Sepanýa 1:1—18
1 Ýahuda patyşasy Amonyň+ ogly Ýoşyýanyň+ döwründe Ýehowa Kuşanyň ogly, Gedalýanyň agtygy, Emirýaryň çowlugy, Hizkiýanyň ýuwlugy Sepanýa* bilen gepleşdi.
2 Ýehowa şeýle diýýär:«Men ýer ýüzünden ähli zady syryp süpürerin»+.
3 «Ynsanlary, haýwanlary,Gökdäki guşlary, deňizdäki balyklary+,
Günä iterýän duzaklary*+, erbet adamlary syryp taşlaryn.Adamlary ýer ýüzünden ýok ederin — muny Ýehowa aýdýar.
4 Ýahuda we Iýerusalim halkyna el götererin.Bagal taňrysyndan nam-nyşan galmaz+.Ýalan taňrylaryň ruhanylaryny,Biwepa ruhanylary ýok ederin+.
5 Jaýlaryň üçeginde asman jisimlerine* sežde edýänleri+,Ýehowa wepaly bolmagy wada berseler-de+,Malkamyň adyndan ant içýänleri+,
6 Ýehowanyň yzyna eýermeýänleri+,Ýehowany agtarmaýanlary,
Ondan maslahat soramaýanlary+ ýok ederin».
7 Älemiň Hökümdary Ýehowanyň öňünde dymyň,
Sebäbi Ýehowanyň güni ýakyndyr+.
Ýehowa gurbanlyk taýýarlady,
Çagyranlaryny mukaddes etdi.
8 «Men, Ýehowa, gurbanlyk berjek günüm han-begleri,Şazadalary+, ýat halkyň eşigini geýýänleri jezalandyraryn.
9 Şol gün tagtyň golaýynda duranlardan,Hojaýynynyň öýünde zalymlyk, hilegärlik edenlerden hasabat soraryn».
10 Ýehowa yglan edýär:«Şol gün şäheriň Balyk derwezesinden+ ahy-nala,Täze gurlan tarapyndan+ dady-perýat,Depelerden güýçli gürrüldi eşidiler.
11 Makteş* halky, möňňürip aglaň!Sebäbi ähli täjirler ýok edildi;Kümüş ölçeýänleriň ählisi gyryldy*.
12 Şol döwür Iýerusalimi çyraly aýlanyp çykaryn,Özüne göwni ýetýänleri* höküm ederin.Olar ýüreginde: „Ýehowa ne ýagşylyk eder,Ne-de ýamanlyk“ diýýärler+.
13 Olaryň baýlygy talanar, jaýlary haraba döner+.
Jaý salarlar, ýöne onda ýaşamazlar,Üzüm agaçlaryny ekerler, emma şerabyndan içmezler+.
14 Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr!+
Ol gün ýakyndyr, çalt ýetip gelýär!+
Ýehowanyň güni gorkunçdyr+.
Şol gün batyr esgerem perýat eder+.
15 Ol gün gazap günüdir+,Ol gün betbagtçylyk we zulum+,Harabaçylyk we weýrançylyk,Garaňkylyk we tümlük+,Bulut we tüm-garaňkylyk günüdir+.
16 Ol gün söweş surnaýy çalnar+,Galalara we beýik diňlere hüjüm ediler+.
17 Men ynsanlaryň başyna betbagtçylyk indererin,Olar kör adam kimin gezerler+.Sebäbi olar Ýehowa garşy günä etdiler+.
Olaryň gany tozan kimin aýak astynda galar,Içgoşlary ders kimin ýere döküler+.
18 Olaryň altyn-kümşiÝehowanyň gazap gününde halas edip bilmez+.Onuň gazap odundan tutuş zemin ýanar+,Ol ýer ýüzüniň adamlaryny gyryp ýok eder»+.
Çykgytlar
^ Manysy: Ýehowa gizledi (gorap saklady).
^ Butparazlyk bilen bagly zatlary ýa-da işleri aňladýan bolmaly. Sözme-söz: Büdredýän daşlary. Sözlüge serediň.
^ Sözme-söz: gögüň goşunlaryna.
^ Sözme-söz: dymdyryldy.
^ Balyk derwezesiniň ýanyndaky şäheriň bir bölegi.
^ Ýa-da: Gabyň düýbüne çöken şerap löderesi kimin adamlary.