MUKADDES KITAP DURMUŞYŇY ÜÝTGEDÝÄR
«Indi men dünýäni üýtgetjek bolmaýaryn»
-
DOGLAN ÝYLY: 1966
-
DOGLAN ÝERI: FINLÝANDIÝA
-
GEÇMIŞI: HAK-HUKUKLAR UGRUNDA GÖREŞEN
ÖŇKI DURMUŞYM
Men kiçiligimden tebigaty gowy görýärdim. Biz köplenç maşgalamyz bilen gür tokaýa gezelenç etmäge, owadan köllere dynç almaga gidýärdik. Olar Merkezi Finlýandiýanyň Ýuwaskula şäheriniň golaýynda ýerleşýärdi. Men haýwanlaram gowy görýärdim. Çaga wagtym öňümden çykan pişikleri, güjükleri gujaklasym gelýärdi. Ulalamda adamlaryň haýwanlary gynaýandygyny görüp, ýüregim ezilýärdi. Şonuň üçinem men haýwanlary goraýan gurama goşuldym. Ol ýerde-de haýwanlary gowy görýän adamlar bardy.
Biz haýwanlary gorajak bolup, elimizde baryny edýärdik. Şol hakda köp maglumatlary ýaýradýardyk, haýwanlaryň derisini satýan söwdagärlere we haýwanlarda her dürli barlaglary geçirip görýän alymlara garşy çykyş edýärdik, ýörişleri gurnaýardyk. Biz hatda haýwanlary goraýan täze guramany hem döretdik. Ýurduň içinde goh-galmagal turuzýandygymyz üçin, hökümet hem bize garşy çykýardy. Şonuň üçin hem meni birnäçe sapar tussag etdiler.
Men haýwanlardan başga-da bütin ýer ýüzünde köp kynçylyklaryň bolýandygyna gynanýardym. Wagtyň geçmegi bilen, men «Halkara Günä geçişlik» (Amnesty International) we «Halkara tebigaty goramak» (Greenpeace) ýaly guramalaryň agzasy boldum. Men şol guramalary goldamak üçin bar güýjümi hem wagtymy berýärdim. Garyp-gasarlaryň, aç-horlaryň we başga-da kynçylyk çekýän adamlaryň hak-hukuklaryny goraýardym.
Ahyrsoňy, men dünýäniň ýagdaýyny gowulandyryp bilmejekdigime göz ýetirdim. Şol guramalar kiçiräk kynçylyklary çözüp bilseler-de, ulurak kynçylyklary çözüp bilmeýärdiler. Gaýtam, ýagdaýy kynlaşdyrýardylar. Men özümi alaçsyz duýardym. Bütin dünýäni zalymlyk gurşap alsa-da, hiç kimiň perwaýyna däldi.
MUKADDES KITAP DURMUŞYMY ÜÝTGETDI
Elimden hiç zat gelmeýändigi üçin, men Hudaý barada pikirlenip başladym. Men öň Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçipdim. Men Şaýatlaryň mähirlidigini
we meniň bilen ýürekden gyzyklanýandygyny gowy görsem-de, üýtgäsim gelmeýärdi. Ýöne soň pikirim üýtgedi.Men Mukaddes Kitabymy bir ýerlerden tapyp, ony okap başladym. Ondaky sözler ýüregime giňlik berdi. Men Mukaddes Kitapda-da haýwanlaryň aladasynyň edilmelidigi barada ýazylandygyny bildim. Meselem, Nakyllar 12:10-da: «Hudaýhon adam malynyň aladasyny edýär» diýilýär. Şeýle-de men adamlaryň horluk çekýändigine Hudaýyň günäkär däldigini bildim. Adamlar Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asmaýandygy üçin köp kynçylyklar döreýär. Men Ýehowanyň adamlary söýýändigine we sabyrlydygyna haýran galdym (Zebur 103:8—14).
Men Ýehowanyň Şaýatlaryna «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitaby sargap, hat ýazdym. Şondan biraz wagt geçensoň, Ýehowanyň iki Şaýady gelip, Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip etdi. Men hem okuw geçip başladym. Soňra ýygnak duşuşyklaryna baryp başladym. Men Mukaddes Kitaby öwrendigimçe, şonça-da gowy adam bolasym gelýärdi.
Mukaddes Kitaby okap, köp erbet endiklerimi taşladym. Çilim çekmegi, spirtli içgileri köp içmegi goýdum. Üst-başyma seredip başladym, şeýle-de sögünmegimi goýdum. Döwlet işgärlerine-de hormat goýup başladym (Rimliler 13:1). Ahlaksyz ýaşamagymy hem bes etdim, sebäbi öň men edenimi-edip ýaşaýardym.
Maňa öňki gatnaşan guramalarymdan çykmak hasam kyn boldy. Olardan aýrylmak maňa birki günde başartmady. Men özümi şol guramalara dönüklik edýän ýaly duýýardym. Emma men dünýäniň ýagdaýyny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň gowulandyryp biljekdigine düşündim. Şonuň üçin bar güýjüm bilen Hudaýyň Patyşalygynyň işlerini goldap başladym, adamlara-da Patyşalyk hakda wagyz edýärdim (Matta 6:33).
HÄZIRKI DURMUŞYM
Men öň adamlary iki topara, ýagşy bilen ýamana bölýärdim. Erbet hasaplaýanlaryma garşy çykýardym. Ýöne Mukaddes Kitabyň kömegi bilen, adamlara bolan ýigrenjimi aýryp bildim. Indi men ähli adamlary söýmäge jan edýärin (Matta 5:44). Şonuň üçinem olara Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edýärin. Meniň häzirki edýän ýagşy işlerim adamlara şatlyk, parahatlyk, umyt berýär. Men çekýän zähmetimiň ýerine düşýändigine gaty begenýärin.
Men indi ähli zady Ýehowanyň eline tabşyryp, özümi rahat duýýaryn. Ýaradyjymyz Ýehowa adamlaryň, haýwanlaryň kösenmegine, ýer ýüzüniň ýok bolup gitmegine hiç haçan ýol bermez. Ol Patyşalygy arkaly adamlara we ýer ýüzüne ýetirilen zyýany aýrar (Işaýa 11:1—9). Men hakykaty diňe bir özüm bilmän, başgalara-da bilmäge kömek edip, köp şatlyk tapýaryn. Men indi dünýäni üýtgetjek bolmaýaryn.