Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

2-NJI BÖLÜM

Biz näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady göterýäris?

Biz näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady göterýäris?

Nuh

Ybraýym we Sara

Musa

Isa Mesih

Köp adamlar Ýehowanyň Şaýatlary täze bir diniň adydyr öýdýärler. Emma ýeke-täk hak Hudaýyň gullukçylaryna 2700 ýyl mundan öň hem Onuň «şaýatlary» diýilýärdi (Işaýa 43:10—12). Biz 1931-nji ýyla çenli «Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler» hökmünde tanalýardyk. Onda biz näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady aldyk?

Bu Hudaýymyzyň kimdigini aýdyň görkezýär. Gadymy golýazmalara görä, Allanyň ady Ýehowa. Mukaddes Ýazgylarda bu ada müňlerçe sapar duş gelse bolýar. Emma käbir terjimelerde bu adyň ýerine Reb ýa-da Hudaý diýen titullar ulanylypdyr. Ýöne Dawut patyşa hak Hudaýyň ady barada şeýle diýdi: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly! Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň» (Zebur 8:1). Şeýlelikde, biz Ýehowanyň özüni ýalan taňrylardan tapawutlandyrandygyny görýäris. Biz Hudaýyň mukaddes adyny buýsanç bilen göterýäris.

Bu biziň näme bilen meşgullanýandygymyzy görkezýär. Habyl we başga-da ençeme adamlar Ýehowa Hudaýa iman edýändiklerine güwä geçdiler. Müňlerçe ýylyň dowamynda Nuh, Ybraýym, Sara, Musa, Dawut ýaly Hudaýa wepaly erkekdir aýallar uly şaýatlar buludynyň toparyna degişli boldular (Ýewreýler 11:4—12:1). Kazyýetde şaýadyň bigünä adamy goraýşy ýaly, biz hem Hudaýymyz baradaky hakykata şaýatlyk etmäge tagalla edýäris.

Biz Isanyň göreldesine eýerýäris. Mukaddes Ýazgylarda Isa dogruçyl, çyn şaýat diýilýär (Ylham 3:14). Ol adamlara «Hudaýyň adyny bildirýärdi» we «hakykata güwälik» edýärdi (Ýahýa 17:26; 18:37). Şol sebäpli Mesihiň şägirtleri hem Ýehowanyň adyny göterip, ony başgalara gürrüň bermeli. Biz hem şeýle etmäge jan edýäris.

  • Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler näme üçin Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady aldylar?

  • Ýehowa barada haçandan bäri şaýatlyk edilýär?

  • Ýehowanyň beýik Şaýady kim?