Resullar 4:1—37
4 Petrus bilen Ýahýa adamlara gürrüň berip durka, ybadathananyň gözegçisi, ruhanylar we saddukeýler+ geldiler.
2 Olar resullaryň halka Hudaýyň sözüni öwredýändigine we Isanyň direlendigi hakda aç-açan gürrüň berýändiklerine gaharlandylar+.
3 Olar Petrus bilen Ýahýany tussag etdiler+, ýöne Gün ýaşyp, garaňky düşendigi üçin, olary ertire çenli sakladylar.
4 Resullary diňlän adamlaryň köpüsi iman etdiler. Iman edenleriň sany 5 000-e golaýdy+.
5 Ertesi gün halkyň baştutanlary, ýaşululary we kanunçylar Iýerusalimde ýygnanyşdylar.
6 Olaryň arasynda uly ruhany Hannan+, baş ruhany Kaýafa+, Ýahýa, Isgender we uly ruhanynyň dogan-garyndaşlary bardy.
7 Olar Petrus bilen Ýahýany orta çykaryp: «Şeýle işleri etmäge size kim ygtyýar berdi? Muny kimiň ady bilen edýärsiňiz?» diýip soradylar.
8 Şonda Petrus mukaddes ruhdan dolup+:
«Eý halkyň baştutanlary we ýaşululary!
9 Siz agsak adama kimiň ýagşylyk edip sagaldandygyny+ bilmek isleýärsiňizmi?
10 Siz we bütin ysraýyl halky, bilip goýuň: agsak adam siziň pürse çüýlän+, ýöne Hudaýyň direlden+ nazaretli+ Isa Mesihiň ady bilen sagalyp, siziň öňüňizde dur.
11 „Ussalar, siziň zyňan daşyňyz esasy daş* boldy“+.
12 Bilip goýuň, adamlary ondan başga hiç kim* halas edip bilmez+. Hudaý diňe ol arkaly halas eder»+ diýdi.
13 Olar Petrus bilen Ýahýanyň batyrgaýlygyny, sadadygyny we bilimsizdigini*+ görüp, geň galdylar. Şonda olar Petrus bilen Ýahýanyň Isanyň ýanynda bolan şägirtlerdigine düşündiler+.
14 Emma ýanlarynda duran sagalan adamy görüp+, hiç zat diýip bilmediler+.
15 Şonda olary Mejlisden* çykaryp, şeýle maslahat etdiler:
16 «Olara näme edeli?+ Dogrudanam, täsin gudrat edipdirler, muny Iýerusalimiň ilaty hem gören bolsa+, asla inkär edip bilmeris.
17 Emma bolan waka ähli ýerlere ýaýramaz ýaly, olary gorkuzyp, Isanyň ady hakda wagyz etmezligi tabşyralyň»+.
18 Soňra olary çagyryp, Isanyň ady hakda hiç ýerde wagyz etmezligi we öwretmezligi tabşyrdylar.
19 Petrus bilen Ýahýa olara: «Oýlanyp görüň, Hudaýa gulak asmak dogrumy ýa-da size?
20 Biz gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris»+ diýdiler.
21 Baştutanlar bilen ýaşulular olara haýbat atyp gorkuzdylar, soňra boşadyp goýberdiler. Sebäbi jeza berer ýaly hiç zat tapmadylar+. Onsoňam, bolan wakany görüp, Hudaýa alkyş aýdýan halkdan gorkdular.
22 Gudrat bilen sagalan adamyň ýaşy 40-dan geçipdi.
23 Petrus bilen Ýahýa boşap, beýleki şägirtleriň ýanyna bardylar. Olar uly ruhanylaryň we ýaşulularyň aýdanlaryny gürrüň berdiler.
24 Şägirtler muny eşidenlerinde, hemmesi bilelikde batly ses bilen Hudaýa şeýle doga etdiler:
«Eý Älemiň Hökümdary, sen ýeri-gögi, deňzi we ondaky ähli zady ýaratdyň+.
25 Sen mukaddes ruhuň arkaly guluň Dawut atamyzyň dili bilen şeýle diýdiň+: „Milletler näme üçin gaharlanýar? Halklar näme üçin biderek zatlar hakda oýlanýar?
26 Ýer ýüzüniň patyşalary baş galdyrýar, hökümdarlary maslahat edip, Ýehowa* we onuň saýlanyna* garşy çykýar“+.
27 Dogrudan-da, Hirodes bilen Pontiýus Pilatus+ başga milletler we ysraýyl halky bilen şu şäherde ýygnanyşyp, seniň bellän mukaddes guluň Isa garşy çykdylar+.
28 Ähli zat öňünden aýdylyşy ýaly, seniň güýjüň bilen, seniň niýetiňe laýyklykda amala aşdy+.
29 Eý Ýehowa*, olaryň haýbat atyşyna seret, bize sözüňi batyrgaý wagyz etmäge kömek et.
30 Adamlary sagaltmak üçin güýç ber, mukaddes guluň Isanyň ady bilen+ alamatlar we gudratlar görkez»+.
31 Şägirtler ýürekden doga edenlerinde, oturan öýleri sarsdy we ählisi mukaddes ruhdan dolup+, Hudaýyň sözüni batyrgaý wagyz edip başladylar+.
32 Iman edenleriň köpüsi bir jan*, bir ten bolup, zatlaryny gysganman başgalar bilen paýlaşýardylar+.
33 Resullar bolsa Halypamyz Isanyň direlişi hakda güýjüni gaýgyrman wagyz edýärdiler+. Alla hem olara köp ýagşylyk* edýärdi.
34 Olaryň hiç biri mätäçlik çekmeýärdi+, sebäbi kimsi mellegini, kimsi öýüni satyp, puluny
35 resullara getirip berýärdiler+. Olar hem pullary her kime geregine görä paýlaýardylar+.
36 Asly kiprli Ýusup atly lewi bardy. Resullar oňa Barnabas+ diýýärdiler («Göwünlik ogly» diýmegi aňladýar).
37 Barnabas hem mellegini satyp, puluny resullara getirip berdi+.