Matta 4:1—25

  • Iblis Isany synaýar (1—11)

  • Isa Jelilede wagyz edip başlaýar (12—17)

  • Ilkinji şägirtler çagyrylýar (18—22)

  • Isanyň wagzy, öwredişi we adamlary sagaldyşy (23—25)

4  Soňra Hudaýyň ruhy Isany çöle alyp gitdi, şonda Iblis ony synap başlady+.  Isa 40 gije-gündiz agyz bekläp ajykdy.  Synagçy+ onuň ýanyna gelip: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, şu daşlary çörege öwür» diýdi.  Isa şeýle diýdi: «„Adam diňe çörek bilen däl, Ýehowanyň* agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr“ diýip ýazylgy»+.  Iblis ony mukaddes şähere+ getirdi-de, ybadathananyň diwarynyň üstüne* çykaryp+, şeýle diýdi:  «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, özüňi aşak zyň, sebäbi: „Ol perişdelerine buýruk berer“ we „Aýaklaryň daşa degmez ýaly, olar seni ellerinde göterer“+ diýip ýazylgy».  Isa oňa: «„Ýehowa* Hudaýyňy synama“ diýip hem ýazylgy»+ diýdi.  Iblis Isany bir beýik daga çykaryp, dünýäniň ähli patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezdi+.  Iblis: «Eger dyza çöküp, maňa sežde etseň, ähli zady saňa bererin» diýdi. 10  Şonda Isa: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan! „Ýehowa* Hudaýyňa sežde etmeli+, diňe oňa gulluk* etmeli“+ diýip ýazylgy» diýdi. 11  Şonda Iblis Isanyň ýanyndan gitdi+, perişdeler hem gelip, Isa hyzmat edip başladylar+. 12  Isa Ýahýanyň tussag edilendigini eşidip+, Jelilä gitdi+. 13  Ol Nazaretden gaýdandan soň, Zebulun we Naftaly etraplaryna geldi, soňra deňziň ýakasyndaky Kapernawumda ýaşap başlady+. 14  Şeýdip, Işaýa pygamberiň aýdan sözleri ýerine ýetdi: 15  «Eý Zebulun topragy we Naftaly topragy! Eý Jelile topragynda ýaşaýan ýat halklar! Deňze barýan ýoldaky, Iordanyň aňyrsyndaky halk! 16  Garaňkylykda oturan adamlar güýçli ýagtylyk gördi. Ölüm kölegesinde oturanlara nur saçyldy»+. 17  Şondan soň Isa: «Toba ediň, gökdäki Patyşalyk golaýlaşdy» diýip, wagyz edip başlady+. 18  Isa Jelile deňziniň kenaryndan barýarka, iki dogany, ýagny Petrus diýilýän Simun+ bilen Andreasy gördi. Olar balykçydy+, deňze tor zyňyp durdylar. 19  Isa olara: «Meniň yzyma düşüň. Men sizi adam tutýan balykçy edeýin» diýdi+. 20  Olar şol bada torlaryny taşlap, Isanyň yzyna düşdüler+. 21  Soňra Isa ol ýerden gidip, başga iki dogany, ýagny Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýany+ gördi. Olar kakasy Zebedeý bilen gaýykda torlaryny bejerip otyrdylar. Isa olary hem çagyrdy+. 22  Olar derrew gaýygyny we kakasyny goýup, Isanyň yzyna düşdüler. 23  Isa tutuş Jeliläni aýlanyp+, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärdi we sinagogalarda* öwredýärdi+. Ol her dürli keselli adamlary sagaldýardy+. 24  Isa hakdaky habar tutuş Siriýa ýaýrady. Onuň ýanyna her dürli keselli, syrkaw+, jyn-arwahly+, garaguşly+ we ysmaz adamlary getirdiler. Isa olaryň ählisini sagaltdy. 25  Şeýlelikde, Jelileden, Dekapolisden*, Iýerusalimden, Ýahudadan we Iordanyň aňyrsyndan gelen adamlar Isanyň yzyna düşdüler.

Çykgytlar

Ýa-da: küňresine; çür depesine.
Sözme-söz: mukaddes gulluk.
Sözlüge serediň.
Manysy: On şäher.