Hasrat çekmek
Adam ölende hasrat çekmek näme üçin nädogry däl?
Ýehowanyň hasrat çekýän adama göwünlik bermek isleýändigini nireden bilýäris?
Adam ölensoň näme bolýandygyny bilmek bize tesseli berýär
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Luk 20:37, 38. Isa ölen adamlar «Hudaý üçin diridir» diýmek bilen, direlişiň hökman boljakdygyny aýtdy.
-
Ýah 11:5, 6, 11—14. Dosty Lazar aradan çykanda Isa ölümi uky bilen deňeşdirdi.
-
Ýew 2:14, 15. Pawlus resul ölümden gorkmaly däldigimizi aýtdy.
-
Mukaddes Kitapda näme üçin adamyň ölen güni doglan gününden gowudyr diýilýär?
Mukaddes Kitapda ölüm barada näme diýilýär we Hudaý gelejekde näme eder?
Biz direlişiň boljakdygyna näme üçin ynanýarys?
Işa 26:19; Ýah 5:28, 29; Res 24:15
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Mukaddes Kitapda dokuz direliş barada aýdylýar. Sekiz adam ýerdäki ýaşaýyş üçin direldi. Ýakyny aradan çykan adam şol wakalary okap teselli tapar we gelejege umydy bolar.
-
1Pa 17:17—24. Ylýas pygamber Sidonyň Sarepta şäherindäki dul aýalyň ogluny direltdi.
-
2Pa 4:32—37. Alyşa şunemli oglanjygy direldip, ene-atasyna gowşurdy.
-
2Pa 13:20, 21. Bir adamyň jesedi Alyşa pygamberiň süňklerine degen badyna, direlip ýerinden turdy.
-
Luk 7:11—15. Naýyn şäherinde dul aýalyň ogluny jaýlamaga äkidip barýarkalar, Isa oglany direltdi.
-
Luk 8:41, 42, 49—56. Isa sinagoganyň başlygynyň gyzyny direltdi.
-
Ýah 11:38—44. Isa Marta bilen Merýemiň dogany Lazary direltdi.
-
Res 9:36—42. Petrus resul Dorkany direltdi. Dorka imandaşlaryna köp ýagşylyk edipdi.
-
Res 20:7—12. Pawlus resul äpişgeden gaçan Eftih atly oglany direltdi.
-
-
Hudaý Isa Mesihi gökde ýaşamak üçin ruhy şahsyýet edip direltdi. Isanyň direlişi Hudaýyň ähli wadalaryny ýerine ýetirjekdigini subut edýär.
-
Isa gökde ýaşamak üçin ilkinji bolup direldi. 144 000 saýlanlar hem direlip, onuň bilen höküm sürerler.
-
Dogan-garyndaşlary aradan çykan adamlara nädip göwünlik berip bileris?