Işaýa 55:1—13
55 Teşne adamlar+, geliň, suw içiň!+
Pulsuz adamlar, alyň*, iýiň!
Geliň, şeraby, süýdi mugt+ we pulsuz alyň+.
2 Siz näme üçin çörek däl-de, biderek zat satyn alýarsyňyz?Gazanjyňyzy näme üçin doýurmaýan zada berýärsiňiz?
Meni ünsli diňläň, ýokumly zatlary iýiň+,Tagamly naharlary iýip, janyňyz lezzet alsyn+.
3 Meni diňläň, ýanyma geliň!+
Maňa gulak assaňyz, uzak ýaşarsyňyz.Dawuda bolan söýgime* wepaly bolup+,Siz bilen hökman ebedilik äht baglaşaryn+.
4 Men ony milletlere şaýat+,Halklara baştutan+ we serdar etdim+.
5 Sen ýat halky çagyrarsyň,Seni tanamaýan halk ýanyňa ylgap geler.Olar muny Ýehowa Hudaýyň,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň hatyrasyna ederler+.Sebäbi ol seni şöhratlandyrar+.
6 Wagt barka, Ýehowany agtaryň+,
Ýakyndaka, ony çagyryň+.
7 Erbet adam ýaman ýolundan dänsin+,Zalym adam pälinden gaýtsyn.Ol Ýehowa dolansyn, oňa rehim eder+.Hudaýymyza gelsin, ony doly bagyşlar+.
8 «Meniň pikirlerim siziň pikirleriňizden tapawutlanýar+,Meniň ýollarym siziň ýollaryňyza meňzemeýär».Muny Ýehowa aýdýar.
9 «Asmanyň ýerden belent bolşy ýaly,Meniň ýollarym hem siziň ýollaryňyzdan,Meniň pikirlerim hem siziň pikirleriňizden beýikdir+.
10 Asmandan ýagýan ýagyş bilen gar,Ýeri suwarman, hasyl öndürmän,Daýhana tohum, ynsana çörek bermän yzyna dolanmaz.
11 Agzymdan çykan söz hem şeýledir+.
Ol yzyna boş gaýdyp gelmez+.Islegimi hökman berjaý eder+,Buýrugymy doly ýerine ýetirer.
12 Siz şatlanyp gaýdarsyňyz+,Aman-esen yzyňyza gelersiňiz+.
Daglar sizi garşy alar,Baýyrlar begenjinden ýaňa gygyrar+,Sähranyň agaçlary el çarparlar+.
13 Ýandak ýerine arça agaçlary+,Tikenekleriň ýerine reýhan* agaçlary öser.
Bu öçmejek, ebedilik alamat bolup,Ýehowa şan-şöhrat getirer»+.