Birinji Petrus 3:1—22

  • Är⁠-⁠aýallar (1—7)

  • Duýgudaş boluň, parahatlygy agtaryň (8—12)

  • Dogruçyllyk üçin horluk çekmek (13—22)

    • Jogap bermäge taýyn boluň (15)

    • Suwa çümdürilmek we päk ynsap (21)

3  Aýallar, siz hem äriňize tabyn boluň+. Eger äriňiz Hudaýyň sözüni diňlemeýän bolsa, onda aýdýan sözleriňize däl⁠-⁠de, edim⁠-⁠gylymyňyza seredip iman eder+.  Sebäbi olar siziň päk ýaşaýşyňyzy+ we çuňňur hormatyňyzy görerler.  Siz özüňizi diňe bir saç örümleri, altyn şaý⁠-⁠sepler+ ýa⁠-⁠da gymmatbaha eşikler bilen däl⁠-⁠de,  Hudaýyň gymmat saýýan ýuwaş we mylaýym häsiýetleri* bilen bezäň+, sebäbi olar hiç haçan solmaýan gözellikdir.  Gadymy döwürde Hudaýa umyt edip ýaşan wepaly* aýallar hem ärine tabyn bolup özlerini bezeýärdiler.  Bibisara hem Ybraýyma hojaýynym diýip tabyn bolýardy+. Eger siz ýagşy işleri edip, hiç bir zatdan gorkmasaňyz, Bibisaranyň gyzlary bolarsyňyz+.  Ärler, siz hem paýhasly bolup, aýalyňyzyň ýagdaýyna düşünjek boluň. Olara ejiz gap ýaly garap, hormat goýuň+, ýogsam Hudaý doga⁠-⁠dilegleriňizi diňlemez, sebäbi aýallar hem siziň bilen deň hatarda+ Hudaýyň ýagşylygy bilen ýaşaýşy miras alarlar.  Şeýlelikde, ähliňiz bir pikirde+, duýgudaş, rehimdar+, pesgöwünli boluň+, biri⁠-⁠biriňizi doganyňyz kimin söýüň.  Ýamanlyga ýamanlyk bilen gaýtargy bermäň+, biri⁠-⁠biriňize göwne degiji sözleri aýtmaň+, gaýtam Hudaýyň saýlanlary hökmünde hoş sözleri aýdyň+, şonda Hudaý size köp bereket berer*. 10  «Kim bagtly ýaşap, uzak ömür sürmek islese, dilini erbetlikden+ we agzyny hilegärlikden saklasyn. 11  Ýamanlykdan gaça dursun+, ýagşylyk etsin+, parahatlygy agtarsyn, ony gorap saklasyn+. 12  Ýehowa* dogruçyllara nazar salýar, olaryň ýalbaryp edýän dogalaryny eşidýär+. Ýehowa* erbetlerden ýüzüni sowýar»+. 13  Ýagşy işleri yhlasly etseňiz, kim size ýamanlyk eder?+ 14  Emma dogruçyl bolanyňyz üçin görgi görýän bolsaňyz bagtlysyňyz+. Ýöne adamlaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň*, alada⁠-⁠da etmäň+. 15  Ýüregiňizde Mesihi Halypamyz hökmünde mukaddes hasaplaň. Umydyňyz hakda sorana jogap bermäge hemişe taýyn boluň, ýöne muny ýumşaklyk+ we çuňňur hormat bilen aýdyň+. 16  Päk ynsaply+ we Mesihiň şägirtleri hökmünde ýagşy edim⁠-⁠gylymly boluň+, şonda siz hakda erbet zatlary aýdýanlar utanarlar+. 17  Eger Hudaý horluk çekmegiňize ýol berse, ýamanlyk däl⁠-⁠de+, ýagşylyk edip horluk çekeniňiz gowudyr+. 18  Dogruçyl Mesih günäleri bir gezekde hemişelik aýyrmak üçin öldi+. Ol günäli adamlary+ Hudaý bilen ýaraşdyrmak isledi+. Mesih ynsan bolup öldi+, ýöne ruh bolup direldildi+. 19  Soňra gidip, tussaglykdaky ruhlara wagyz etdi+. 20  Hudaý Nuhuň günlerinde gäminiň ýasalmagyna+ sabyrly garaşýarka, şol ruhlar gulak asmandylar+. Şonda tupandan bary⁠-⁠ýogy sekiz adam* halas bolupdy+. 21  Şol waka suwa çümdürilmek bilen deňeşdirilýär. Indi siz suwa çümdürilip, Isa Mesihiň direlmegi bilen halas bolýarsyňyz. Suwa çümdürmek bolsa bedeniňdäki hapany ýuwmagy däl⁠-⁠de, Hudaýdan päk ynsaby dilemegi aňladýar+. 22  Mesih göge galyp, Hudaýyň sag tarapynda oturdy+, perişdeler, häkimiýetler, güýçler hem oňa tabyn boldy+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ruhy.
Sözme⁠-⁠söz: mukaddes.
Sözme⁠-⁠söz: Hudaýdan miras alarsyňyz.
Başga manysy: haýbatyndan gorkmaň.
Sözme⁠-⁠söz: jan. Sözlüge serediň.