SAPAK 15
Ynamly gepläň
1 Selanikliler 1:5
BELLIK: Aýdýan sözleriňiziň hakykatdygyna we wajypdygyna doly ynanýandygyňyzy görkezip geplemeli.
NÄDIP ETMELI?
-
Gowy taýýarlanyň. Berlen tema aýdyň düşünýänçäňiz we Ýazgylar esasynda belli bir netijä gelýänçäňiz, gowy taýýarlanyň. Esasy pikirleri ýönekeý sözler bilen aýtmaga çalşyň. Aýtjak zatlaryňyzyň diňleýjiler üçin wajypdygy hakda oýlanyň. Hudaýdan mukaddes ruhuny diläň.
-
Ynamlydygyňyzy görkezýän sözleri saýlaň. Şol bir sözleri gaýtalamagyň deregine, öz sözleriňiz bilen aýdyň. Sözleriňizden aýdýan zatlaryňyza ynamlydygyňyz görünmeli.
-
Ynamly we ýürekden gepläň. Sesiňiziň gowy eşidilmegi üçin ýeterlikli derejede batlyrak gepläň. Eger ýerlikli bolsa, diňleýjilere wagtal-wagtal seredip gürläň.