Ester 5:1—14
5 Üçünji gün diýlende+, Ester şa lybasyny geýdi we içki howla girip, köşgüň garşysynda durdy. Patyşa hem tagtynda otyrdy.
2 Patyşa howluda duran şa aýaly Esteri görüp begendi we altyn hasasyny uzatdy+. Şonda Ester patyşanyň ýanyna baryp, hasasyna elini degirdi.
3 Patyşa oňa: «Şa aýaly Ester, näme boldy? Näme haýyşyň bar? Patyşalygymyň ýarysyny sorasaňam bererin!» diýdi.
4 Ester hem: «Eger makul bilseňiz, şu gün siziň üçin taýýarlan oturylyşygyma geliň. Hamany+ hem alyp geliň» diýdi.
5 Şonda patyşa nökerlerine: «Derrew gidiň-de, Esteriň aýdyşy ýaly, Hamany çagyryň» diýdi. Şeýlelikde, patyşa bilen Haman Esteriň oturylyşygyna bardylar.
6 Şerap içip otyrkalar, patyşa Estere: «Näme islegiň bar? Aýdan zadyň berler. Näme arzuwyň bar? Patyşalygymyň ýarysyny sorasaňam, haýyşyňy bitirerin!»+ diýdi.
7 Ester hem: «Meniň isleg-arzuwym şudur:
8 eger patyşanyň göwnünden turan bolsam, haýyşymy bitirip, islegimi ýerine ýetirmegi makul bilen bolsa, patyşa ertirem Haman bilen oturylyşyga gelsin. Men haýyşymy ertir aýdaryn» diýdi.
9 Şol gün Haman şadyýan hem göwnühoş bolup, köşkden çykyp gaýtdy. Emma ol köşgüň derwezesinde Mordekaýa duşdy. Mordekaýyň gorkman, arkaýyn oturandygyny, ýerindenem turmandygyny görende, gahar-gazaba mündi+.
10 Ýöne Haman gaharyny ýuwudyp, öýüne gaýtdy. Soňra ol dostlaryny we aýaly Zereşi+ çagyrdy.
11 Haman ummasyz baýlygynyň bardygyny, ogullarynyň köpdügini+, patyşanyň ony ýokary wezipä belläp, beýleki han-beglerinden we emeldarlaryndan beýgeldendigini+ aýdyp öwündi.
12 Ol gürrüňiniň üstüni ýetirip: «Onsoňam, şa aýaly Ester oturylyşyga patyşa bilen menden başga hiç kimi çagyrmady+. Men ertirem patyşa bilen onuň oturylyşygyna barmaly+.
13 Ýöne köşgüň derwezesinde oturan ýehudy Mordekaýy gördügim, bar keýpim gaçýar» diýdi.
14 Şonda aýaly Zereş bilen dostlary: «Beýikligi 50 tirsek* pürs dikdir. Ertir irdenem patyşa bar-da aýt. Goý, patyşa Mordekaýy pürsden asdyrsyn+. Soňra patyşa bilen oturylyşyga git we arkaýyn göwnüňi hoşlaber» diýip maslahat berdiler. Haman maslahaty makul bilip, pürs dikdirdi.
Çykgytlar
^ Takmynan 22 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.