Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

105-NJI AÝDYM

«Hudaý söýgüdir»

«Hudaý söýgüdir»

(1 Ýahýa 4:7, 8)

  1. 1. Hudaý söýgüdir, ol diýýär:

    «Ýöre dogry ýolumdan,

    Hudaýy hem ýakynyňy

    Söýüp şirin janyňdan».

    Ýaşaýyşda ýokdur şundan

    Wajyp, möhüm tabşyryk.

    Mesih ýaly söýüp çyndan,

    Edeliň köp ýagşylyk.

  2. 2. Hudaýy söýsek ýürekden,

    Kömek eder söýmäge.

    Eger ýykylaýsak birden,

    Taňry geler kömege.

    Söýgi päkdir, çydamlydyr,

    Göriplik edýän däldir.

    Söýýän adam öwünmeýär,

    Mähriban hem pespäldir.

  3. 3. Kine saklaman hiç kimden,

    Bagyşlalyň şol bada.

    Bil baglalyň çyn ýürekden,

    Hudaý berer bereket.

    Hudaýy hem doganlary

    Geliň, mydam söýeliň.

    Sylalyň birek-biregi,

    Jandan eziz göreliň.