6-NJY SAPAK
Ölen adamlara näme garaşýar?
1. Ölen adamlara näme garaşýar?
Isanyň Lazar atly dosty bardy. Ol Iýerusalimiň golaýynda ýerleşýän Beýtaniýa obasynda ýaşaýardy. Günleriň birinde Lazar syrkawlap aradan çykýar. Isa şol oba baranda, onuň ölenine dört gün geçipdi. Şonda Isa Lazaryň uýalary Marta we Merýem bilen dostunyň jaýlanan ýerine barýar. Tizden şol ýere uly märeke ýygnanýar. Isa Lazary direldende, Marta bilen Merýem muňa, gör, nähili begenendirler! Ýahýa 11:21—24, 38—44-nji aýatlary okaň.
Marta ölen adamlaryň direljekdigine ynanýardy. Ol Ýehowanyň ölen adamlary direldip, ýer ýüzünde ýaşatjakdygyny bilýärdi. Ýahýa 11:43-i okaň.
2. Adam ölende, oňa näme bolýar?
Allatagala ynsany «toprakdan» ýaratdy (Gelip çykyş 2:7; 3:19). Adam ölende, ýaşamagyny bes edýär. Şonda onuň beýnisi işlemegini bes edýär we pikirleri-de zym-zyýat bolýar. Lazar direlende, öli wagty nämeleri başdan geçirendigini gürrüň bermändi, sebäbi ölen adamlar hiç zady bilmeýärler. Süleýman pygamber bu pikiri nygtap, şeýle diýdi: «Ýaşaýanlar öljekdigini bilýändirler, ýöne ölüler hiç zat bilýän däldir» (Wagyz kitaby 9:5). Zebur 146:4-i okaň.
Hudaý ölen adamlary dowzahda gynaýarmy? Mukaddes Ýazgylarda ölen adamlaryň hiç zady duýmaýandygy aýdylýar. Diýmek, dowzah ody baradaky taglymata ýalan öwretme diýse bolar. Bu taglymat Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Hudaý «adamlary gynamak» diýlen düşünjäni Ýermeýa 7:31).
düýbünden ýigrenýär. Ýermeýa kitabynda Ýehowanyň bu babatda näme pikir edýändigi şeýle beýan edilýär: «Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi» («Ölensoň adamlara näme bolýar?» atly wideony görüň
3. Ölen adam biziň bilen gepleşip bilýärmi?
Ölen adamlar ne gepläp, ne-de eşidip bilýärler (Zebur 115:17). Emma käbir zalym perişdeler ölenleriň sesine öýkünip, adamlar bilen gepleşýärler (Ýahuda 6). Şol sebäpli Ýehowa ölüleri çagyrmagy gadagan edýär. Kanun taglymaty 18:10, 11-nji aýatlary okaň.
4. Gelejekde kimler direler?
Gelejekde millionlarça adamlar ýer ýüzünde ýaşamak üçin direlerler. Hatda Hudaýy tanamadyk we erbet iş eden adamlaryň hem käbiri direler. Zebur 37:29; Resullaryň işleri 24:15-i okaň.
Direlen adamlara Hudaýy tanamaga we Isa Mesihe gulak asyp, oňa iman etmäge mümkinçilik berler (Ylham 20:11—13). Olar Hudaýa ýaraýan işleri etseler, ýer ýüzünde ebedi ýaşap bilerler. Ýahýa 5:28, 29-njy aýatlary okaň.
5. Direlişiň boljakdygy Ýehowa barada nämäni aýan edýär?
Hudaý adamlary ölümiň ýesirliginden azat etmek isleýär. Şol sebäpli Allatagala Ogluny ýer ýüzüne iberip, onuň kämil janyny biziň üçin gurban etdi. Ýehowa ölen adamlary direlder. Bu Onuň söýgüden doly we merhemete baý Hudaýdygyny görkezýär. Siz direljek adamlaryň arasynda, esasan, kimi görmek isleýärsiňiz? Ýahýa 3:16; Rimliler 6:23-i okaň.