Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

SAPAK 8

Aýdyň mysallar arkaly öwrediň

Aýdyň mysallar arkaly öwrediň

Matta 13:34, 35

BELLIK: Diňleýjilerde gyzyklanma döretmek we wajyp pikirleri nygtamak üçin ýönekeý mysallary ökdelik bilen ulanmaly.

NÄDIP ETMELI?

  • Ýönekeý mysallary ulanyň. Isa ýaly siz hem uly zatlary düşündirmek üçin kiçijik zatlary, kyn zatlary aýdyňlaşdyrmak üçin hem ýönekeý zatlary mysal getirip bilersiňiz. Getirýän mysalyňyza gerekmejek jikme-jiklikleri goşmaň. Onuň öwredýän temaňyz bilen baglanyşyklydygyna we diňleýjileriň ünsüni bölmeýändigine göz ýetiriň.

  • Diňleýjileri göz öňünde tutuň. Diňleýjileriň gyzyklanýan we edýän işlerine gabat gelýän mysallary saýlaň. Ýöne mysallary aýdanyňyzda, olary utandyrmakdan ýa-da göwnüne degmekden seresap boluň.

  • Esasy pikiri nygtaň. Diňleýjileriň ünsüni mysaldaky wajyp bolmadyk jikme-jikliklere däl-de, esasy pikire çekiň. Olaryň diňe bir mysaly ýadynda saklandyklaryna däl, eýsem, mysaldan näme öwrenendiklerine hem göz ýetiriň.