1 Şamuwel 5:1—12

  • Äht sandygy piliştlileriň ýurdunda (1—12)

    • Dagon taňrysy (1—5)

    • Piliştlileriň başyndan inen betbagtçylyk (6—12)

5  Piliştliler hak Hudaýyň äht sandygyny+ Ebenezerden Aşdota getirdiler.  Sandygy Dagon taňrysynyň buthanasyna eltip, Dagon butunyň gapdalynda goýdular+.  Ertesi irden tursalar, Dagon taňrysy Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde ýüzin ýykylyp ýatan eken+. Aşdotlylar buty galdyryp, öňki ýerinde goýdular+.  Ertesi turup görseler, Dagon buty ýene-de Ýehowanyň äht sandygynyň öňünde ýüzin ýykylyp ýatyr. Dagonyň kellesi bilen iki eli döwlüp, buthananyň bosagasynda ýatan eken, göwresiniň diňe balyga meňzeş bölegi* bitewi galypdyr.  Şonuň üçin Dagonyň ruhanylary we Aşdotdaky Dagon buthanasyna girýänler häli-häzire çenli hem bosaga basman, ätläp geçýärler.  Ýehowa aşdotlylara jeza berip, Aşdotda we daş-töwereginde ýaşaýan adamlary babasyl* keseli bilen gyrdy+.  Aşdotyň ilaty muny görüp: «Ysraýyl Hudaýynyň äht sandygyny bärde saklamalyň. Ol biziňem, taňrymyz Dagonyňam başyna ýeter» diýişdiler.  Soňra piliştli hanlary çagyryp: «Ysraýyl Hudaýynyň äht sandygyny näme edeli?» diýip soradylar. Olar: «Get şäherine+ iberiň» diýip jogap berdiler. Ysraýyl Hudaýynyň äht sandygyny şol şähere äkitdiler.  Äht sandygy Get şäherine eltilende, Ýehowa şäheriň ilatyny gorka saldy. Hudaý olaryň uludan-kiçä baryny babasyl keseline uçratdy+. 10  Şonda hak Hudaýyň äht sandygyny Ekrona+ iberdiler. Emma sandyk eltilen badyna, ekronlylar: «Ysraýyl Hudaýynyň äht sandygyny getirip, bizi-de, halkymyzy-da gyrjak bolýarlar!»+ diýip gygyryşdylar. 11  Olar piliştli hanlary çagyryp: «Ysraýyl Hudaýynyň äht sandygyny äkidip, ýerinde goýuň, ýogsam barymyz öleris» diýdiler. Tutuş şähere aýylganç gorky aralaşypdy. Hak Hudaý olara agyr jeza beripdi+. 12  Diri galanlar bolsa babasyl keseline uçrady. Halkyň ahy-nalasy göge baryp ýetdi.

Çykgytlar

Sözme-söz: diňe Dagon. Dagon butunyň ýarty göwresi adam, ýarysy balyk şekilli bolan bolmaly.
Ýa-da: gemorroý.