Ikinji Şamuwel 6:1—23
6 Dawut ýene-de Ysraýylyň edermen esgerlerini ýygnady, jemi 30 000 esger çykdy.
2 Dawut esgerleri bilen hak Hudaýyň äht sandygyny+ getirmek üçin Bagaly-ýahuda gitdi. Halk äht sandygynyň ýanyna baryp, keruplaryň üstünde* tagtda oturan+ Serkerdebaşy Ýehowanyň+ adyny çagyrardy.
3 Olar hak Hudaýyň äht sandygyny täze araba+ ýükläp, baýyrlykdaky Abynadabyň öýünden+ alyp gaýtdylar. Abynadabyň ogullary Uza bilen Ahyý arabanyň öňünden gelýärdi.
4 Olar Abynadabyň baýyrlykda gurlan öýünden hak Hudaýyň äht sandygyny getirýärdiler. Ahyý äht sandygynyň öňünden ýöräp barýardy.
5 Dawut bilen ysraýyllar arçadan ýasalan her dürli gurallarda, arfada, kirişli saz gurallarda+, deprekde+, kakuw düwmelerinde we bürünç çanda*+ saz çalyp, Ýehowanyň huzurynda şatlyk-şagalaň edip gelýärdi.
6 Emma Nekon harmanyna ýetenlerinde, öküzler arabany tas agdarypdy. Uza elini uzadyp, hak Hudaýyň äht sandygyny saklady+.
7 Şonda Ýehowanyň Uza gahary gelip, oňa jeza berdi+, sebäbi ol Hudaýyň kanunyny äsgermezlik etdi+. Uza hak Hudaýyň äht sandygynyň ýanynda jan berdi.
8 Ýehowanyň Uza gaharlanandygyny görüp, Dawut gynandy*. Şol ýere henizem Perez-uza* diýilýär.
9 Şol gün Dawut Ýehowadan gorkup+: «Ýehowanyň äht sandygyny indi nädip şäherime äkideýin?!» diýdi+.
10 Dawut Ýehowanyň äht sandygyny öz şäherine+ äkitmek islemedi. Ol sandygy getli Abytedomyň öýüne iberdi+.
11 Ýehowanyň äht sandygy getli Abytedomyň öýünde üç aý durdy. Ýehowa Abytedomyň we öý-içerisiniň berekedini artdyrýardy+.
12 Dawuda: «Hak Hudaýyň äht sandygy Abytedomyň öýüne eltileninden bäri, Ýehowa onuň öý-içerisine bereket berip, mal-mülküni artdyrýar» diýip habar berdiler. Şonda ol şatlyk-şagalaň+ bilen hak Hudaýyň äht sandygyny Dawudyň şäherine getirmek üçin Abytedomyň öýüne gitdi.
13 Ýehowanyň äht sandygyny göterýänler+ alty ädim ädende, Dawut bir öküz we semiz mal gurbanlyk berdi.
14 Dawut begenjinden ýaňa Ýehowanyň huzurynda böküp tans edýärdi, egninde-de zygyr* matadan tikilen öňlük* bardy+.
15 Dawut bilen ysraýyllar surnaý* çalyp+, şatlyk-şowhun bilen+ Ýehowanyň äht sandygyny+ alyp gelýärdi.
16 Ýehowanyň äht sandygy Dawudyň şäherine getirilende, Şawulyň gyzy Mihal+ penjireden seredip durdy. Ol Dawudyň Ýehowanyň huzurynda böküp tans edýänini görüp, oňa göwnüýetmezçilik etdi*+.
17 Ýehowanyň äht sandygyny Dawudyň gurduran çadyrynda goýdular+. Dawut Ýehowanyň huzurynda+ ýakma+ we parahatlyk gurbanlyklary+ hödürledi.
18 Dawut ýakma we parahatlyk gurbanlyklary berensoň, Serkerdebaşy Ýehowanyň adyndan halka ak pata berdi.
19 Dawut bütin ysraýyl jemagatyna, aýal-erkek diýmän, hemme adama halka görnüşli çörek, hurmaly* we kişmişli külçe paýlady. Soňra her kim öýli-öýüne gaýtdy.
20 Dawut maşgalasyna ak pata bermäge gelende, Şawulyň gyzy Mihal+ öňünden çykyp: «Bu gün Ysraýyl patyşasy emeldarlaryň gyrnaklarynyň öňünde ýeňilkelle ýaly, ýarym-ýalaňaç tans edip, masgara boldy!»+ diýdi.
21 Şonda Dawut: «Şatlansam, Ýehowa üçin şatlanýaryn. Hudaý kakaňa, onuň hojalygyna derek meni saýlap, Ýehowanyň ysraýyl halkyna baştutan edip goýdy+. Ýehowanyň öňünde şatlanyp,
22 özümi has-da kiçelderin, mertebämi peselderin. Seniň diýýän gyrnaklaryň bolsa meni öwüp, arşa çykarar» diýdi.
23 Şonuň üçin Şawulyň gyzy Mihalyň+ ömrüniň ahyryna çenli çagasy bolmady.
Çykgytlar
^ Başga manysy: arasynda.
^ Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.
^ Sözme-söz: gaharlandy.
^ Manysy: Uza garşy gazap.
^ Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
^ Sözme-söz: ýüreginde ýigrenip başlady.
^ Kak edilen hurma göz öňünde tutulýar.