140-NJY AÝDYM
Ebedi ýaşaýyş
-
1. Arzuwym täze dünýä,
Göz öňümde dur, ine.
Gaýgy-hasrat, gözýaş ýok,
Parahatlyk diňe.
GAÝTALAMA:
Şatlan, täze zaman
Garaş, geler hökman.
Ýer ýüzi bolar Jennet,
Azajyk sabyr et.
-
2. Garrylar ýigit kimin
Bolar sagdyn hem juwan.
Hiç kim batmaz gam-gussa,
Hemmeler şadyýan.
GAÝTALAMA:
Şatlan, täze zaman
Garaş, geler hökman.
Ýer ýüzi bolar Jennet,
Azajyk sabyr et.
-
3. Jennetde ähli adam
Bagtly bolar elmydam.
Razy edip Allany,
Ýaşarlar agzybir.
GAÝTALAMA:
Şatlan, täze zaman
Garaş, geler hökman.
Ýer ýüzi bolar Jennet,
Azajyk sabyr et.
(Serediň: Eýp. 33:25; Zeb. 72:7; Ylh. 21:4)