Titullar
Mesihçiler dini titullary ulanýarmy?
Mukaddes Kitapdan mysal:
Luk 18:18, 19. Isa özüne «Ýagşy Mugallym» diýdirmedi, sebäbi Ýehowany şöhratlandyrmak isleýärdi.
Mesihçiler näme üçin bir-birine «Ata» ýa-da «Ýolbaşçy» diýip ýüzlenmeýärler?
Mukaddes Kitapdan mysallar:
Mat 23:9—12. Isa şägirtlerine özüňize «Ata» ýa-da «Ýolbaşçy» diýdirmäň diýdi.
1Kr 4:14—17. Pawlus resul köpler üçin ata ýaly bolsa-da, hiç kim oňa «Ata» diýip ýüzlenmedi.
Mesihçileriň bir-birine dogan-uýa diýmegi we ýakyndan gatnaşmagy näme üçin ýerlikli?
Serediň: Res 12:17; 18:18; Rim 16:1
Mukaddes Kitapdan mysal:
Mat 12:46—50. Isa Ýehowa gulluk edýän adamlary dogany we uýasy ýaly görýändigini aýtdy.
Mesihçiler kazylara, hökümet ýolbaşçylaryna we işgärlerine ýüzlenende titullary ulansa näme üçin ýerlikli bolar?
Mukaddes Kitapdan mysal:
Res 26:1, 2, 25. Pawlus resul Agrippa we Fest ýaly hökümdarlara titullaryny tutup ýüzlendi.