Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

25-NJI BÖLÜM

Patyşalyk zallary näme üçin we nädip gurulýar?

Patyşalyk zallary näme üçin we nädip gurulýar?

Boliwiýa

Nigeriýa, gurluşykdan öň we soň

Taiti

Biziň ýygnak duşuşyklaryny geçirýän ýerlerimize Patyşalyk zaly diýilýär. Sebäbi biz ol ýerde Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymaty, ýagny Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň edýäris. Isa-da Patyşalyk barada wagyz edýärdi (Luka 8:1).

Hak Hudaýa sežde etmek üçin gurulýar. Biz Patyşalyk zallarynda hoş habary wagyz etmegi öwrenýäris (Matta 24:14). Zallaryň ululygy we görnüşi dürli-dürli bolsa-da, olar çendenaşa uly hem-de kaşaň gurulmaýar. Patyşalyk zallarynyň her birinde birnäçe ýygnak duşuşyklaryny geçirýärler. Wagyzçylaryň we ýygnaklaryň köpelýändigi sebäpli, soňky ýyllarda 10 müňlerçe (her günde ortaça 5 sany) täze Patyşalyk zallary guruldy. Bize şeýle köp zallary gurmak nädip başartdy? (Matta 19:26).

Meýletin sowgatlaryň hasabyna gurulýar. Bu sowgatlar filiala ugradylýar. Soňra şol pullary başga ýygnaklar Patyşalyk zalyny gurmak ýa-da onda bejeriş işlerini geçirmek üçin ulanyp bilýärler.

Dürli kärdäki meýletin gullukçylar mugtuna gurýarlar. Köp ýurtlarda Patyşalyk zallarynyň gurluşyk toparlary döredilýär. Bu toparlarda doly wagtly gurluşykçylar we wagtlaýyn meýletin kömekçiler gulluk edýärler. Olar başga ýurtdaky, hatda çet ýerlerdäki ýygnaklaryň gurluşyk işlerine kömek etmek üçin göçýärler. Şeýle-de käbir ýurtlarda Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna we abatlaýyş işlerine gözegçilik etmek üçin ukyply doganlar bellenilýär. Patyşalyk zalynyň gurluşygyna ýerli ýygnagyň agzalary-da meýletin kömek edýärler. Ýehowanyň mukaddes ruhunyň we dogan-uýalaryň edýän tagallalarynyň kömegi bilen, bu işleriň ählisi üstünlikli amala aşyrylýar (Zebur 127:1; Koloseliler 3:23).

  • Biziň Hudaýa sežde edýän ýerlerimize näme üçin Patyşalyk zallary diýilýär?

  • Bize bütin dünýäde Patyşalyk zallaryny gurmaga näme kömek edýär?