Işaýa 48:1—22
48 Ýakubyň öýi, diňläň!Siz Ysraýylyň adyny göterýärsiňiz+,Ýahudanyň neslinden* dörediňiz.Ýehowanyň adyndan ant içýärsiňiz+,Ysraýyl Hudaýyny çagyrýarsyňyz,Ýöne muny ak ýürekden*, dogruçyllyk bilen etmeýärsiňiz+.
2 Olar mukaddes şäherde ýaşaýandygyna buýsanýarlar+,Ysraýyl Hudaýyndan,Ady Serkerdebaşy Ýehowadan hemaýat soraýarlar+.
3 «Geçmişde* bolanlary öňünden aýdypdym,
Olar meniň agzymdan çykypdy.Olary äşgär edipdim+.
Men dessine aýaga galdym, olary amala aşyrdym+.
4 Siz barypýatan kesir,Boýnuňyz demirden, maňlaýyňyz misden+.
5 Size gadymy günlerde äşgär edipdim.
Siz: „Muny butumyz etdi,Guýma we oýma butlaryň emri bilen boldy“ diýmez ýaly,Heniz amala aşmanka aýdypdym.
6 Siz şolaryň baryny eşitdiňiz hem gördüňiz.
Muny başgalara aýtman durarsyňyzmy?+
Men indi size täze zatlary+,Gizlin syrlary, bilmeýän zatlaryňyzy aýdýaryn.
7 Olar gadymy döwürde däl, ýaňyja peýda boldy.Muny şu günlere çenli eşiden dälsiňiz,„Men olary bilýärdim“ diýip bilmersiňiz.
8 Siz eşitmek, bilmek islemediňiz+,Owalbaşda diňlemek islemediňiz.
Siziň dönükdigiňizi bilýärin+,Siz doglanyňyzdan bäri, günä edip gelýärsiňiz+.
9 Emma men adymyň hatyrasyna gaharymy saklaryn+;Şan-şöhratymyň hatyrasyna özümi dürsärin,Sizi ýok etmerin+.
10 Men sizi kümşüň arassalanyşy ýaly arassalamadym+,
Sizi ýanyp duran peçde, jebir-jepa içinde synadym*+.
11 Adymyň hatyrasyna, adym üçin aýaga galaryn+.Heý-de, men adyma ysnat gelmegine ýol bererinmi?+
Men şan-şöhratymy hiç kime bermerin*.
12 Ýakup, meni diňle! Saýlanym Ysraýyl, maňa gulak as!
Men üýtgemeýärin+, men ilkinji we soňkudyryn+.
13 Men elim bilen ýeriň düýbüni tutdum+,Sag elim bilen asmany ýaýdym+.
Olary çagyrsam, derrew huzuryma gelýärler.
14 Ähliňiz jem bolup diňläň.
Butlaryň* haýsysy muny yglan etdi?
Ýehowa ony* gowy gördi+.
Ol Wawilona garşy niýetimi amala aşyrar+,Eli bilen haldeýleri urar+.
15 Men aýtdym, men çagyrdym+,
Men ony getirdim, eden işi oňuna bolar+.
16 Huzuryma geliň, diňläň!
Owalbaşda gizlemedim, jar etdim+.
Ol berjaý bolanda, men şol ýerdedim».
Ine, Älemiň Hökümdary Ýehowa ruhuny berip, meni iberdi.
17 Siziň Halasgäriňiz* Ýehowa,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy+ şeýle diýýär:
«Men, Ýehowa, siziň Hudaýyňyz.Size peýdaly* zatlary öwredýärin+,Ýöremeli ýoluňyzdan alyp barýaryn+.
18 Eger tabşyryklarymy diňleseňiz+,
Parahatlygyňyz derýa kimin+,Dogruçyllygyňyz deňiz tolkunlary kimin bolar+.
19 Nesilleriňiz çäge deý köp bolar,Nebereleriňiz çäge deý sansyz-sajaksyz bolar+.
Atlary hiç haçan öçmez, ýitip gitmez».
20 Wawilondan çykyň!+
Haldeýlerden gaçyň!
Muny gygyryp yglan ediň, buşlaň!+
Tutuş ýer ýüzüne jar edip+ diýiň:
«Ýehowa guly Ýakup üçin töleg töledi+.
21 Olary çölden geçirende suwsamadylar+.
Olar üçin gaýadan suw akdyrdy,Gaýany ýardy, suw çogup çykdy»+.
22 Ýehowa: «Erbetler asuda durmuş görmezler» diýýär+.
Çykgytlar
^ Sözme-söz: hakykatda.
^ Sözme-söz: suwlaryndan.
^ Sözme-söz: Ilkinji.
^ Başga manysy: saýladym.
^ Ýa-da: hiç kim bilen paýlaşmaryn.
^ Sözme-söz: Olaryň.
^ Ýagny Kiri.
^ Ýa-da: gowy.
^ Sözme-söz: Töleg tölän.