2-NJI BÖLÜM
Hakyky iman näme?
HAKYKY iman diňe bir Hudaýyň barlygyna ynanmagy aňlatmaýar. Hudaýa ynanýan millionlarça adamlar erbet işleri edýärler. Şeýle «imany» galp pula meňzetse bolýar. Ol hakyky pul ýaly bolup görünse-de, onuň hiç hili hümmeti ýokdur. Onda hakyky iman nämäni aňladýar?
Hakyky iman Mukaddes Ýazgylardaky dogry bilime esaslanýar. Bu ylhamly ýazgylar bize Hudaý barada hakykaty öwredýär. Onda Allanyň kanunlary, niýetleri we taglymatlary barada gürrüň berilýär. Olaryň käbiri aşakda görkezilen:
-
Alla ýeke-täkdir. Onuň deňi-taýy ýokdur.
-
Isa — Gudratygüýçli Hudaý däl. Ol Hudaýyň pygamberidir, käbir adamlar oňa hezreti Isa pygamber hem diýýärler.
-
Alla butparazlygyň ähli görnüşlerini ýigrenýär.
-
Adamzadyň höküm ediljek güni ýakynlaşýar.
-
Milliardlarça ölen adamlar Jennetde direler.
Hakyky iman ýagşy işlere höweslendirýär. Ýagşy işler Allatagalany şöhratlandyrýar, şeýle-de hem özümize, hem başgalara peýda getirýär. Ýagşy işleriň käbiri:
-
Alla sežde etmeli.
-
Hudaýa ýaraýan häsiýetleri, esasanam, söýgini ösdürmeli.
-
Erbet pikirlerden we höweslerden gaça durmaly.
-
Kynçylyklara garamazdan, Alla iman etmeli.
-
Adamlara Hudaý barada gürrüň bermeli.
Siz imanyňyzy nädip berkidip bilersiňiz?
Hudaýdan kömek soraň. Musa pygamber Hudaýdan kömek sorap: «Maňa Öz ýollaryňy görkez. Men seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn» diýdi *. Hudaý onuň dogasyna jogap berdi. Musa pygamber berk imany bilen gowy görelde görkezdi. Hudaý bize-de imanymyzy berkitmäge kömek eder.
Mukaddes Ýazgylary okamaga wagt tapyň. Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan Mukaddes Ýazgylar Töwrat, Zebur, Injil kitaplaryndan ybarat. Bu kitaplar köp dilde terjime edilip, bütin dünýä ýaýradyldy. Sizde bu kitaplar barmy?
Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlaryny gündelik durmuşyňyzda ulanyň. Adam türgenleşdigiçe, onuň bedeni berkeýär. Şonuň ýaly-da, imanyňyzy berkitmek üçin oňa görä ýaşamaly. Şonda Hudaýyň maslahatlarynyň peýdalydygyna göz ýetirersiňiz. Hawa, Mukaddes Ýazgylaryň berýän maslahatlary köp adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyrdy. Geliň, häzir käbir wakalara seredeliň.
^ Töwrat kitaby, Müsürden çykyş 33:13.