18-NJI BAP
«Ol adamlaryň Hudaýy gözlemegini, sermeläp tapmagyny isleýär»
Pawlus adamlaryň dilini tapyp, dürli usullar bilen wagyz etdi
1—3. a) Afina baranda Pawlusyň näme üçin gahary geldi? b) Şu bapda nämeleri öwreneris?
PAWLUS RESUL Sokrat, Platon we Aristotel ýaly filosoflaryň bilim beren şäheri Afina gelýär. Şähere giren badyna onuň depe saçy üýşýär. Şäheriň ilaty her dürli taňrylara uýýardy. Pawlus nirä barsa, buthanalarda-da, bazarlarda-da, köçelerde-de her dürli butlary görýärdi. Pawlusyň butlary görüp aňyrsy-bärsine gelendir, sebäbi hak Hudaý Ýehowa ýaly, ol hem butlary ýigrenýärdi (2 Mus. 20:4, 5).
2 Bazardaky şekilleri görüb-ä, Pawlusyň hasam agzy açylandyr. Bazaryň demirgazyk-günbatar tarapynda, esasy girelgäniň golaýynda Germes taňrysynyň birgiden ýigrenji butlary durdy. Bazaryň içinde-de her iki ädimden taňrylara sežde edilýän ýerler bardy. Şeýle butparaz adamlara Pawlus nädip wagyz ederkä? Ol gaharyny saklap adamlaryň dilini taparmyka? Birgiden butparaz adamlaryň içinde hak Hudaýy gözleýän akýürekli adamlar barmyka?
3 Resullar 17:22—31-nji aýatlarda Pawlus resulyň afinalylara wagyz edişi barada ýazylan. Ol Afinanyň bilimli adamlary bilen gepleşende paýhasly, sypaýy bolup, ynandyryjy delilleri getirip, bize gowy görelde galdyrdy. Şu bapdan Pawlus ýaly, adamlaryň dilini tapmagy we olara oýlanmaga kömek etmegi öwreneris.
«Bazarda... gürrüňdeş bolýardy» (Resullar 17:16—21)
4, 5. Pawlus nirede we nähili adamlara wagyz etdi?
4 Pawlus b. e. takmynan 50-nji ýylynda ikinji wagyz syýahatynda Afina şäherine barýar a. Timoteos we Silas Weriýadan gelýänçä, Pawlus hemişekisi ýaly «sinagogada ýehudylar bilen söhbetdeş bolýar». Ol başga milletli adamlara wagyz etmek üçin bazara-da barýar (Res. 17:17). Bazar uludy, bäş gektara barabardy, özem Akropolis depesiniň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýärdi. Bazarda diňe bir söwda-satyk edilmän, maslahat hem geçirilýärdi. Bir kitapda-da söwdagärleriň, syýahatçylaryň, filosoflaryň we ýazyjylaryň bazarda ýygnanyşandygy aýdylýar. Afinalylar şol ýerde üýşüp, bilýän zatlary barada biri-biri bilen gürrüň etmegi gowy görýärdiler.
5 Pawlusa bazardaky adamlara wagyz etmek aňsat däldi. Olaryň arasynda epikurçy we stoik filosoflary bardy. Olaryň öwredýän zatlary biri-biriniňkiden tapawutlanýardy b. Epikurçylar ýaşaýşyň öz-özünden dörändigine ynanýardylar. Olaryň pikiriçe, Hudaýdan gorkmaly däl, adam ölensoň ejir çekmeýär, ýagşylyga ýetip bolýar, ýamanlygy ýeňip bolýar. Stoikleriň pikiriçe, adam pikirlenip düşünjeli hereket etse, durmuşda kösenmän ýaşap bilýär. Olar Hudaýy şahsyýet hasaplamaýar. Epikurçylar hem, stoikler hem direlişe ynanmaýar. Iki toparyňam ynanýan zatlary Pawlusyň öwredýän zatlaryna gabat gelmeýärdi.
6, 7. Pawlusyň aýdanlaryny eşidip filosoflar näme diýdi? Adamlar biz barada näme diýýärler?
6 Filosoflar Pawlusyň sözlerini eşidip näme diýdiler? Käbirleri oňa «ýaňra» diýdiler (Res. 17:18). Şol grek sözi däne çöplemek diýip hem terjime edilýär. Bir alymyň aýtmagyna görä, däne çöpleýän kiçijik guşlary suratlandyrmak üçin şol sözi ulanypdyrlar. Soňabaka şol sözi bazarda galan-gaçak iýmitleri ýygnaýan adamlara degişli edip ulanypdyrlar. Birnäçe wagt geçensoň bolsa göçme manyda ulanyp başlaýarlar. Ony her kimden bir maglumat ýygnap, oňa doly düşünmeýän adamlara degişli edip ulanypdyrlar. Şonuň üçin ylymly-bilimli adamlar Pawlusa: «Ondan-mundan eşiden zatlaryny ýaňrap ýör» diýdiler. Ýöne Pawlus olaryň aýdanlaryna üns hem bermedi.
7 Ýehowanyň Şaýatlary köplenç Pawlusyň gününe düşýärler. Mukaddes Kitapdaky hakykatlara ynanýandygymyz üçin adamlar biz barada her dürli zatlary aýdýarlar. Meselem, käbir alymlar, ýokary bilimli adamlar ewolýusiýa ynanýarlar. Oňa ynanmaýan adamlary bolsa düşünjesiz we yzagalak hasaplaýarlar. Şol adamlar Mukaddes Kitapdaky hakykaty öwredýändigimiz we Ýaradyjynyň bardygyny subut edýändigimiz üçin bize boş zatlary aýdyp ýaňrap ýörler diýýärler. Bizem Pawlus ýaly, olaryň aýdýanlaryna üns bermeýäris. Gaýtam älem-jahany we ondaky zatlary Ýehowa Hudaýyň ýaradandygyny batyrgaýlyk hem ynam bilen gürrüň berýäris (Ylh. 4:11).
8. a) Bazardaky adamlaryň käbiri näme diýdiler? b) «Ares» sözi nämäni aňladýar? (Çykgyda serediň).
8 Pawlusyň bazarda wagyz eden adamlarynyň käbiri: «Ol... başga taňrylar hakda wagyz edýän bolaýmasa» diýdiler (Res. 17:18). Eger Pawlus afinalylaryň tanamaýan, bilmeýän taňrysy hakda wagyz eden bolsa, onda ol gowulygyň üstünden barmazdy. Sebäbi şondan birnäçe ýyl öň, grek filosofy Sokraty hem şuňa meňzeş zatda aýyplap, ölüme höküm edipdiler. Adamlar Pawlusy Ares depesine getirip: «Sen geň-taň zatlary gürrüň berýäň, biziňem bilesimiz gelýär» diýdiler c. Eýsem Pawlus mukaddes kitaplaryň gatyny açyp görmedik adamlara nädip wagyz eder?
«Eý afinalylar! Siz... Hudaýhon adamlar ekeniňiz» (Resullar 17:22, 23)
9—11. a) Pawlus näme barada gürrüň edip başlady? b) Biz Pawlusdan näme öwrenýäris?
9 Ýadyňyza düşýän bolsa, Pawlusyň butlary görüp gahary gelipdi. Ol butlara sežde edýän adamlary günäkärlemegiň deregine, özüne erk edip, olaryň ýagdaýyna düşünjek boldy. Pawlus sypaýçylyk bilen adamlaryň ünsüni çekjek zatlar barada gürrüň edip başlaýar. Ol: «Eý afinalylar! Siz başgalara garanyňda, örän hudaýhon adamlar ekeniňiz» diýýär (Res. 17:22). Başgaça aýdanyňda, Pawlus olara: «Men siziň taňrylardan gorkýandygyňyzy gördüm» diýýär. Pawlus olary dindardygy üçin öwüp dogry etdi. Ýalan taglymatlar sebäpli olaryň aň-düşünjesi ýapyk bolsa-da, ýüregi päkdi, Hudaýy razy etmek isleýärdi. Onsoňam, Pawlusyň özem hak Hudaýa iman etmeýän wagty köp zady bilmän edipdi (1 Tim. 1:13).
10 Soňra Pawlus «nätanyş Hudaý» üçin gurlan gurbanlyk ojagyny görýär. Ol adamlaryň dilini tapmak üçin şol barada gürrüň edip başlaýar. Bir kitapda aýdylyşy ýaly, greklerem, başga milletli adamlaram nätanyş taňrylar üçin gurbanlyk ojaklaryny gurupdyrlar. Olar muny: «Biziň bilmeýän, tanamaýan taňrylarymyz bar bolaýmasyn, olary närazy edäýmäli» diýip gurýardylar. Diýmek, afinalylar ýene bir Hudaýyň bardygyna ynanýardylar. Ýöne ol barada hiç zady bilmeýärdiler. Pawlus hem şol gurbanlyk ojagyndan söz açyp, hoş habary wagyz edip başlaýar. Ol: «Men siziň şol tanamaýan Hudaýyňyz hakda wagyz edýärin» diýýär (Res. 17:23). Pawlus sypaýyçylyk bilen, ýöne ynamly gepleýär. Ol afinalylara täze bir taňrynyň dörändigini aýtmady. Gaýtam nätanyş hasaplaýan taňrysynyň hak Hudaýdygyny düşündirdi.
11 Pawlusdan näme öwrenýäris? Biz wagyz edýän adamlarymyza ünsli bolsak, olaryň hudaýhonmy ýa-da däldigini bileris. Käbir adamlaryň egin-eşiginden, öýündäki ýa-da howlusyndaky zatlardan Hudaýa ynanýandygyny bilse bolýar. Şeýle adamlara duşanymyzda: «Siz hudaýhon ekeniňiz, siziň ýaly akýürekli adamlar bilen gürleşmegi gowy görýärin» diýip bileris. Adamyň dine bolan garaýşyny bilsek, dilini tapmak aňsat bolar. Biz adamyň ynanýan zatlaryna esaslanyp, ol barada nädogry netije çykarmaly däl. Öň dogan-uýalaryňam käbiri dini däp-dessurlary ak ýürekden berjaý edipdiler.
Hudaý «hiç kimden uzakda däldir» (Resullar 17:24—28)
12. Pawlus gürrüňini dowam etmek üçin haýsy usullary ulandy?
12 Pawlus diňleýjileriniň dilin-ä tapdy, indi gürrüňi nädip dowam ederkä? Afinalylar grek filosofiýasyny gowy bilse-de, mukaddes kitaplary okap görmändi. Şonuň üçinem Pawlus wagyz ediş usulyny üýtgedýär. Birinjiden, ol Mukaddes Kitapdan öwretse-de, aýdan zatlarynyň haýsy aýatdan alnandygyny aýtmaýar. Ikinjiden, Pawlus «biz», «bizem» diýen sözleri ulanyp, özüni diňleýjilerinden ýokary tutmaýandygyny görkezdi. Üçünjiden, ol öwredýän zatlarynyň grek dilindäki kitaplarda-da bardygyny görkezmek üçin, olaryň köp okaýan kitaplaryna salgylandy. Geliň, Pawlusyň nädip wagyz edendigini bileliň. Ol afinalylara nätanyş hasaplaýan taňrysy baradaky hakykatlary nädip öwretdi?
13. Pawlus älem-jahan barada näme diýdi? Ol diňleýjilerine nämäni düşündirdi?
13 Älem-jahany Hudaý ýaratdy. Pawlus: «Ol bütin dünýäni we ondaky zatlary ýaradan Hudaý. Ýeriň hem gögüň Eýesi ynsan elleri bilen ýasalan ybadathanalarda ýaşamaýar» diýdi d (Res. 17:24). Dogrudanam, ýaşaýyş öz-özünden döremedi. Ähli zady hak Hudaý ýaratdy (Zeb. 146:6). Ýeriň-gögüň Eýesi, Älemiň Hökümdary ynsan elleri bilen ýasalan buthanalara mätäç däl. Adamlar Afinany we beýleki taňrylary razy etmek üçin gurbanlyk ojaklary hem-de buthanalary gurýarlar (1 Pat. 8:27). Ýöne hak Hudaýy razy etmek üçin beýle zatlar hökman däl. Şeýle diýmek bilen, Pawlus Hudaýyň ynsan elleri bilen ýasalan buthanalardaky butlardan has güýçlüdigini aýtdy (Işa. 40:18—26).
14. Pawlus Hudaýyň hiç zada mätäç däldigini nädip düşündirdi?
14 Hudaý adamlaryň kömegine mätäç däl. Adamlar sežde edýän butlaryny her dürli egin-eşikler, gymmatbaha şaý-sepler bilen bezeýärler, her dürli näzi-nygmatlary we içgileri hödürleýärler. Sebäbi taňrylar şeýle zatlara mätäçdir öýdýärler. Ýöne Pawlusy diňläp duran filosoflaryň arasynda Hudaý «adamlaryň kömegine mätäç däl» diýip pikir edýänleri hem bolandyr. Olar Pawlusyň aýdýanlaryny dogry hasaplap, ony iki elläp goldandyrlar. Dogrudanam, adamlara Güni, ýagşy, bol hasyly, «ýaşaýşy, demi we ähli zady» Hudaý berýär (Res. 17:25; 1 Mus. 2:7). Oýlanyp görüň, eger ähli zady Hudaý ýaradan bolsa, ynsan oňa näme berip biler?!
15. Afinalylaryň nähili garaýşy bardy? Pawlus olary nädip düzetdi? Ol bize nähili wajyp zady öwretdi?
15 Adamlary Hudaý ýaratdy. Afinalylar milletine buýsanyp, özlerini başga milletlilerden ýokary tutýardylar. Ýöne Mukaddes Kitapda hiç kimi ala tutmaly däldigi aýdylýar (5 Mus. 10:17). Pawlusam sypaýyçylyk hem ökdelik bilen şol gürrüňi açýar. Pawlus: «(Hudaý) bir adam arkaly ähli milletleri döretdi» diýende, ony diňläp duran adamlar bir salym oýlanandyr (Res. 17:26). Ol ilkinji ynsan Adam ata barada gürrüň berýär (1 Mus. 1:26—28). Eger ähli adamlar bir ynsandan dörän bolsa, onda adamlaryň özlerini biri-birinden ýokary tutmaga, milletparazlyk etmäge haky ýok. Afinalylar Pawlusyň näme diýjek bolandygyna gowy düşünendir. Bizem Pawlusdan bir wajyp zady öwrenýäris. Biz wagyz edenimizde sypaýy hem paýhasly bolmaly. Ýöne adamlara ýaranjak bolup, Mukaddes Kitapdaky hakykaty ýoýmaly däl.
16. Hudaý adamlary näme üçin ýaratdy?
16 Hudaý adamlara özüni tanatmak isleýär. Pawlusy diňläp duran filosoflar adamlaryň näme üçin ýaradylandygy barada her dürli zatlary öwretseler-de, olary doly subut edip bilmeýärdiler. Ýöne Pawlus adamlaryň näme üçin ýaradylandygyny şeýle düşündirdi: «Ol adamlaryň Hudaýy gözlemegini, sermeläp tapmagyny isleýär. Aslynda, ol hiç kimden uzakda däldir» (Res. 17:27). Diýmek, afinalylar nätanyş Hudaýy hem tanap bilýärdiler, sebäbi Hudaý adamlaryň hiç birinden uzakda däl. Akýürekli adamlar Hudaýy tanap bilýär (Zeb. 145:18). Üns beren bolsaňyz, Pawlus Hudaý hiç kimden uzakda däldir diýdi. Şeýle diýmek bilen, ol özüniňem, beýleki adamlaryňam Hudaýy gözläp tapmalydygyny nygtady.
17, 18. Adamlar Hudaýy näme üçin tanamaly? Biz Pawlusyň wagyz edişinden näme öwrenýäris?
17 Adamlar Hudaýy hökman tanamaly. Pawlus resulam: «Biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris we bardyrys» diýdi. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Pawlus Kritde ýaşan şahyr Epimenidiň sözlerine salgylanypdyr. Ol b. e. öň VI asyrda ýaşapdyr we afinalylaryň ady belli ýazyjysy hasaplanypdyr. Pawlus adamlaryň Hudaýy tanamalydygynyň ýene bir wajyp sebäbini düşündirdi. Ol şeýle diýdi: «Siziň şahyrlaryňyzyň käbiri: „Biz hem onuň perzentleri“ diýýärler» (Res. 17:28). Adamlar Hudaýyň keseki däldigine düşünmeli, sebäbi ol ilkinji ynsan Adam atany ýaratdy, ähli adamlar hem ondan döredi. Pawlus diňleýjileriniň ünsüni çekmek üçin olaryň köp okaýan grek dilindäki kitaplaryna salgylandy e. Bizem käte wagyzda şahyrlaryň sözlerini, nakyllary, atalar sözüni ulanýarys. Eger wagyzda adamlaryň bilýän, ulanýan maglumatlaryny aýtsak, olara käbir däp-dessurlaryň, dini düşünjeleriň ýalandygyny subut edip bileris.
18 Pawlus afinalylaryň garaýşyny göz öňünde tutup, olara Hudaý baradaky hakykaty ökdelik bilen wagyz etdi. Indi Pawlusy diňläp duran adamlar näme etmelidi? Geliň, indiki abzaslardan Pawlusyň olara näme aýdandygyny bileliň.
«Hemmeler toba etmeli» (Resullar 17:29—31)
19, 20. a) Pawlus butlara sežde etmegiň akyla sygmajak zatdygyny nädip düşündirdi? b) Afinalylar näme etmelidi?
19 Pawlus diňleýjilerini bilen zatlaryny durmuşda ulanmaga höweslendirdi. Ol şahyrlaryň sözlerini getirensoň: «Biz Hudaýyň perzentleri bolýan bolsak, onda ussanyň altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasan heýkellerine Hudaý diýip bilmeris» diýdi (Res. 17:29). Eger adamlary Hudaý ýaradan bolsa, onda olaryň ýasan, döreden zatlaryna Hudaý diýip bolarmy? Pawlus adam eli bilen ýasalan zatlara sežde etmegiň akyla sygmajak zatdygyny düşündirdi (Zeb. 115:4—8; Işa. 44:9—20). Ol adamlara ýüzlenende «biz» diýen at çalyşmany ulanyp özüni hem goşansoň, diňleýjilere onuň sözlerini kabul etmek aňsat boldy.
20 Indi Pawlus diňleýjilere näme etmelidigini şeýle düşündirýär: «Hudaý geçmişde adamlaryň düşünjesizligine göz ýumdy, indi ol hemmeleri toba etmäge çagyrýar» (Res. 17:30). Pawlus düşünjesiz diýende käbir adamlaryň butlara sežde edip, Hudaýy razy edip bolýar diýen pikirini göz öňünde tutdy. Ony diňläp duran adamlaryň käbiri toba etmelidigini eşidende aňk-taňk bolandyr. Pawlusyň sözleri olara ýaşaýşy Hudaýyň berendigine we edýän işleri üçin onuň öňünde hasap bermelidigine düşünmäge kömek edýär. Olar Hudaýy tanamalydylar we kada-kanunlaryny öwrenip, berjaý etmelidiler. Afinalylar butparazlygyň agyr günädigine düşünmelidiler we butlara sežde etmegini goýmalydylar.
21, 22. Pawlus sözüniň soňunda näme diýýär? Onuň jemleýji sözlerinden nämäni bilse bolýar?
21 Pawlus sözüniň soňunda onlukdan urýar. Ol: «Hudaý öz saýlan adamy arkaly ähli ynsanlary adalatly höküm etmek üçin bir gün belledi. Hudaý ony direldip, niýetini amala aşyrjakdygyny görkezdi» diýýär (Res. 17:31). Kyýamat güni ýetip gelýär! Heniz wagt barka, olar hak Hudaýy tanamalydy. Ýöne Pawlus höküm etmek üçin saýlananyň adyny aýtmaýar. Gaýtam onuň ýerde ýaşandygyny, ölendigini, soňra Hudaý tarapyn direlendigini aýdýar.
22 Pawlusyň afinalylara aýdan soňky sözleri bizem oýlandyrýar. Biz Hudaýyň höküm etmek üçin saýlan adamynyň Isa Mesihdigini bilýäris (Ýah. 5:22). Şeýle-de Kyýamat gününiň ýetip gelýändigini we onuň 1 000 ýyllap dowam etjekdigini bilýäris (Ylh. 20:4, 6). Ýöne biz şol günden asla gorkmaýarys, sebäbi Hudaýa wepaly adamlar gelejekde köp bereketleri alar. «Iman gümany ýumrar» diýlişi ýaly, Hudaý Isany direldip, şol bereketleri aljakdygymyza şek-şübhe galdyrmady.
«Käbir adamlar... iman etdiler» (Resullar 17:32—34)
23. Pawlus wagyz edende adamlar nähili seslendi?
23 Pawlus direliş hakda wagyz edende afinalylaryň käbiri onuň üstünden güldüler, käbirleri bolsa sypaýyçylyk bilen: «Seni başga gün diňläýeris» diýdiler (Res. 17:32). Ýöne iman edenlerem bolupdyr. «Olaryň arasynda Ares depesindäki kazyýetiň kazysy Diýonis, Damaris atly aýal we başga-da adamlar bardy» (Res. 17:34). Bizem Pawlus ýaly şeýle adamlara duşýan bolsak gerek! Käbir adamlar wagyz edenimizde üstümizden gülýärler. Köpler bolsa sypaýyçylyk bilen diňlemek islemeýändigini aýdýarlar. Muňa garamazdan akýürekli adamlar hoş habary kabul edip, Isanyň şägirdi bolanda başymyz göge ýetýär.
24. Pawlusyň Ares depesinde wagyz edişinden nämeleri öwrendiňiz?
24 Biz Pawlusyň afinalylara wagyz edişinden köp zatlary öwrenip bilýäris. Meselem, biz diňleýjileriň garaýşyny göz öňünde tutmalydygyny, subutnamalary getirip öwretmelidigini, ýalan diniň ýesiri bolan akýürekli adamlara sabyrly bolmalydygyny we sypaýyçylykly gepleşmelidigini bildik. Esasanam, biz adamlara ýaranjak bolup, Mukaddes Kitapdaky hakykatlary ýoýmaly däldigine düşündik. Pawlusdan görelde alýan wagyzçylar adamlaryň dilini tapyp, ökdelik bilen wagyz edýärler, ýaşulular bolsa ýygnakda ökdelik bilen tälim berýärler. Şeýdip, ählimiz adamlara «Hudaýy gözlemäge, sermeläp tapmaga» kömek edýäris (Res. 17:27).
a « Dabarasy dag aşan Afina» diýen çarçuwa serediň.
b « Epikurçy we stoik filosoflary» diýen çarçuwa serediň.
c Akropolisiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Ares diýen ýerde Afinanyň ýolbaşçylary maslahat etmek üçin ýygnanyşýardylar. «Ares» sözi ýa depäni, ýa-da şol maslahaty aňladýan bolmaly. Şonuň üçinem alymlar Pawlusyň nirä eltilendigini anyk bilmeýärler. Adamlar Pawlusy şol depelige ýa-da maslahat geçirilýän ýere, ýagny bazara elten bolmaly.
d Mukaddes Kitapda «kosmos» diýen grek sözi adamlary suratlandyrmak üçin ulanylypdyr. Grekler şol sözi älem-jahana degişli edip ulanypdyrlar. Pawlus hem olaryň dilini tapmak üçin şu aýatda dünýä diýip terjime edilýän «kosmos» sözüni älem-jahan diýip ulanýar.
e Pawlus stoik ýazyjysy Aratyň «Görnüş» atly asman jisimleri baradaky eserine salgylanýar. Stoik ýazyjysy Klinfiň «Zewsiň senasy» atly eseri ýaly beýleki grek kitaplarynda-da şular ýaly jümlelere duş gelse bolýar.