108-NJI BAP
Dini ýolbaşçylaryň synanyşygy başa barmaýar
MATTA 22:15—40; MARKUS 12:13—34; LUKA 20:20—40
-
«PATYŞANYŇKYNY PATYŞA... BERIŇ»
-
DIRELIŞ WE NIKA
-
IŇ ULY TABŞYRYK
Isanyň dini duşmanlarynyň keýpi ýokdy. Sebäbi Isa ýaňyja bir hekaýany gürrüň berip, olaryň zalymdygyny görkezipdi. Şonuň üçin fariseýler ony duzaga düşürmek üçin dil düwüşýärler. Olar Rim häkimi Isany tussag eder ýaly, oňa garşy bir zatlary aýtdyrjak bolýarlar. Fariseýler öz şägirtlerini satyn alyp, şolar arkaly Isany tora salmakçydylar (Luka 6:7).
Olar gelip: «Mugallym, biz seniň dogry sözläp öwredýändigiňi we ikiýüzlülik etmän, Hudaýyň ýoluny hakykata laýyk öwredýändigiňi bilýäris. Bize aýt, patyşa salgyt tölemek dogrumy ýa-da ýok?» diýýärler (Luka 20:21, 22). Isa bu ikiýüzli we mekir adamlaryň toruna düşer ýaly akylsyz däldi. Eger ol «Salgyt tölemek nädogry» diýse, onda Rim hökümetine garşy gozgalaň turzardy. Eger-de ol «Salgyt töläň» diýse, onda halk Isanyň sözlerine ters düşünip, onuň özüne garşy hüjüm etmekleri mümkindi. Isa näme jogap bererkä?
Ol: «Eý ikiýüzlüler, siz näme üçin meni synaýarsyňyz? Hany, maňa bir dinar görkeziň» diýýär. Olar bir dinar getirip berende, Isa olardan: «Munuň ýüzünde kimiň suratyny we adyny görýärsiňiz?» diýip soraýar. Olar hem: «Patyşanyň» diýip jogap berýärler. Şonda Isa: «Onda patyşanyňkyny patyşa, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýip, gaty gowy görkezme berýär (Matta 22:18—21).
Olar Isanyň sözlerine haýran galýarlar. Isanyň ökdelik bilen beren jogabyny eşidip, olar näme
diýjeklerini bilmän, ol ýerden gaýdýarlar. Gün heniz tamamlanmandy, olaram niýetinden el çekmekçi däldiler. Görşümiz ýaly, Isany tora salmak başartmaýar. Şonuň üçin fariseýleriň ýerine dini ýolbaşçylaryň başga topary, ýagny saddukeýler gelýär.Saddukeýler direlişe ynanmaýardylar. Olar şu meseläni gozgap, bir aýala öýlenen doganlar hakda şeýle sorag berýärler: «Mugallym, Musanyň aýtmagyna görä, „Eger bir adamyň çagalary bolman dünýäden ötse, dogany onuň aýalyna öýlenip, neslini dowam etmeli“. Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Olaryň birinjisi öýlenip, nesil galdyrman aradan çykdy. Soňra onuň aýalyna dogany öýlendi. Ol hem aradan çykdy, soňra onuň üçünji we ähli ýedi dogany bilen hem şeýle boldy. Ahyrynda, ol aýal hem aradan çykdy. Doganlaryň ýedisi-de oňa öýlenipdi. Indi direlişde ol haýsysynyň aýaly bolar?» (Matta 22:24—28).
Saddukeýler Musanyň ýazanlary bilen ylalaşýardylar. Şol sebäpli Isa onuň sözlerine salgylanyp, şeýle jogap berýär: «Siz Ýazgylara-da düşünmeýärsiňiz, Hudaýyň güýjüni-de bilmeýärsiňiz. Ine, şonuň üçinem ýalňyşýarsyňyz. Olar direlende ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar gökdäki perişdeler ýaly bolarlar. Siz Musanyň kitabynda ýanyp duran gyrymsy agaç barada okamadyňyzmy? Hudaý ölüleriň direljekdigi hakda aýdanda, ol Musa şeýle diýipdi: „Men Ybraýymyň Hudaýy, Yshagyň Hudaýy we Ýakubyň Hudaýy“. Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr. Siz juda ýalňyşýarsyňyz» (Markus 12:24—27; Müsürden çykyş 3:1—6). Isanyň beren jogabyny eşiden märeke haýran galýar.
Hawa, Isa fariseýleri-de, saddukeýleri-de geplemez ýaly edýär. Indi olar bileleşip, Isany synamakçy bolýarlar. Bir kanunçy ondan: «Mugallym, Musanyň kanunynda iň wajyp tabşyryk haýsy?» diýip soraýar (Matta 22:36).
Isa şeýle jogap berýär: «„Eý Ysraýyl, diňle, biziň Hudaýymyz Ýehowa — ýeke-täk Ýehowa Hudaýdyr. Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin aň-düşünjäň we bütin güýjüň bilen söý“. Ikinji tabşyryk hem şudur: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“. Şu iki tabşyrykdan uly tabşyryk ýokdur» (Markus 12:29—31).
Kanunçy Isanyň jogabyny eşidip: «Mugallym, sen hakykata laýyk, dogry aýtdyň, „Hudaý ýeke-täkdir, ondan başga hudaý ýokdur“. Ony bütin ýüregiň, bütin aň-düşünjäň, bütin güýjüň bilen söýmeli, ýakynyňy-da özüňi söýşüň ýaly söýmeli. Bular ähli berilýän gurbanlardan has wajypdyr» diýýär. Isa onuň paýhasly jogap berşini görüp: «Sen Hudaýyň Patyşalygyna girmekden uzakda dälsiň» diýýär (Markus 12:32—34).
Isa adamlara üç günläp (9—11-nji nisan) ybadathanada tälim berýär. Käbirler, şol sanda ýaňky kanunçy ýaly adamlar Isany höwes bilen diňleýärler. Emma oňa «sorag bermäge milt edip bilmeýän» dini ýolbaşçylar hakda beýle diýip bolmaz.