Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ON SEKIZINJI BAP

Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklady»

Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklady»

1, 2. Merýemiň ýoldaky ýagdaýyny we oňa ýola çykmagyň näme üçin kyn bolandygyny gürrüň ber.

MERÝEM birnäçe sagatlap zordan eşegiň üstünde otyr. Ýusup bolsa, onuň öňünden ýöräp barýar. Olaryň barmaly ýeri Beýtullaham gaty uzakdy. Merýem göwresindäki çagasynyň ýene-de gymyldaýandygyny duýýar.

2 Merýemiň göwreli bolanyna birnäçe aý bolupdy. Mukaddes Ýazgylarda onuň şol wagt «tizden çagasy bolmalydy» diýilýär (Luka 2:5). Bu är-aýal ekin meýdanlaryň üstünden geçip gidende, ýer sürüp ýa-da ekin ekip ýören daýhanlar Merýemiň şeýle halda ýola çykandygyny görüp, geň galandyr. Merýem näme üçin Nazaretde öýünde oturman, uzak ýola düşdükä?

3. Merýeme nähili habar aýdyldy we ol barada nämäni bileris?

3 Birnäçe aý mundan öň ýehudyly bu ýaş gyza adamzat taryhynda bir wajyp habar aýdylypdy. Ol Hudaýyň Ogly boljak Mesihi dünýä indermelidi! (Luka 1:35). Merýemiň dogurmaly wagty gelende, ol ýola düşmeli bolýar. Şonda ol imanyny gowşadyp biljek köp kynçylyklara duş gelýär. Gel, oňa ruhy taýdan berk galmaga nämäniň kömek edendigini bileli.

Olaryň Beýtullahama gitmegi

4, 5. a) Ýusup bilen Merýem näme üçin Beýtullahama gitdi? b) Sezar Awgustyň çykaran karary bilen haýsy pygamberlik ýerine ýetdi?

4 Elbetde, diňe Ýusup bilen Merýem Beýtullahama gitmedi. Sebäbi Sezar Awgust her bir adam öz doglan ýerine gidip, ilat ýazuwyndan geçmelidigi hakda karar çykarypdy. Ýusup näme edýär? Mukaddes Ýazgylarda: «Ýusup hem Dawudyň maşgalasyndan bolandygy üçin, Jeliläniň Nazaret şäherinden çykyp, Ýahuda, ýagny Dawudyň doglan şäheri Beýtullahama ýola düşdi» diýilýär (Luka 2:1—4).

5 Sezar Awgustyň şol wagt şeýle karar çykarmagy ýöne ýere däldi. Sebäbi 700 ýyl mundan öň, Mesihiň Beýtullahamda dogulmalydygy barada pygamberlik edilipdi. Nazaretden 11 km aralykda ýerleşýän Beýtullaham şäheri bardy. Emma pygamberlikde Mesihiň «Beýtullaham-Efrat» obasynda doguljakdygy aýdylýar (Mika 5:2-ni oka) *. Nazaretden bu kiçijik oba barmak üçin, Samariýanyň baýyrlyklaryndan geçip, 130 km ýol ýöremelidi. Ýusup şol Beýtullahama gitmelidi. Sebäbi ol Dawut patyşanyň dogduk mekanydy. Ýusup bilen Merýem bolsa Dawudyň neslindendi.

6, 7. a) Merýeme Beýtullahama gitmek näme üçin kyn bolandyr? b) Merýem Ýusuba durmuşa çykansoň, näme üçin özbaşdak karara gelip bilmeýärdi? (Şeýle-de çykgyda seret).

6 Merýem Ýusubyň gelen kararyny goldarmyka? Häzir Merýeme ýola düşmek aňsat däldi. Ähtimal, bu oktýabr aýynyň başy hem-de gurakçylygyň gutaryp, azda-kände ýagşyň ýagýan döwri bolmaly. Şeýle-de olar Beýtullahama barmak üçin birnäçe gün ýol ýöränsoň, 760 m beýiklige çykmalydy. Merýemiň ýagdaýyny göz öňünde tutsak, ol ýygy-ýygydan dynç almaly bolandyr we olaryň ýola has köp wagty gidendir. Şeýle ýagdaýda islendik aýal burgusy tutan badyna dogan-garyndaşlary kömege ýetişer ýaly, öýünde galmak islärdi. Dogrudanam, şeýle uzak ýola çykmak üçin Merýeme mertlik gerekdi.

Beýtullahama barmak aňsat däldi

7 Muňa garamazdan, Luka Ýusubyň «ilat ýazuwyndan geçmek üçin ýany bilen aýaly Merýemi hem alyp gidendigini» aýdýar (Luka 2:4, 5). Merýem Ýusuba durmuşa çykansoň, özbaşdak karara gelip bilmeýärdi. Ýusup maşgalabaşy bolany üçin, Merýem onuň gelýän kararlaryny goldap, kömekçi hökmünde Hudaýyň beren borjuny ýerine ýetirdi *. Şeýlelik-de, Merýem ýoldaşyna höwes bilen gulak asyp, imanyny iş ýüzünde görkezdi.

8. a) Ýene-de näme sebäpden Merýem Ýusup bilen Beýtullahama giden bolmaly? b) Merýem Hudaýyň wepaly gullukçylaryna nähili görelde görkezdi?

8 Merýem ýene-de näme sebäpden gulak asdyka? Ol Mesihiň Beýtullahamda doguljakdygy barada pygamberligi bilýärdimi? Mukaddes Ýazgylarda bu barada aýdylmasa-da, ol pygamberligi bilendir. Sebäbi şol döwür dini ýolbaşçylar, hatda adamlaryň köpüsi bu pygamberlikden habarlydy (Mat. 2:1—7; Ýahýa 7:40—42). Merýem hem Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärdi (Luka 1:46—55). Ol ýoldaşyna tabyn bolmak, häkimiň permanyna boýun bolmak ýa-da Ýehowanyň pygamberligini berjaý etmek isledimi? Ýa-da olaryň ählisini ýerine ýetirjek boldumy? Biz muny anyk bilmeýäris. Her näme-de bolsa, Merýem gulak asyp, gowy görelde görkezdi. Ýehowa pesgöwünli we gulak asyjy erkekdir aýallaryň gadyryny bilýär. Häzirem köp adamlaryň gulak asmaýan döwründe Merýem Hudaýyň wepaly gullukçylaryna gowy görelde bolup durýar.

Isa Mesihiň dogulmagy

9, 10. a) Merýem bilen Ýusup Beýtullahama golaýlaşdygyça näme hakda oýlanandyr? b) Merýem bilen Ýusup nirede düşledi we näme üçin?

9 Merýem uzakdan Beýtullahamy görende, uludan demini alyp, rahatlanan bolmaly. Olar depelerden, düzlerden aşyp, iň giç hasyl berýän zeýtun baglaryň içinden geçip, bu kiçijik obanyň taryhy barada oýlanandyr. Mika pygamberiň aýtmagyna görä, ol Ýahuda şäherleriniň arasynda iň kiçisi bolsa-da, müňlerçe ýyl mundan öň Bowaz, Nagomy we Dawut patyşa-da şu ýerde doglupdy.

10 Merýem bilen Ýusup oba gelende, ol ýerde adam örän köpdi. Başga adamlar ilat ýazuwyndan geçmäge olardan öň gelendigi sebäpli, olar myhmanhanada ýer tapmadylar *. Şol sebäpli olar alaçsyz malýatakda gije düşlemeli boldular. Göz öňüne getir, Ýusup aýalynyň öň hiç haçan şeýle agyryny duýmadyk we gitdigiçe güýçlenýän hasratyny görüp, nähili alada edendir. Hut şu ýerde-de onuň burgusy tutup başlaýar.

11. a) Merýemiň ýagdaýyna näme üçin her bir aýal düşüner? b) Näme üçin Isa «ilkinji» doglan ogul diýilýär?

11 Merýemiň ýagdaýyna her bir aýal düşünse gerek. Takmynan dört müň ýyl mundan öň, Ýehowa ähli aýallaryň çaga dogranda günä sebäpli ejir çekjekdigini öňünden aýdypdy (Gel. çyk. 3:16). Merýemiň hem ejir çekendigine hiç hili şübhe ýok. Emma Luka bu barada jikme-jik aýtmaýar. Luka diňe: «Ol ilkinji ogluny dogurdy» diýýär (Luka 2:7). Hawa, ol Merýemiň azyndan ýedi çagasynyň «ilkinjisi» bolup dünýä inýär (Mar. 6:3). Emma onuň bu ogly beýlekilerden tapawutlanýardy. Ol diňe Merýemiň ilkinji ogly däl-de, eýsem, Ýehowanyň «ähli ýaradan zatlarynyň ilkinjisi», ýagny Hudaýyň ýalňyz Ogludy! (Kol. 1:15).

12. Merýem çagasyny nirede ýatyrdy we bu Isanyň dogluşy hakyndaky sahnalardan, şekillerden hem-de suratlardan nähili tapawutlanýar?

12 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda bütin dünýäde ähli adamlara belli bolan waka barada aýdylýar. Onda: «Ol ilkinji ogluny dogrup, gundaga dolady-da, bir ahyrda ýatyrdy» diýilýär (Luka 2:7). Bu Isanyň dogluşy hakyndaky sahnalarda, şekillerde we suratlarda owadan edip görkezilýär. Aslynda, malýatagyň nähili bolandygyny göz öňüne getir. Ahyrdan mallar iýmitlenýär. Ýadyňyza düşýän bolsa, Merýem bilen Ýusup malýatakda düşläpdi. Ol ýer bolsa hemişe hapa we ondan ýaramaz ys gelýär. Haýsy ene-ata mümkinçiligi bolsa, çagasynyň şeýle ýerde dünýä inmegini islärdi? Ene-atalaryň köpüsi çagasyna iň gowy zady isleýär. Onda Merýem bilen Ýusup Hudaýyň Ogly üçin has gowusyny islemezdimi?!

13. a) Merýem bilen Ýusup ýagdaýyna görä, nädip elinde baryny etdiler? b) Häzirki ene-atalar Merýem bilen Ýusubyň garaýşyna nädip eýerip biler?

13 Merýem bilen Ýusup ýaramaz şertlere üns bermän, elinde baryny edýärler. Mysal üçin, Merýem çagasyny gundaga dolap, üşemezligi hem-de oňa zyýan ýetmezligi üçin usullyk bilen ahyrda ýatyrýar. Ol ýaramaz şertler sebäpli biynjalyk bolman, oglunyň aladasyny has gowy etmäge çalyşýar. Şeýle-de Merýem bilen Ýusup çagasyna Ýehowany söýmegi öwretmegiň wajypdygyna düşünýärdi (Kanun taglymaty 6:6—8-nji aýatlary oka) *. Häzirki paýhasly ene-atalaram şeýle garaýyşda bolup, hudaýsyz dünýäde çagalaryna ruhy taýdan ösmäge kömek edýär.

Çopanlar Merýem bilen Ýusuby ruhlandyrýarlar

14, 15. a) Çopanlar çagany näme üçin görmek isleýärdi? b) Çopanlar malýatakda Isany görensoň näme etdi?

14 Malýatagyň içine ümsümlik aralaşypdy. Birdenkä çopanlar gelip rahatlygy bozýar. Olar maşgalany, esasanam, täze doglan çagany görmek isleýärdi. Çopanlar şatlykdan ýaňa tolgunyp, ýüzlerinden nur saçýardy. Olar meýdandaky mallaryny goýup, howlukmaçlyk bilen gaýdypdylar *. Çopanlar gören zatlaryny gürrüň berenlerinde, Merýem bilen Ýusup haýran galýarlar. Olar ýary gije sürüleri bilen meýdandaka, duýdansyz perişde görnüpdi. Perişde görnende, Ýehowanyň şöhraty daş-töweregi ýagtyldýar we ol şu wagt Beýtullahamda Mesihiň doglandygyny habar berýär. Perişde çopanlara: «Gundaga dolangy, ahyrda ýatan bäbegi görersiňiz» diýdi. Soňra has üýtgeşik bir zat bolýar, ençeme perişdeler Hudaýy şöhratlandyryp başlaýar! (Luka 2:8—14).

15 Pesgöwünli çopanlaryň Beýtullahama howlugyp gaýtmagy geň galdyrmaýar! Olar perişdäniň aýdyşy ýaly, ýaňy doglan çagany göresi gelýärdi. Olar bu hoş habary içinde saklap bilmediler. «Çopanlar... perişdäniň aýdanlaryny olara gürrüň berdiler. Olaryň gürrüňlerini eşidenleriň bary haýran galýardy» (Luka 2:17, 18). Şol döwür dini ýolbaşçylar çopanlary äsgermeýärdiler. Ýöne Ýehowa şu kiçigöwünli, wepaly adamlaryň gadyryny bilýärdi. Çopanlaryň gelmegi Merýeme nähili täsir etdi?

Ýehowa kiçigöwünli we wepaly çopanlaryň gadyryny bilýärdi

16. Merýem çuňňur oýlanýandygyny nädip görkezdi we näme sebäpden onuň imany berkdi?

16 Elbetde, Merýem çagany dogransoň, halys ysgyndan gaçandyr. Muňa garamazdan, ol çopanlaryň aýdan her bir sözüni ünsli diňledi. Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklap, olar hakda oýlanýardy» (Luka 2:19). Merýem, hakykatdanam, çuňňur oýlanýan aýallaryň biridi. Ol perişdäniň aýdan habarynyň has wajypdygyna düşündi. Şeýle-de Ýehowa Hudaý bu çaganyň kim bolup ýetişmelidigine we nämeler etmelidigine Merýemiň düşünmegini isledi. Şol sebäpli ol aýdylan sözleri diňe bir diňlemän, ýüreginde saklady. Merýem aýlar we ýyllar geçdigi saýyn, olar barada gaýta-gaýta oýlanan bolmaly. Şol sebäpli ol bütin ömrüne berk imanyny görkezdi (Ýewreýler 11:1-i oka).

Merýem çopanlaryň aýdan sözlerini ünsli diňläp, olary ýüreginde saklady

17. Mukaddes Ýazgylardaky hakykat babatda Merýemiň göreldesine nädip eýerip bileris?

17 Senem Merýemiň göreldesine eýerip bilersiňmi? Munuň üçin Ýehowa öz Sözünde wajyp hakykaty ýazdyrdy. Eger biz aýdylan hakykata ünsli bolmasak, olaryň bize peýdasy bolmaz. Biz Mukaddes Ýazgylary adaty edebiýat ýaly däl-de, Hudaýyň Sözi hökmünde yzygiderli okamaly (2 Tim. 3:16). Şeýle-de Merýemiň göreldesine eýerip, Ýehowa baradaky hakykat ýadymyzdan çykmaz ýaly, olar barada oýlanmaly. Eger biz Mukaddes Ýazgylardan okan zatlarymyz barada oýlansak, Ýehowanyň maslahatyna nädip has gowy eýerip bolýandygyna düşüneris we imanymyzy berkideris.

Aýdylan zatlar hakda oýlanýardy

18. a) Isa doglansoň Merýem bilen Ýusup Musanyň kanunyny nädip berjaý etdi? b) Merýem bilen Ýusubyň ybadathanada beren gurbany nämäni aýan edýär?

18 Merýem bilen Ýusup Musanyň kanuny boýunça çagany sekiz günden soň sünnetlediler we öňünden aýdylyşy ýaly, oňa Isa diýen at dakdylar (Luka 1:31). Olar 40 günden soň, Beýtullahamdan takmynan 10 km uzaklykda ýerleşýän Iýerusalimdäki ybadathana bardylar. Kanuna görä, garyplar tämizlenme gurbanlygy üçin iki gumry ýa-da iki kepderi bermelidi. Olar beýleki ene-atalar ýaly goç gurban berip bilmeselerem, elinde baryny edip, kepderi berýändigine çekinmedi. Esasanam, Merýem bilen Ýusup ybadathana baryp has-da ruhlandy (Luka 2:21—24).

19. a) Şimgonyň haýsy sözlerini Merýem ýüreginde uzak wagtlap saklady? b) Anna Isany görende näme etdi?

19 Ybadathanada Şimgon atly gartaşan adamyň aýdan sözlerini hem Merýem ýüreginde uzak wagtlap saklady. Ýehowa Şimgona ölmezinden öň, Mesihi görjekdigini wada edipdi we mukaddes ruh arkaly kiçijik Isanyň pygamberlik edilen Halasgärdigini aýan etdi. Şeýle-de Şimgon Merýeme günleriň birinde ejir çekjekdigini duýdurýar. Şonda ol Merýemiň ýüregine gylyç sanjylan ýaly bolar diýýär (Luka 2:25—35). Şol aýdylan sözler Merýeme agyr degse-de, 33 ýyl geçensoň, oňa kömek etdi. Soňra Anna atly pygamber aýal kiçijik Isany görüp, Iýerusalimiň gutulmagyna garaşýanlaryň ählisine çaga hakda gürrüň berip başlady (Luka 2:36—38-nji aýatlary oka).

Merýem bilen Ýusup Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyna baryp has-da ruhlandylar

20. Merýem bilen Ýusubyň Isany Iýerusalimdäki ybadathana getirmegi näme üçin dogrudy?

20 Merýem bilen Ýusubyň çagasyny Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyna getirmegi, gör, nähili paýhaslydy! Şeýlelikde, olar ogluny bäbeklikden Ýehowanyň ybadathanasyna yzygiderli getirip başlady. Olar ybadathana gelip, ýagdaýyna görä, Musanyň kanuny boýunça Ýehowa iň gowy zadyny berip, öwüt-ündew aldylar we ruhlandylar. Şol gün Merýem ybadathanadan gaýdanda, onuň imany has-da berkedi we wajyp hakykaty ýüreginde berk saklady. Elbetde, Merýem şol hakykat barada oýlanandyr, başgalar bilenem paýlaşandyr.

21. Biz imanymyzy Merýem ýaly nädip berkidip bileris?

21 Şu günler biz Merýem bilen Ýusubyň göreldesine eýerýän ene-atalary görüp begenýäris. Ýehowa gulluk edýän ene-atalar ýygnak duşuşyklaryna çagalary bilen gelýärler. Olar Ýehowa gulluk etmek üçin elinde baryny edip, ýagşy sözleri bilen dogan-uýalary ruhlandyrýarlar. Şeýlelikde, olar ýygnak duşuşyklarynda ruhy taýdan berkäp, şatlyk tapýarlar we hakykaty öwrenip, başgalar bilen paýlaşýarlar. Biz sizi Ýehowanyň Şaýatlary bilen tanyşmaga çagyrýarys! Şonda Merýem ýaly imanyňyzy has-da berkidersiňiz.

^ abzas 5 Mika 5:2 Sen, eý, Beýtullaham-Efrat, Ýahuda uruglarynyň kiçisi bolsaň-da, senden çykar Ysraýylda Meniň üçin hökümdarlyk etjek, onuň asly owaldan, gadymdan bäri bardyr.

^ abzas 7 Merýemiň şu gezek we ondan öňki gezek ýola düşmegi tapawutlanýardy. Üns beren bolsaň, Elizabeti görmek üçin «Merýem... haýal etmän ýola düşdi» diýilýär (Luka 1:39). Şol wagt ol adaglanan bolsa-da, durmuşa çykmandy. Şol sebäpli Ýusup bilen maslahatlaşman, özbaşdak karara gelýär. Emma Merýem durmuşa çykansoň, ýola düşmelidigini özi däl-de, Ýusup çözýär.

^ abzas 10 Şol döwür şäherlerde ýolagçylara we täjirlere gije ýatar ýaly ýer bermek adaty zat bolupdyr.

^ abzas 13 Kanun taglymaty 6:6 Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň. 7 Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin. 8 Olary bellik hökmünde eliňe dak, maňlaýyňa nyşan edip belle.

^ abzas 14 Mukaddes Ýazgylarda çopanlaryň şol wagt sürüleri bilen açyk meýdanda galandygy aýdylýar. Mesih dekabr aýynda dogulmady, sebäbi çopanlar mallaryny öýüne golaý gyşky malýatakda däl-de, açyk meýdanda saklapdylar. Diýmek, bu oktýabr aýynyň başy bolmaly.