Birinji Musa 40:1—23
40 Birnäçe wagtdan Müsür faraonynyň baş şerapçysy+ we baş çörekçisi hojaýynlarynyň göwnüni ýykdy*.
2 Faraon baş şerapçy bilen baş çörekçisine+ gaharlanyp, hyzmatkärleriň ikisini-de
3 garawullaryň baştutanynyň+ seredýän zyndanyna saldy. Ýusup hem şol zyndanda otyrdy+.
4 Garawullaryň baştutany Ýusuba olaryň ýanynda bolup, hyzmatyny etmegi tabşyrdy+. Olaryň zyndana düşenine birnäçe wagt bolupdy.
5 Bir gije Müsür faraonynyň zyndanda oturan şerapçysy we çörekçisi düýş gördi. Düýşleriň hersiniň öz ýorgudy bardy.
6 Ertesi irden Ýusup gelip görse, ikisi hem aladaly görünýärdi.
7 Ýusup faraonyň hyzmatkärlerinden: «Näme ýüzüňiz salyk?» diýip sorady.
8 Olar: «Ikimizem düýş gördük, ýöne ýorup biljek adam ýok» diýip jogap berdiler. Ýusup: «Düýşüň ýorgudy Hudaýdandyr!+ Hany, düýşüňizi gürrüň beriň» diýdi.
9 Baş şerapçy düýşüni Ýusuba gürrüň berip başlady: «Öňümde üzüm agajy duranmyş.
10 Agajyň üç şahasy bar. Ol pyntyklap gülledi, soňra üzüm salkymlary peýda boldy.
11 Faraonyň käsesi meniň elimdemiş. Üzümi käsä sykyp, faraona uzadýarmyşym».
12 Şonda Ýusup: «Ine, düýşüň ýorgudy: üç şaha üç gündür.
13 Üç günden faraon seni boşadyp, öňki wezipäňe bellär+. Sen öňkiň ýaly baş şerapçy bolup, faraona şerap guýup berersiň+.
14 Ýöne hemme işiň ugruna bolanda, meni hem ýatla. Maňa ýagşylyk edip*, faraona men hakda gürrüň beräý. Belki, ol meni boşadar.
15 Onsoňam, meni ýewreýleriň ýurdundan tutup getirdiler+. Bärde-de zyndana* taşlanar ýaly iş edemok»+ diýdi.
16 Ýusubyň düýşi gowulyga ýorandygyny görüp, baş çörekçi: «Menem bir düýş gördüm. Depämde ak undan bişirilen üç sebet çörek barmyş.
17 Iň ýokarky sebetde faraon üçin bişirilen süýji-süýji nygmatlar bar. Olary guşlar iýýärmiş» diýdi.
18 Ýusup: «Ine, düýşüň ýorgudy: üç sebet üç gündür.
19 Üç günden faraon seni zyndandan çykarar-da, kelläňi alyp, jesediňi pürsden asar. Maslygyň guşlara şam bolar»+ diýdi.
20 Üç günden faraon doglan gününi belläp+, emeldarlary üçin meýlis gurnady. Ol baş şerapçy bilen baş çörekçini zyndandan çykaryp, emeldarlarynyň öňüne getirtdi.
21 Faraon baş şerapçyny öňki wezipesine belledi. Ol ýene-de faraona şerap guýup berýärdi.
22 Baş çörekçini bolsa pürsden asdyrdy. Ähli zat Ýusubyň aýdyşy ýaly boldy+.
23 Ýöne baş şerapçy Ýusuby ýatdan çykarypdy+.
Çykgytlar
^ Ýa-da: hojaýynlaryna garşy günä etdi.
^ Ýa-da: wepaly söýgi bildirip.
^ Sözme-söz: guýa; çukura.