin»+ diýdi. Şeýle-de: «Aýdanlarymy ýaz, sebäbi sözüm ygtybarlydyr, hakdyr» diýdi.
6 Soňra ol maňa şeýle diýdi: «Sözüm berjaý boldy! Men Alfa we Omega*, başlangyç hem-de ahyrkydyryn+. Men suwsan adama ýaşaýyş çeşmesinden mugt içirerin+.
7 Ýeňen adam şu zatlary miras alar. Men onuň Hudaýy, ol hem meniň oglum bolar.
8 Emma gorkaklar, imansyzlar+, haram we ýigrenji işleri edýänler, ganhorlar+, ahlaksyzlar*+, jadygöýler, butparazlar hem-de ýalançylar+ kükürt bilen ýanýan ot kölüne taşlanyp, almytyny alarlar+. Bu ikinji ölümi aňladýar»+.
9 Käseleri soňky ýedi beladan doly ýedi perişdäniň+ biri ýanyma gelip: «Ýör, saňa gelni, Guzynyň aýaly boljak gelni+ görkezeýin» diýdi.
10 Soňra meni mukaddes ruh arkaly uly we beýik daga alyp gitdi hem-de gökdäki Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýän mukaddes şäher Iýerusalimi+ görkezdi.
11 Şäherde Hudaýyň şöhraty+ bardy. Onuň nury gymmatbaha daşa meňzeýärdi we aýna* ýaly dury, ýaşma daşy kimin şöhle saçýardy+.
12 Şäheriň uly we beýik diwary hem-de 12 derwezesi bardy. Her derwezesinde bir perişde durdy. Derwezelerinde ysraýyl ogullarynyň 12 taýpasynyň ady ýazylgydy.
13 Şäheriň gündogarynda üç, demirgazygynda üç, günortasynda üç, günbatarynda hem üç derweze bardy+.
14 Şäheriň diwarynyň düýbünde 12 daş bardy. Olarda Guzynyň 12 resulynyň+ ady ýazylgydy.
15 Meniň bilen gepleşip duran perişdäniň elinde altyndan ölçeg taýagy* bardy. Ol taýak bilen şäheri, derwezelerini we diwaryny ölçemelidi+.
16 Şäher dörtburç şekildedi, uzynlygy ini bilen deňdi. Perişde taýagy bilen şäheri ölçände, takmynan 2 220 kilometr* çykdy, onuň uzynlygy, ini we beýikligi deňdi.
17 Perişde şäheriň diwaryny hem ölçedi, ol ynsan we perişdäniň ölçegi bilen 144 tirsek* çykdy.
18 Şäheriň diwary ýaşma daşyndan+, özi bolsa arassa aýna ýaly sap altyndan ýasalypdy.
19 Şäheriň diwarynyň düýbi dürli-dürli gymmatbaha daşlar bilen bezelendi: birinjisi ýaşma, ikinjisi ýakut, üçünjisi çakmakdaşy*, dördünjisi zümerret,
20 bäşinjisi sardoniks, altynjysy hakyk, ýedinjisi hrizolit, sekizinjisi beril*, dokuzynjysy topaz, onunjysy hrizopraz, on birinjisi giasint, on ikinjisi ametist daşy.
21 Şäheriň 12 derwezesi 12 merjendendi, her derwezesi bir merjenden ýasalandy. Şäheriň uly köçesi sap altyndandy, dup-dury aýna ýalydy.
22 Men şäherde ybadathana görmedim, sebäbi onuň ybadathanasy Gudratygüýçli Hudaý Ýehowa*+ we Guzudy.
23 Şähere Günüň şöhlesi, Aýyň ýagtysy gerek däldi, sebäbi Hudaýyň şöhraty şähere ýagty saçýardy+, çyrasy bolsa Guzudy+.
24 Milletler şäheriň nurunda ýörär+, ýer ýüzüniň patyşalary-da özlerine berlen şöhraty oňa bererler.
25 Şäheriň derwezeleri uzakly gün açyk durar, sebäbi ol ýerde gije bolmaz+.
26 Olar milletleriň şöhratyny we hormatyny şähere bererler+.
27 Haram bolan zatlar, ýigrenji işleri edýänler we ýalançylar şähere girip bilmezler+. Şähere diňe Guzynyň ýaşaýyş kitabyna ady ýazylanlar girerler+.
Çykgytlar
^ Grek elipbiýiniň birinji we soňky harplary.
^ Sözme-söz: hrustal.
^ Sözme-söz: gamşy.
^ Sözme-söz: 12 000 stadiý. Bir stadiý 185 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Mermer daşynyň bir görnüşi.
^ Zümerret we akwamarin daşlaryna meňzeş gymmatbaha daş.