GAÝTADAN IDEG EDIŇ
7-NJI SAPAK
Tutanýerli boluň
Aýat: «Olar her gün... adamlara öwredýärdiler... hoş habary wagyz edýärdiler» (Res. 5:42).
Pawlus resul näme etdi?
1. WIDEONY görüň ýa-da Resullar 19:8—10-njy aýatlary okaň. Soňra aşakdaky soraglar hakda oýlanyň:
Biziň üçin sapak
2. Biz gyzyklanýan adamy idemek we Mukaddes Kitap okuwyna başlamak üçin wagtymyzy hem-de güýjümizi gaýgyrmaly däl.
Pawlus resulyň göreldesine eýeriň
3. Gyzyklanýan adam üçin amatly wagty baryň. Şu soraglar hakda oýlanyň: «Men onuň bilen haçan görüşsem gowy bolar? Ol haçan we nirede arkaýyn gepleşip biler?» Aýdan wagty size amatly bolmasa-da, barmak üçin eliňizde baryny ediň.
4. Gaýtadan ideg üçin wagt belleşiň. Gyzyklanýan adam bilen gürrüňdeşligiň soňunda indiki sapar görüşjek wagtyňyzy belleşiň. Beren sözüňizde duruň, gijä galman baryň.
5. Umydyňyzy üzmäň. Eger ol hemişe işde bolsa ýa-da öýünde tapdyrmasa, Mukaddes Kitap bilen gyzyklanmaýar diýip pikir etmäň (1 Kor. 13:4, 7). Adamy öýünde tapmak üçin eliňizde baryny ediň, ýöne wagtyňyzy paýhasly ulanyň (1 Kor. 9:26).