Ýehowa
Hudaýyň ady
Ýehowa diýen at «Boldurýar» diýmegi aňladýar
Ýehowa gullukçylarynyň aladasyny etmek üçin kim bolaýyn diýse bolup bilýär
Ýehowanyň adynyň aklanmagy näme üçin wajyp?
Biz näme üçin Älemiň Hökümdary Ýehowa gulak asmaly?
Ýehowanyň titullary:
Allatagala (1Ms 14:18—22; Zb 7:17).
Arkadag (5Ms 32:4; Işa 26:4).
Ata (Mat 6:9; Ýah 5:21).
Beýik Hudaý (Ýew 1:3; 8:1).
Beýik Mugallym (Işa 30:20).
Döwürleriň Patyşasy (1Tm 1:17; Ylh 15:3).
Älemiň Hökümdary (Işa 25:8; Ams 3:7).
Gudratygüýçli (1Ms 17:1; Ylh 19:6).
Serkerdebaşy Ýehowa (1Şm 1:11).
Ýehowanyň esasy häsiýetleri
Ýehowa mukaddes Hudaý. Hudaýyň mukaddesligi bizi näme etmäge höweslendirýär?
2Ms 28:36; 3Ms 19:2; 2Kr 7:1; 1Pe 1:13—16
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Işa 6:1—8. Işaýa pygamber Ýehowanyň mukaddesligi hakda görnüş görende, özüni dereksiz duýýar. Ýöne seraplaryň biri oňa günäli adamyň hem Hudaýyň öňünde arassa bolup bilýändigini aýtdy.
-
Rim 6:12—23; 12:1, 2. Pawlus resul günäli höweslerimiz bilen göreşmek we «mukaddes ýaşamak» üçin näme etmelidigimizi aýtdy.
-
Ýehowanyň çäksiz güýji bar. Ol güýjüni nädip ulanýar?
2Ms 15:3—6; 2Tr 16:9; Işa 40:22, 25, 26, 28—31
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
5Ms 8:12—18. Musa pygamber ysraýyl halkyna ähli gowy zatlary Gudratygüýçli Ýehowanyň berendigini aýtdy.
-
1Pa 19:9—14. Ýehowa güýjüni görkezip, ruhdan düşen Ylýas pygamberi ruhlandyrdy.
-
Ýehowa näme üçin iň adalatly şahsyýet diýse bolar?
5Ms 32:4; Eýp 34:10; 37:23; Zb 37:28; Işa 33:22
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
5Ms 24:16—22. Musa pygambere berlen kanundan görnüşi ýaly, Ýehowa adalatly, rehimdar we mähirli Hudaý.
-
2Tr 19:4—7. Ýehoşapat patyşa kazylary bellände, olara öz düşünjesine görä däl-de, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça kazylyk etmegi tabşyrdy.
-
Ýehowanyň iň akyldar şahsyýetdigini nireden bilýäris?
Zb 104:24; Nak 2:1—8; Ýer 10:12; Rim 11:33; 16:27
Serediň: Zb 139:14; Ýer 17:10
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
1Pa 4:29—34. Ýehowa Süleýman patyşa çäksiz akyldarlyk berdi, ýer ýüzünde ondan akyldar adam ýokdy.
-
Luk 11:31; Ýah 7:14—18. Isa Süleýmandan hem akyldardy; ýöne ol akyldarlygy Ýehowanyň berýändigini aýtdy.
-
Ýehowa adamlary güýçli söýýändigini nädip görkezdi?
Ýah 3:16; Rim 8:32; 1Ýh 4:8—10, 19
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Mat 10:29—31. Isa serçe hakdaky mysaly gürrüň berip, Ýehowanyň gullukçylaryny söýýändigini we gadyryny bilýändigini aýtdy.
-
Mar 1:9—11. Ýehowa Hudaý gökden Ogluny söýýändigini we oňa guwanýandygyny aýtdy. Bu waka çagalaryň öwgüli sözlere we söýgä mätäçdigini görkezýär.
-
Siz Ýehowanyň ýene nähili häsiýetlerini gowy görýärsiňiz? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň başga-da häsiýetleri agzalýar. Meselem, Ýehowa...
adalatly (Zb 7:9).
bagtly Hudaý (1Tm 1:11).
beýik (Zb 8:1; 148:13).
ebedi Hudaý (Zb 90:2; 93:2).
ähli zady görýär (2Tr 16:9; Nak 15:3).
jomart (Zb 104:13—15; 145:16).
mähirli (2Ms 34:6).
parahat (Flp 4:9).
pesgöwünli (Zb 18:35).
rehimdar (Işa 49:15; 63:9; Zek 2:8).
sabyrly (Işa 30:18; 2Pe 3:9).
şöhratly (Ylh 4:1—6).
üýtgemeýän Hudaý (Mel 3:6; Ýak 1:17).
wepaly (Ylh 15:4).
ýagşylyk edýän Hudaý (Luk 6:35; Rim 2:4).
Ýehowa Hudaýy ýakyndan tanasak durmuşymyza nähili täsir eder?
Ýehowa gulluk etmek
Ýehowanyň öz gullukçylaryndan güýjünden artyk zady talap etmeýändigini nireden bilýäris?
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
5Ms 30:11—14. Ysraýyl halkyna Ýehowanyň Musa pygamber arkaly beren kanunlaryna gulak asmak kyn däldi.
-
Mat 11:28—30. Isa şägirtlerine: «Men ýumşak we pesgöwünlidirin» diýdi, sebäbi ol Atasy Ýehowadan görelde alýardy.
-
Biz näme üçin Ýehowany şöhratlandyrmaly?
Serediň: Ýer 20:9; Luk 6:45; Res 4:19, 20
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
Zb 104:1, 2, 10—20, 33, 34. Mezmurçy Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn edip, ony şöhratlandyrdy.
-
Zb 148:1—14. Ähli janly we jansyz zatlar hem-de perişdeler Ýehowany şöhratlandyrýar. Biz hem olaryň göreldesine eýermeli.
-
Biziň edim-gylymymyz Ýehowany nädip şöhratlandyrýar?
Biz näme üçin Ýehowa bilen dostlaşmaly?
Pesgöwünlilik häsiýeti Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edýär?
Mukaddes Kitaby okamak we oýlanmak Ýehowa bilen dostlaşmaga nädip kömek edýär?
Ýehowa barada öwrenen zatlarymyzy näme üçin durmuşymyzda ulanmaly?
Biz näme üçin Ýehowadan hiç zady gizlemeli däl?
Eýp 34:22; Nak 28:13; Ýer 23:24; 1Tm 5:24, 25
-
Mukaddes Kitapdan mysallar:
-
2Pa 5:20—27. Geýhaz eden günäsini gizlejek bolanda, Ýehowa Alyşa pygamber arkaly ony paş etdi.
-
Res 5:1—11. Ananýas bilen Sapfira eden işini gizlejek boldy. Ýehowa olara ýalan sözländigi üçin jeza berdi.
-