Sepanýa 3:1—20
3 Gozgalaňçy, haram we zalym şäheriň gününe waý!+
2 Ol gulak asmady+, terbiýäni kabul etmedi+,
Ýehowa bil baglamady+, Hudaýyna ýakynlaşmady+.
3 Han-begleri arslan kimin arlaýar+,
Kazylary gijesine enteýän möjek kimin,Daňdana çenli süňkleri gemrip gutarýar.
4 Pygamberleri tekepbirlik we dönüklik edýär+,
Ruhanylary mukaddes zatlary haramlaýar+,Kanuny bozýar+.
5 Dogruçyl Hudaý Ýehowa şäherde+ adalatsyzlyk etmeýär+.
Daňyň hemişe atyşy ýaly,Her säher hökümlerini yglan edýär.
Emma zalym adamlar utanç-haýany bilmeýär+.
6 «Men milletleri ýok etdim, diňlerini weýran etdim.
Köçeleri boşap galdy, indi hiç kim ýöremez.
Şäherler derbi-dagyn edildi,Janly-jemende galmady+.
7 Ähli günäleriň üçin jeza berler,
Şonda tutuş ýurt weýran bolmaz ýaly+,Saňa: „Menden gork, terbiýämi kabul et“+ diýdim.
Emma olar öňküsinden-de köp azgynçylyk etdiler+.
8 „Maňa garaşyň+ — muny Ýehowa aýdýar.Sizi talamaga* geljek günüme garaşyň.Men milletleri ýygnamak,Patyşalary jemlemek üçin perman çykardym.Men gaharymy, lowlaýan gazabymy indererin+.Gazap odumdan tutuş zemin ýanar+.
9 Men milletleriň dilini üýtgedip,Olara arassa dilde geplemegi öwrederin.Şonda olaryň hemmesi Ýehowanyň adyny çagyrarlar,Hudaýa agzybir* gulluk ederler“+.
10 Dagynyk halkymyň gyzy, maňa ýalbarýan adamlar,Efiopiýa derýalarynyň kenaryndanMaňa sowgat getirerler+.
11 Maňa garşy eden günäleriň sebäpli,Ol gün utanja galmarsyň+.Öwnüp, men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn.Mukaddes dagymda hiç haçan tekepbirlik etmersiň+.
12 Ýanyňda diňe kiçigöwünli, ýumşak* adamlary galdyraryn+,Olar Ýehowanyň adyny pena edinerler.
13 Ysraýylyň aman galanlary+ erbetlik etmez+,Ýalan sözlemez, agzyndan hileli sözler çykmaz.Olar iýip doýarlar, hiç kimden gorkman rahat ýatarlar»+.
14 Sion gyzy, joşup aýdym aýt!
Ysraýyl, batly ses bilen gygyr!+
Iýerusalim gyzy, ýüregiň şatlykdan joşsun, begen!+
15 Ýehowa saňa garşy çykaran hökümlerini ýatyrdy+.
Duşmanlaryňy kowdy+.
Ysraýylyň patyşasy Ýehowa ýanyňdadyr+.
Indi betbagtçylykdan gorkmarsyň+.
16 Şol gün Iýerusalime diýerler:
«Sion, gorkma!+
Elleriň gowşamasyn!
17 Ýehowa Hudaýyň ýanyňdadyr+.
Gudratygüýçli seni halas eder.
Ol saňa guwanyp şatlanar+.
Saňa bolan söýgüsinden ýüregi joşar.
Saňa seredip begener, aýdym aýdar.
18 Men baýramlaryňy küýsäp hasrat çekýänleri ýygnaryn+.Olar senden uzakdady, ýat ýurtda kemsidildiler+.
19 Şol gün saňa sütem edenlere garşy çykaryn+,Agsaklary halas ederin+.
Dargadylan halky bir ýere toplaryn+.Masgara bolan ýurdunda olary at-abraýly ederin.
20 Şol gün sizi ýurduňyza getirerin,Sizi bir ýere jemlärin.
Ýesir düşen ildeşleriňizi yzyna getirenimde,Sizi bütin halklaryň öňünde atly-abraýly ederin»+.Muny Ýehowa aýdýar+.