Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI SAPAK

Ýehowanyň dosty bolup bilersiň!

Ýehowanyň dosty bolup bilersiň!

Ýehowa her bir adama özüni tanatmak isleýär. Hudaýy näçe gowy tanasaň, şonça-da dosty bolmak islärsiň. Hudaýy gowy tanamak üçin häsiýetlerini, niýetlerini, işlerini bilmeli. Sen nädip Hudaýyň dosty bolup bilersiň? (Zebur 25:14-i oka). Mukaddes Kitap muny öwredýär. Ýehowa seniňem iň gowy dostuň bolup biler.

1. Ýehowa näme etmek isleýär?

Injilde: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýakup 4:8). Diýmek, Ýehowa seniň bilen dost bolmak isleýär. Käbir adamlar: «Hiç haçan görmedik adamyň bilen dostlaşyp bolmaýar. Hudaý bilen-ä hijem dostlaşyp bolmaz» diýýärler. Ýehowa Mukaddes Kitapda özi barada köp zatlary ýazdyrdy. Biz Mukaddes Kitaby okap, Ýehowany has gowy tanap bilýäris. Şeýdip, Hudaýy görmesek-de dostlaşyp bilýäris.

2. Ýehowa näme üçin iň gowy dost?

Hiç kim seni Ýehowanyň söýşi ýaly söýüp bilmeýär. Ol seniň bagtly bolmagyňy isleýär, kyn günüňde ondan arkaýyn kömek sorap bilersiň. «Gaýgy-aladaňy Hudaýyň üstüne at, sebäbi ol seniň aladaňy edýär» (1 Petrus 5:7). Ýehowa hemişe dostlaryna kömek edýär, göwünlik berýär, olary diňleýär (Zebur 94:18, 19-njy aýatlary oka).

3. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin sen näme etmeli?

Ýehowa hemme adamlary söýýär, ýöne diňe dogruçyllar bilen dostlaşýar (Nakyllar 3:32). Ýehowanyň dostlary diňe ýagşy işleri etmeli, erbet işiň golaýyna-da barmaly däl. Käbir adamlar Hudaýyň isleýşi ýaly dogruçyl adam bolup bilmerin öýdýärler. Ýöne Ýehowa biziň ýalňyşýandygymyza düşünýär. Ýehowany söýýän we razy etmek isleýän her bir adam onuň dosty bolup bilýär (Zebur 147:11; Resullar 10:34, 35).

SÖHBETDEŞLIK

Ýehowa bilen dostlaşmak hakda köpräk bileliň. Hudaýyň iň gowy dostdugyna göz ýetireliň.

4. Ybraýym pygamber Ýehowanyň dostudy

Ybraýym (öňki ady Ybram) pygamber bilen bolan wakadan Hudaý bilen dostlaşmak hakda köp zatlary öwrenip bilýäris. 1 Musa 12:1—4-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa Ybraýyma näme diýdi?

  • Ýehowa Ybraýym pygambere nämäni söz berdi?

  • Ybraýym näme etdi?

5. Ýehowanyň dostlary näme etmeli?

Biz dost-ýarlarymyzda belli bir häsiýetleriň bolmagyny isleýäris.

  • Dostlaryň seniň üçin näme etmegini islärdiň?

1 Ýahýa 5:3-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa dostlarynyň näme etmegini isleýär?

Biz Ýehowa gulak asmak üçin gowy häsiýetleri öwrenmeli we özümizi alyp barşymyzy üýtgetmeli. Işaýa 48:17, 18-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa dostlarynyň näme üçin gowy tarapa üýtgemegini isleýär?

Hakyky dost gowy maslahat berýär. Ýehowa-da şol dost ýaly peýdaly zady öwredýär.

6. Ýehowa dostlaryna nädip kömek edýär?

Ýehowa dostlaryna kynçylyklara çydamaga kömek edýär. WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa göwnüçökgün gyza nädip kömek etdi?

Işaýa 41:10, 13-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa dostlaryna näme söz berýär?

  • Ýehowa gowy dostuň bolup bilermi? Näme üçin?

Jana-jan dostlar kömegini gaýgyrmaýar. Ýehowa-da saňa hemişe kömek eder.

7. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin ýene näme etmeli?

Dostlar bir-biri bilen gürrüňdeş bolup, hasam ýakynlaşýar. Zebur 86:6, 11-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Biz Ýehowa bilen nädip gürrüňdeş bolup bilýäris?

  • Ýehowa biziň bilen nädip gürrüňdeş bolýar?

Biz Ýehowa doga edip gepleşýäris; ol hem Mukaddes Kitap arkaly gepleşýär.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Heý-de, Hudaý bilen dostlaşyp bolarmy?!»

  • Ýehowa bilen dostlaşyp bolýandygyny haýsy aýat bilen düşündirerdiň?

ESASY PIKIRLER

Ýehowa seniň bilen dostlaşmak isleýär, ol saňa özüni tanadýar.

Gaýtalamak

  • Ýehowa dostlaryna nädip kömek edýär?

  • Ýehowanyň dostlary näme üçin gowy häsiýetli bolmaly?

  • Ýehowa dostlaryndan başarmajak zadyny talap edýärmi? Näme üçin?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Hudaý bilen dostlaşsaň, durmuşyň manyly bolýar.

«Ýehowany tananyňa degýär» («Garawul diňi» 15 fewral, 2003)

Ýehowa bilen dostlugy bir aýalyň janyny halas edýär.

«Ölesim gelmeýärdi» («Garawul diňi» No. 1, 2017)

Ýaşlar Ýehowa bilen dostlugy hakda gürrüň berýär.

«Hudaý bilen nädip dost bolup bolýar?» (1:46)