Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8—14 ýanwar

EÝÝUP 34, 35

8—14 ýanwar

30-njy aýdym we doga | Giriş sözler (1 min.)

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR

1. Adalatsyzlyga duş geleniňizde ruhdan düşmäň

(10 min.)

Ýehowa Hudaý hiç haçan adalatsyzlyk etmeýär (Eýp 34:10; wp19.1 sah. 8, abz. 2)

Erbetlik edýänler jezasyz galýan ýaly bolup görünse-de, Ýehowa hemme zady görýär (Eýp 34:21—26; w17.04 sah. 10, abz. 5)

Adalatsyzlyga uçran adamlara kömek etmek üçin, olara Ýehowa barada gürrüň beriň (Eýp 35:9, 10; Mat 28:19, 20; w21.05 sah. 7, abz. 19, 20)

2. Dürdäne pikirler

(10 min.)

  • Eýp 35:7. Alyhuw Eýýuba Hudaý «seniň nämäňe zar?» diýende nämäni göz öňüne tutdy? (w17.04 sah. 29, abz. 3)

  • Şu hepde okalýan aýatlardan nähili dürdäne pikirleri tapdyňyz?

3. Mukaddes Kitaby okamak

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

4. Gürrüňdeşlige başlaň

(3 min.) ÖÝDEN-ÖÝE WAGYZ ETMEK. Mukaddes Kitap okuwyny teklip et (lmd sapak 10, abz. 3).

5. Gürrüňdeşlige başlaň

(4 min.) MÜMKINÇILIKDEN PEÝDALANYP WAGYZ ETMEK. Ýerli ýagdaýa görä, çagasy bar adama jw.org saýtyndan ene-atalara degişli maglumaty görkez (lmd sapak 1, abz. 4).

6. Şägirt taýýarlaň

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

58-nji aýdym

7. Siz mümkinçilikden peýdalanyp «Hudaýyň sözüni wagyz edýärsiňizmi»?

(15 min.) Söhbetdeşlik.

Pawlus Timoteosa «Hudaýyň sözüni wagyz etmegi... yhlasly öwretmegi» maslahat berdi (2Tm 4:2). Mukaddes Kitabyň asyl nusgasyndaky «yhlasly» diýen söz hemişe taýýar duran esgere ýa-da garawula degişli edip ulanylýardy. Bizem esger ýa-da garawul ýaly hemişe taýýar bolup, wagyz etmek mümkinçiligini elden bermeli däl.

Biz Ýehowany söýýäris we onuň edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolasymyz gelýär. Şonuň üçin hem adamlara onuň ajaýyp häsiýetleri hakda gürrüň berýäris.

Zebur 71:8-i oka. Soňra şu soraglary ber:

Siz adamlara Ýehowa hakda nämeleri gürrüň bermek isleýärsiňiz?

Biz adamlary gowy görýäris, şonuň üçin hem mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýäris.

«Ýüzlerçe adam hakykaty tapýar» atly wideony görkez. Soňra şu soraglary ber:

  •   Ýüzlerçe adam Hudaý barada hakykaty nädip bildi?

  •   Buthana gatnan adamlar hakykaty bilende özlerini nähili duýdular?

  • Adamlara bolan söýgi mümkinçilikden peýdalanyp wagyz etmäge nädip kömek edýär?

  • Her bir mümkinçilikden peýdalanyp adamlar bilen gürrüňdeş bolmak näme üçin wagzyň gowy usuly diýse bolar?

8. Mukaddes Kitaby öwreneliň

Jemleýji sözler (3 min.) | 138-nji aýdym we doga