Bäşinji Musa 25:1—19
25 Eger iki adam dawalaşsa, olar kazylaryň ýanyna barsyn+. Kazylar meselä seredip, kimiň günäli, kimiň bigünädigini aýtsyn+.
2 Günäkäri gamçylamaly bolsa+, kazy ony öňünde ýere ýatyrdyp gamçylatsyn. Näçe gamçy urmalydygy etmişine görä çözülsin.
3 Emma günäkäriň jezasy 40 gamçydan köp bolmasyn+. Şondan artyk gamçylasaňyz, doganyňyzyň mertebesini peseldersiňiz.
4 Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň+.
5 Biri-birine golaý ýaşaýan iki doganyň biri ogly bolmanka ýogalsa, aýaly kesekä* durmuşa çykmasyn. Merhumyň dogany onuň aýalyny alyp, garyndaşlyk borjuny berjaý etsin+.
6 Aýalyň ilkinji doglan ogly merhumyň ogly hasaplanar*+. Şonda merhumyň ady Ysraýyldan ýitip gitmez+.
7 Emma merhumyň dogany onuň aýalyny almak islemese, aýal şäher derwezesindäki ýaşulularyň ýanyna baryp: „Ärimiň dogany Ysraýylda doganynyň adyny ýöretmekden boýun gaçyrýar. Ol garyndaşlyk borjuny berjaý edip, maňa öýlenmekden ýüz öwürýär“ diýsin.
8 Şäher ýaşululary ol adamy çagyryp gepleşsinler. Ol şonda-da: „Men ony aljak däl“ diýip dursa,
9 doganynyň aýaly ýaşulularyň öňünde ol adamyň aýagyndaky çarygyny çykarsyn-da+, ýüzüne tüýkürip: „Doganynyň neslini dowam etmeýän* adama şeýle edilýändir“ diýsin.
10 Şondan soň il arasynda onuň maşgalasyna* „Çarygy çykarylan“ diýler.
11 Iki adam urşup durka, biriniň aýaly ärini gorajak bolup, urýan adamyň jynsy agzasyndan tutsa,
12 aýalyň elini çapyň, rehim etmäň.
13 Torbaňyzda iki dürli, agyr hem ýeňil terezi daşy bolmasyn+.
14 Öýüňizde iki dürli, uly hem kiçi ölçeg gaby* bolmasyn+.
15 Tereziňiz, ölçeg gabyňyz dogry hem halal bolsun, şonda Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurdunda uzak ýaşarsyňyz+.
16 Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz iliň hakyny iýýän adamy ýigrenýändir+.
17 Şeýle-de Müsürden gelýärkäňiz, amalekleriň size näme edendigini unutmaň+.
18 Ýolda ýadap, ysgynsyz gelýärkäňiz, olar Hudaýdan gorkman, üstüňize çozup, yzdan ýöräp gelýänleri gyrdylar.
19 Şonuň üçin Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurduna baranyňyzda+, Ýehowa Hudaýyňyz sizi duşmanlaryňyzdan halas edende*, amalekleriň adyny gök astyndan öçürip taşlaň+. Muny ýatdan çykaraýmaň.
Çykgytlar
^ Ýa-da: äriniň tohum-tijinden bolmadyk adama.
^ Sözme-söz: merhumyň adyny göterer.
^ Ýa-da: hojalygyny dikeltmeýän.
^ Sözme-söz: adyna.
^ Sözme-söz: çuwal. Goşmaça maglumata serediň: B14.
^ Sözme-söz: dynçlyk berende.