Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Batyrgaý hem mert bol

Batyrgaý hem mert bol

Ýükläň:

  1. 1. Säher bilen

    Bilin guşap,

    Işine başlaýar.

    Gaýratly gelin

    Alla ýalbarýar:

    «Atam, kömek et» diýip.

    Bolup ýagşy niýetde,

    Kynçylyga geler hötde.

    Ýylgyrýar kyn günde

    Şu sözler onuň ýüreginde:

    GAÝTALAMA:

    «Seniň bilen men,

    Gorkma hiç zatdan.

    Ejizleme sen,

    Geçseň-de otdan».

    Batyrgaý hem mert bol,

    Ýehowa daýanjyň.

    Ýetişer kömege,

    Süpürer gözýaşyň.

    KÖPRI:

    Berk guşap bilini,

    Eklär öýüni,

    Bilmese-de öňüni.

    Ýakyn dost-ýary

    Bolar howandary,

    Çekmez ol ahy-zary.

  2. 2. Kynçylykda

    Ruhdan düşmän,

    Bürgüt deý alar bat.

    Ýan bermez hiç wagt,

    Ýadasa-da käwagt.

    Ysgyndan gaçanda halys,

    Güýç sorap eder doga.

    Gaýgyrmaz elinde baryn,

    Çeker agyr zähmet,

    Şu sözler onuň ýüreginde:

    GAÝTALAMA:

    «Seniň bilen men,

    Gorkma hiç zatdan.

    Ejizleme sen,

    Geçseň-de otdan».

    Batyrgaý hem mert bol.

    Ýehowa daýanjyň.

    Ýetişer kömege,

    Süpürer gözýaşyň.

    Ýetişer kömege,

    Süpürer gözýaşyň.