Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

16-NJY BAP

Isanyň hakyky seždä bolan yhlasy

Isanyň hakyky seždä bolan yhlasy

ÝAHÝA 2:12—22

  • ISA YBADATHANANY ARASSALAÝAR

Kana şäherindäki toý sowlandan soň, Isa pygamber Kapernauma gitmek üçin ýola düşýär. Onuň ýanynda ejesi hem-de doganlary Ýakup, Ýusup, Simun, Ýahuda bardy.

Isa Kapernauma näme üçin barýarka? Bu şäher Nazarete ýa-da Kana garanyňda uludy we has amatly ýerde ýerleşýärdi. Şeýle-de Isanyň ýaňy-ýakynda saýlan şägirtleriniň köpüsi Kapernaumda ýa-da onuň daş-töweregindäki obalarynda ýaşaýardylar. Isadan tälim almak üçin olara uzak ýere gitmek gerek däldi.

Isa Kapernaumda bolan wagty köp gudratlary görkezýär. Ony diňlemek üçin şäherden we oňa golaý ýerlerden köp adamlar gelýär. B. e. 30-njy ýylynyň Pasha baýramy golaýlaýardy. Isa we onuň ýanyndakylar ýehudy bolandyklary üçin, bu baýramçylygy bellemäge tizden Iýerusalime gitmelidiler.

Iýerusalimiň ybadathanasynda şägirtler Isa babatda has-da täsirli zatlary görýärler.

Hudaýyň Kanunyna laýyklykda ysraýyllylar ybadathanada mal gurbanlaryny getirmelidiler. Gelen adamlar özleri üçin iýere zat taýýarlamalydylar. Kanuna görä uzak ýerden gelen adamlar sygyr, goýun, geçi we başga-da gerek-ýarak zatlaryny satyn alyp biler ýaly, ýanlarynda pul getirmäge rugsat berilýärdi (Kanun taglymaty 14:24—26). Emma satyjylar mallardyr guşlary ybadathananyň içinde satýardylar, has gymmat satmak bilen hem adamlary aldaýardylar.

Bu zatlary görüp, Isanyň gaty gahary gelýär. Ol pul çalyşýanlaryň teňňelerini ýere zyňyp, stollaryny agdarýar, özlerini bolsa kowýar. Isa olara: «Bu zatlary şu ýerden aýryň! Atamyň öýüni bazara öwürmegiňizi bes ediň!» diýýär (Ýahýa 2:16).

Isanyň şägirtleri muny görende, Hudaýyň Ogly hakdaky: «Seniň öýüňe bolan yhlasym meni iýer» diýen pygamberlik sözleri ýatlaryna düşýär. Şonda ýehudylar Isadan: «Sen muny etmäge haklydygyňy haýsy alamat bilen görkezip bilersiň?» diýip soraýarlar. Isa olara: «Şu ybadathanany ýumruň, men ony üç günde dikelderin» diýip jogap berýär (Ýahýa 2:17—19; Zebur 69:9).

Ýehudylar Isa Iýerusalimdäki ybadathanany göz öňünde tutýandyr öýdüp, oňa: «Ybadathanany 46 ýyllap gurdular, sen ony üç günde dikeltjek bolýarmyň?» diýýärler (Ýahýa 2:20). Emma Isa öz bedenini göz öňünde tutýardy. Üç ýyldan soň Isa aradan çykyp, direlende, şu sözler şägirtleriniň ýadyna düşýär.